Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Eger erkek (aýalyň) dört agzasynyň arasynda otursa we onuň bilen jynsy gatnaşykda bolsa, onda oňa gusul almak wajyp (hökmany) bolar”.
"Zeýd ibn Halid Al-Juhaniniň habar bermegine görä, ol (bir gezek) Osman ibn ‘Affandan (Allah ondan razy bolsun): “Siziň pikiriňizçe, bir erkek aýaly bilen jyns gatnaşygynda bolsa, ýöne meni çykmasa näme etmeli?” diýip sorady. Osman oňa “Ol namaza täret alşy ýaly täret alar we zekerini ýuwar!” diýip jogap berdi. Soňra Osman “Men muny Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden eşidipdim” diýdi.
Zeýd şeýle diýdi: “Men bu hakda Aly ibn Ebu Talybdan, Az-Zubeýr ibn Al-‘Awwamdan, Talha ibn ‘Ubeýdulladan we Ubeýý ibn Ka’bdan (Allah olardan razy bolsun) soradym, olaryň hemmesi hem maňa şeýle etmekligi buýurdylar.
Ýahýa şeýle diýdi: “Ebu Seleme maňa ‘Urwa ibn Az-Zubeýriň Ebu Eýýubdan habar bermegine görä, ol muny Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden eşidendigini habar berdi”.
"
"Ubeýý ibn Ka’bdan habar berilmegine görä, ol (bir gezek): “Ýa Resulallah! Bir adam aýaly bilen jynsy gatnaşykda bolup, ýöne menisini çykarmasa, näme etmeli?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Aýalyndan onuň üstüne degen zady ýuwar, soňra täret alyp, namaz okar” diýdi.
Ebu Abdulla (Ymam Al-Buhary): “(Şeýle ýagdaýlarda) gusul etmek has ygtybarlysydyr we bu iň soňky buýrukdyr. Biz diňe olaryň (sahabalaryň bu meselede) yhtylaflaryny beýan edip agzap geçdik” diýdi.
"
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz diňe haç etmek niýeti bilen, (Medineden) ýola düşdük. Haçan-da, biz Sarif (diýlen) ýere baryp ýetenimizde, meniň aýbaşym gelip başlady. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem meniň ýanyma geldi we meniň aglap durşumy görüp: “Saňa näme boldy, aýbaşyň gelip başladymy?” diýip sorady. Men “Hawa” diýdim. Ol şonda “Elbetde, bu Allahyň Adam (atanyň) gyzlary üçin ýazyp goýan bir emridir. (Inni sen) Öýe (Käbä) towaf etmekden başga Haç edýänleriň ähli edýän zatlaryny senem et!” diýdi. Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem aýallary üçin bir sygry gurban berdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men aýbaşym gelýän wagty hem, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň saçyny darardym”.
Habar berilmegine görä, ‘Urwa (ibn Zubeýrden): “Aýbaşysy gelýän aýal maňa hyzmat edip bilermi ýa-da aýal junub (ini haram) halynda maňa ýakynlaşyp bilermi?” diýip soradylar. ‘Urwa “Meniň pikirimçe, bularyň hemmesi ýeňil (bir mesele). Bularyň hemmesi hem maňa hyzmat edip biler. Munuň hiç hili zyýany ýokdur, diýdi. Aişa maňa aýbaşysy gelen döwründe hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň başyny darandygyny habar berdi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem şol wagt mesjitdedi. Aişa bolsa aýbaşysy gelen döwründe, öz otagynda bolup, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa kellesini uzadardy, ol bolsa Onuň saçyny darap bererdi”.
Mansur ibn Safiýýäniň ejesiniň habar bermegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) oňa şeýle diýipdir: “Meniň aýbaşym gelen wagtlary hem, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem başyny meniň gujagymda goýup, soňra Kuran okardy”.
Ummu Selemeden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen üstümizi bir galyň mata bilen örtüp ýatyrkam, birden meniň aýbaşym gelip başlady. Men ýuwaşlyk bilen turup gitdim-de, aýbaşym gelende geýýän eşigimi geýip geldim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa “Nifasyň, (ýagny haýzyň ) geldimi?” diýdi. Men “Hawa” diýdim. Soň Ol meni ýanyna çagyrdy. Men (ýene-de) Onuň bilen bile galyň bir matanyň aşagynda bürenip ýatdym”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bir gapdan (suw alyp), gusul ederdim. Bizň ikimizem (şol wagt) junubdyk .
(Bu hadysyň başga bir görnüşinde Aişa Allah ondan razy bolsun şeýle diýipdir): “Aýbaşym gelýän döwri, maňa izar geýmekligi emr ederdi. (Menem ony geýerdim) we teni tenime degerdi”.