Abdulla ibn Harisden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Abbas (daşaryk ýagyş ýagyp) palçyk bolan bir (Juma) gününde bize wagyz etdi. Azançy azan aýdyp, “Haýýa ‘alas-solät” sözüne ýetende, azança “As-Solätu fir-rihal” (Namaz öýde okaljakdyr)” diýmekligi emr etdi. Adamlar (geňirgenip) biri-birlerine seretdiler. Abdulla ibn Abbas olara: “Muny ondan has gowy adam etdi we elbetde, ol (Juma namazy) zerur we hökmany bir zatdyr” diýdi.
• “Bu emri menden has gowy adam, ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem emr etdi” diýmekdir ýa-da “Bu sözi bu azançydan has gowy azançy, ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň azançysy aýtdy” diýmekdir.
"Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize şeýle diýdi: “Bilal azany gije aýdar, (ýöne) siz tä Ibn Ummu Mektum azan aýdýança arkaýyn iýip-içiberiň!” .
(Ibn Omaryň( aýdyşyna görä: “Ibn Ummu Mektum bir kör adamdy. Oňa tä, “Daň atdy, daň atdy!” diýilýänçä, azan aýtmazdy”.
"
(Mu’minleriň enesi) Hafsa (Allah ondan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Azançy ertir namazynyň azanyny aýdyp bolandan soň, töwerek agaryp başlanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem parz namazyny okamazdan öňürti, ýeňilräk iki rekagat (sünnet) namazyny okardy”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hemişe ertir namazynyň azany bilen kamatynyň arasynda iki rekagat ýeňil (sünnet) namazyny okardy”.
حَدَّثَنَا أَبُو نُعَيْمٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا شَيْبَانُ، عَنْ يَحْيَى، عَنْ أَبِي سَلَمَةَ، عَنْ عَائِشَةَ، «كَانَ النَّبِيُّ صلّى الله عليه وسلم يُصَلِّي رَكْعَتَيْنِ خَفِيفَتَيْنِ بَيْنَ النِّدَاءِ وَالإِقَامَةِ مِنْ صَلاَةِ الصُّبْحِ «.
Abdulla Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bilal azany gije aýdar, (ýöne) siz tä Ibn Ummu Mektum azan aýdýança, arkaýyn iýip- içiberiň”.
"Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bilalyň aýdýan azany sebäpli, siziň hiç biriňiz iýip oturan seläliginden el çekmesin. Çünki, onuň gije azan aýtmaklygynyň sebäbi, gijelerine namaz okaýanlaryňyzyň şondan soňra dynç almak üçin ara maý salmagy, ukuda bolanlaryňyzyň hem oýanmagy üçindir. (Onuň azany) Ertir namazynyň wagtynyň bolandygyny habar bermek üçin däldir” diýip, barmaklary ilki ýokary galdyryp, soňam aşak indirdi. (Ibn Mes’ud Onuň nädip edendigini eli bilen görkezdi).
(Az-Zuhri): “Tä, şeýle bolýança, daň atmaz” diýip, süýem barmagyny orta barmagynyň üstünde goýup, sagdan çepe ýöredip görkezdi”.
"
Abdulla Ibn Omardan we Aişadan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bilal azany gije aýdar, (ýöne) siz tä Ibn Ummu Mektum azan aýdýança iýip-içiberiň”.
Abdulla ibn Mugaffal El-Muzaniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üç gezek gaýtalap: “Her iki azanyň (ýagny, azan bilen kamatyň) arasynda namaz bardyr” diýdi. Soňra yzyndan: “Okasy gelýän adam üçin” diýdi.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalaryndan bir topar adamlar azançy azan aýdan badyna, ýerlerinden turup, howlukmaçlyk bilen sütünlere tarap dogry durup, namaz okardylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjide girende olaryň agşam namazyndan öň iki rekagat namaz okap durandyklaryny görerdi. (Ýöne welin) azan bilen kamatyň arasynda-da ullakan bir zadam ýokdy ”.
Osman ibn Jebele we Ebu Dawud, Şu’badan rowaýat edip, şeýle diýipdirler: “Azan bilen kamatyň arasynda gaty az bir wagt bardy”.
"
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Azançy ertir namazynyň ilkinji azanyny aýdandan soň, ertir namazyndan öň, daň säheri aýdyň bolandan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem turup, ýeňilräk edip iki rekagat (sünnet) namazyny okardy. Soňra tä azançy gelip, namazyň kamatyny habar berýänçä, sag tarapyna gyşaryp ýatardy”.
"