Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir: “Ertir namazyndan soň, Gün tä ýokaryk galýança, hiç bir namaz ýokdur we ikindi namazyndan soň tä, Gün ýaşýança hem hiç bir namaz ýokdur”.
Habar berilmegine görä, bir gezek Mu’awiýe (Allah ondan razy bolsun) ikindi namazyndan soňra, okalýan iki rekagat namazy göz öňüne tutup şeýle diýipdir: “Siz şeýle bir namaz okaýarsyňyz, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen şonça wagtlap bile bolsak hem, Onuň şonuň ýaly namaz okaýanyny hiç görmedik. Tersine, Ol bu namazy okamagy gadagan edipdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki hili namazy gadagan etdi: Ertir namazyndan soň, tä Gün dogýança, ikindi namazyndan soň hem, tä Gün batýança”.
Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men namazy ýoldaşlarymyň okaýyşlary ýaly okaýaryn. Men hiç kime gije-gündiz, islän wagtynda namaz okamagy gadagan etmerin, ýöne welin Günüň dogýan we ýaşýan wagtyna gabatlap namaz okajak bolmaň”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol ikindi namazyndan soň okalýan iki rekagat namazy göz öňüne tutup şeýle diýipdir: “Allahyň Resulyny öz ýanyna alan Allahdan ant içýärin; Ol Allaha gowuşýança , hiç mahal bu iki rekagat namazy terk etmedi. Namaz okamaga güýji ýetmän, bu iki rekagaty okamak agyr düşýänçä-de, Allah Tagala gowuşmady. (Dik durup bilmeýän mahallary) namazlarynyň köpüsini oturyp okardy. Ol bu iki rekagat namazy okardy, ýöne ymmatyna agyr düşmeginden gorkusyna, ony mesjitde okamazdy. Ol ymmatyna ýeňil düşjek zatlary gowy görerdi”.
“• Janyny alan
• Tä ölýänçä diýdigidr.
• Ikindi namazyndan soňky iki rekagat namazy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mydama olary okar eken, ýöne beýleki musulmanlara olary okamak hökman däldir. 586, 588-nji hadyslara serediň.
”
Hişam (ibn ‘Urwa ibn Äz-Zubeýrden) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Kakam maňa Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) “Eý, ýegenim, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meniň ýanymdaka, ikindi namazyndan soň hiç haçan iki rekagat namazy terk etmedi” diýen sözüni habar berdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem gizlin ýa-da aç-açan (ýagny öýünde-de, öýünden daşarda-da) terk etmedik iki rekagat namazy bardy. Olar: Ertir namazyndan öňki iki rekagat namaz bilen ikindi namazyndan soňky iki rekagat namazdyr”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ikindi namazyndan soň meniň ýanyma gelen wagty, hökman, iki rekagat namaz okardy”.
Ebul-Melihden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz bulutly bir günde Bureýde bilen biledik. Bureýde şonda şeýle diýdi: “Ikindi namazyny irräk okaň, çünki Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ikindi namazyny terk eden adamyň amaly batyl (puç) bolar” diýdi.
"Abdulla ibn Ebu Katadanyň kakasy Ebu Katada (Alla ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Bir gije Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen ýolda barýarkak, käbir adamlar Oňa: “Ýa Resulullah, belki, gijäniň ahyrynda düşläp biziň bilen dynç alarsyň!” diýdiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olara: “Uklap, namazy geçirermikäňiz öýdüp gorkýaryn” diýdi. Bilal: “Men siz oýararyn” diýdi. Şeýdip hemmeler uklap galdy. Bilal hem arkasyny düýesine ýaplap, ukusyna döz gelip bilmän, uklap galdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oýanan wagty eýýäm Günüň bir gyrasy görünipdi. Ol: “Eý Bilal, hany seniň beren sözüň?!” diýdi. Bilal: “Meni şu güne çenli munuň ýaly agyr uky basan däldir” diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Elbetde, Allah siziň ruhlaryňyzy islän wagty alar we islän wagty hem gaýdyp berer. Bilal, tur-da, azan aýdyp, adamlary namaza çagyr” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret aldy. Gün ýokary galyp, gowy ýagtylan wagty ýerinden turup, namaz okady”.
"