Ibni Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Meýmuna (enemiz) (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir gezek men) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem jenabatdan soň suwa düşüp otyrka, Onuň öňüni örtdüm. Ol (ilki bilen) iki elini ýuwdy. Soňra sag eli bilen çep eline suw akydyp, uýat ýerlerini we oňa degen zatlary (hapalary) ýuwdy. Soň bolsa elini ýere ýa-da haýata sürtdi. Soňra namaza täret alşy ýaly täret aldy. Diňe aýaklaryny ýuwmady. Soň bedenine (suw) akytdy. Soň bolsa (duran ýerinden) başga ýere geçip, aýaklaryny ýuwdy”.
Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Ebu Talhanyň aýaly Ummu Suleým Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Elbetde, Allah hak zady (aýtmakdan) utanmaýar. Aýal maşgala ihtylam bolanda gusul almalymy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Hawa, eger çygly suw görse” diýdi.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün ol junub halynda Medinäniň köçeleriniň birinde Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme duşdy. (Ebu Hureýre) Ondan gizlendi we gidip, gusul edip geldi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) ondan “Eý, Ebu Hureýre, nirede bolduň?” diýip sorady. (Ebu Hureýre) “Men junubdym we ini haram bolup Siziň bilen oturmaklygy islemedim” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) oňa “Subhanallah! Musulman adam hiç haçan nejis (hapa) bolmaz!” diýdi”.
Katadadan habar berilmegine görä, Enes ibn Mälik olara şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gijede aýallaryna aýlanyp çykardy we şol wagt onuň dokuz aýaly bardy”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa junub halymda duşdy. Ol meniň elimden tutdy we men tä, Ol bir ýerde oturýança Onuň bilen bile gezdim. (Ol oturandan soň), ýuwaşlyk bilen öýe gidip, suwa düşüp geldim. Ol henizem oturan eken. Ol menden “Nirede bolduň, eý Eba Hirr?” diýip sorady. Men oňa (nirä gidip gelenimi) aýdyp berdim. Ol şonda “Subhanallah! Eý, Eba Hirr! Mu’min adam hiç haçan nejis (hapa) bolmaz!” diýdi.
Ebu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Aişadan “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem junub bolan halynda ýatardymy?” diýip soradym. Ol “Hawa, täret alyp (ýatardy)” diýdi.
Ibn Omardan rowaýat edilmegine görä, Omar ibn El-Hattab (Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Biziň birimiz junub halynda ýatyp bilermi?” diýip sorady. Ol “Hawa, eger täret alsa, junub halynda-da ýatyp biler” diýdi.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem junup halynda ýatjak bolan wagty, uýat ýerlerini ýuwardy we namaza täret alşy ýaly täret alyp (ýatardy)”.
Abdulla (Ibn Omardan) rowaýat edilmegine görä, (bir gezek) Omar ibn El-Hattab (Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Biziň birimiz junub halynda ýatyp bilermi?” diýip sorady. Ol “Hawa, eger täret alsa” diýip jogap berdi.
Abdulla Ibn Omardan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “(Bir gezek) Omar ibn El-Hattab (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gije ini haram bolandygyny aýdyp berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Zekeriňi ýuw-da täret al, soňra ýat!” diýdi.