‘Ubadata ibnus-Samitden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize Gadyr gijesini habar bermek üçin (öýünden) çykdy. Şol wagt iki sany musulman adam dawa edip durdy. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olara şeýle diýdi: “Men size Gadyr gijesiniň (haýsy gijedigini) habar bermek üçin çykdym, ýöne pylany bilen pylany dawa etdiler we (şol sebäpli hem meniň ýadymdan) çykdy. Belki, bu siziň üçin haýrynadyr. Indi, siz ony (soňky on gijäniň) ýedisinde, dokuzynda we bäşinde gözläň!”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezan aýynyň soňky on güni gelip ýetende, izaryny pugta daňardy (ýagny aýallaryndan uzak durardy), gijelerini ybadat bilen geçirerdi we maşgala agzalaryny hem (ybadat etmek üçin) oýarardy”.