"Al-Ahnaf ibn Kaýsdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“(Bir gün) men şu adama kömek etmek üçin ýola düşdim. Ýolda Ebu Bekre duşdum, ol menden “Nirä barýarsyň?” diýip sorady. Men:
–Bu adama kömek edesim gelýär, diýdim.
Ol maňa şeýle diýdi:
–Yzyňa gaýt, çünki men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Iki musulman (biri-birlerini öldürmek niýeti bilen) gylyçlaşsalar, öldürenem, ölenem dowzahdadyr” diýdi.
Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden “Eý, Allahyň Resuly! Öldüreniň ýagdaýy belli, emma öleniň günäsi näme?” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Sebäbi ol hem ýoldaşyny öldürmäge höweslidi” diýip jogap berdi”."
Abdulla (ibn Mes’ud (Allah ondan razy bolsun)) şeýle diýipdir: “Haçan-da “Iman edip‚ öz imanlaryna hiç hili zulum (şäriklik) gatyşdyrmadyklar” {Angam: 82} diýen aýaty inende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalry “Haýsy birimiz zulum edip görmedik?” diýdiler. Şonda Allah Azza we Jelle “Elbetde, şirk getirmek örän uly zulumdyr” {Lukman: 13} diýen aýatyny iberdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Munafygyň (daşy musulman, içi kapyryň alamaty) nyşanasy üçdür: Sözlese ýalan sözlär; wada berse, wepa kylmaz; özüne tabşyrylan amanata hyýanat eder”.
"Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kimde şu dört häsiýet bar bolsa, ol adam halys (hakyky) munafykdyr: 1.(Saklap ber diýilip) berlen amanata hyýanat eder. 2.Sözlese, ýalan sözlär. 3.Söz berse, sözünde durmaz. 4.Dawa edende, (şerigatyň) çäginden çykar.
Kimde şulardan biri bar bolsa, tä şol häsiýetini goýýança, onda munafyklygyň bir häsiýeti bar hasap ediler”."
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Gadyr gijesini, iman edip (ynanyp), sogabyny Allahdan umyt eden halynda (ybadat bilen) geçiren adamyň, öňki günäleri bagyşlanar”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah (Öz) ýolunda (jihäde) çykan adam barada oňa kepil bolup şeýle diýipdir: “Ony öýünden çykaran zat diňe Maňa bolan imanyndan, pygamberlerimi tassyk etmekden (ybarat) bolsa, Men ony ýa ejir-sogaplar ýa-da (jihätden) düşen oljalar bilen gaýdyp getirerin ýa-da ony Jennete salaryn”.
Eger-de Men ymmatyma kynçylyk döretdigim bolmasady, onda Allah ýolunda jihäde giden hiç bir goşunyň yzyndan galmazdym we hökman Allah ýolunda öldürilmegimi, soňra direlmegimi, soňra ýene öldürilmegimi, soňra ýene direlmegimi, soňra ýene-de öldürilmegimi arzuw ederdim”. "
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kim Remezan aýyny iman bilen (ynanyp), sogabyny Allahdan umyt eden halynda (gijelerini namaz okap, ybadat bilen geçirse), onuň öňki günäleri bagyşlanar”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kim Remezan aýynda iman edip, sogabyny Allahdan umyt eden halynda agyz beklese, geçen ähli günäleri bagyşlanar”.
". Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Elbetde, (Yslam) dini ýeňil bir dindir, (ýöne tagat-ybadatlarym birkemsiz bolsun diýip), özüne zor salýan her bir adamdan welin, bu din üstün çykjakdyr. Şonuň üçin ortaça boluň. (Amallaryňyzy kämil görnüşde ýerine ýetirip bilmeseňiz hem oňa) golaýrak bir ybadat etjek boluň. (Eden amallaryňyz sebäpli beriljek sogaba) begeniň. Günüň başyndan (irden) we soňundan (agşam) hem-de gijäniň bir böleginden (ybadat etmek üçin bu wagtlardan) peýdalanjak boluň”.
"
"Al-Bara ibn Azybdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ilki Medinä gelen wagtynda, ensarylardan bolan atalaryna (ýa-da daýylaryna) baryp düşledi. On alty ýa-da on ýedi aýlap Beýtul-Makdise (Aksa mesjidine) tarap seredip namaz okady, ýöne ol namaz okanda, Käbä tarap seredip, namaz okamagy arzuw ederdi. Adamlar bilen bile Käbä tarap seredip okan ilkinji namazy, Ikindi namazydy. Onuň bilen bile namaz okanlaryň biri namazdan çykandan soň (başga bir) mesjitde namaz okap duran adamlaryň, rukugda wagtlary olaryň ýanyndan geçdi we olara “Allahy şaýat tutup (ant içýärin), men ýaňy Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde Käbä tarap seredip namaz okadym” diýdi. (Muny eşidip), olar hem şol bada Käbä tarap öwrüldiler.
Ýehudylar we ähli kitaplar (hristiýanlar) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Beýtul-Makdise (Aksa) tarap seredip namaz okanyny gowy görerdiler. Haçan-da ýüzüni Käbä tarap öwrende, olar muny halamadylar.
Zuheýr şeýle diýdi: “Bize Ebu Ishak, Beradan habar berip aýdan şu hadysynda (ýene-de) şeýle diýdi: “Kybla – (Käbä tarap) üýtgedilmezinden ozal (ilkinji) kybla (Aksa mesjidine) tarap namaz okap ölen we öldürilen adamlar bardy. Olar hakda näme diýjegimizi bilmedik. Şol wagt Allah Tagala şu aýaty inderdi: “Allah siziň imanyňyzy puja çykarmaz” {Bakara:143}."