Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Namaza kamat getirilenden soň, tä Meni görýänçäňiz oturan ýeriňizden turmaň”.
Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Namaza kamat getirilenden soň, tä Meni görýänçäňiz oturan ýeriňizden turmaň we rahatlygy elden bermäň”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) namaza kamat getirildi, hatarlar dogurlandy. Hat-da, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem öňe geçip namaz okamaly ýerinde durdy. Biz onuň tekbir ederine (“Allahu Akbär!” diýip namaza başlamagyna) garaşyp durkak, birden “Ýeriňizde duruň!” diýip, (öýüne tarap) çykyp gitdi. Biz gymyldaman, şol durşumyza duran ýerimizde durduk. Soňra Ol suwa düşüp, kellesinden suw damyp duran halynda biziň ýanymyza geldi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) namaza kamat aýdyldy, adamlar hatarlaryny dogurladylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem gelip, junub halynda (namaz okamak üçin) öňe geçdi. Soňra Ol “Ýeriňizde duruň” diýip, öýüne gidip suwa düşüp geldi. Gelen wagty kellesinden suw damyp durdy. Soňra olar bilen namaz okady”.
Jäbir ibn Abdullanyň (Allah ondan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, “Handak” söweşiniň bolan güni Omar ibn Hattab (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Wallahi, zordan namazymy okap ýetişdim, tas Gün batypdy” diýdi. Şol wagt eýýäm agzy bekli adamlaryň agyzlary açykdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wallahi, menem okamadym” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Buthan” jülgesine bardy. Men hem Onuň ýanyndadym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret aldy. Soňra Gün ýaşandan soň ilki ikindi namazyny, onuň yzyndan bolsa agşam namazyny okady.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek ýassy) namazyna kamat getirilenden soňra, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjidiň bir gyrasynda durup, bir adam bilen (birnäçe wagtlap) ýuwaş-ýuwaş gürleşip durdy. Hatda jemagatyň bir topary durup bilmän uklap galýançalar, namaza durmady”.
Humeýdden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Säbit ibn El-Bunäniden namaza kamat aýdylandan soň gürleşýän adam hakynda soradym. Ol şonda Enes ibn Mälikden rowaýat edip, şeýle gürrüň berdi: “(Bir gezek) namaza kamat getirilenden soň, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünden çykyp, Ony namaza kamat aýdylandan soň hem saklap galdy”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, Meniň içimden (kämahallar): “Bir üýşmek odun toplamaga buýruk bereýin, soňra azan aýtdyraýyn-da, kimdir birine ymam bolmaklygy tabşyraýyn. Özüm hem baryp, namaza gelmedik adamlaryň üstlerine baryp, olar içindekäler öýlerini otlaýyn” diýerdim. Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, eger kimdir biri bu ýerde etli bir süňk bölegini ýa-da iki sany gowy goýun toýnagyny tapyp biljekdigini bilse-di, onda ol, hökman, ýassy namazyna gelerdi”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Jemgatly okalan namaz ýeke okalan namazdan ýigrimi ýedi esse derejesi uludyr”.
Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşidipdir: “Jemgatly okalan namaz ýeke okalan namazdan ýigrimi bäş esse derejesi uludyr”.