Humeýd ibn Abdurrahmandan rowaýat edilmegine görä, ol Mu‘awiýe ibn Ebu Sufýanyň haj eden ýyly, Aşura güni münberiň üstünden şeýleräk hutba okanyny eşidipdir: “Eý, Medinäniň ýaşaýjylary! Hany, siziň alymlaryňyz nirede? Men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň: “Bu gün Aşura güni, Allah size Aşura güni agyz beklemegi parz etmedi. (Ýöne welin) meniň agzym bekli. Islän agyz beklesin, islän açsyn!” diýenini eşidipdim” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Medinä gelen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Aşura güni ýewreýleriň agyz bekleýändiklerini görüp, olardan: “Bu näme?” diýip sorady. Olar: “Bu gün gowy bir gün, Allah Ysraýyl ogullaryny duşmandan halas eden güni we şonuň üçin hem Musa bu gün agyz bekläp başlady” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Meniň Musa sizden has köp hukugym bardyr!” diýdi. Şondan soň hem şol günde agyz bekledi we sahabalara-da agyz beklemegi emr etdi”.
Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ýehudylar Aşura gününi baýram hasapladylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (musulmanlara): “Sizem bu gün agyz bekläň!” diýdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agyz beklemek üçin, şu Aşura gününden we şu aýdan, ýagny Remezan aýyndan başga günleri ileri tutdygyny hiç görmedim”.
Selemete ibn Akwa‘dan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aslam taýpasyndan bir adama halk arasynda şuny yglan etmegi buýurdy: “Kim şu gün iýen bolsa, galan gününi agyz bekläp geçirsin we kim iýmedik bolsa oraza tutsyn! Çünki, bu gün Aşura günüdir”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Remezan hakynda şeýle diýenini eşitdim: “Kim oňa iman edip (ynanyp), sogabyny Allahdan umyt eden halynda ybadat bilen geçirse, onuň öňki günäleri bagyşlanar”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kim Remezan aýynda iman bilen (ynanyp), sogabyny Allahdan umyt eden halynda (gijelerine namaz okap, ybadat bilen geçirse), onuň öňki günäleri bagyşlanar”.
Ibn Şihäb şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem dünýäden ötenden soňam bu iş (ýagny, tarawih namazyny jemagatsyz okamak) şeýleligine galdy. Ebu Bekriň halyf bolan döwründe-de şonuň ýaly bolup geçdi, Omaryň (Allah ondan razy bolsun) halyf bolan döwrüniň başynda-da şonuň ýalydy”."
"Abdurrahman ibn Abdulkariýden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün men Remezan aýynyň bir gijesinde Omar ibn Hattab bilen (Allah ondan razy bolsun) mesjide bardym. Şol wagt biz mesjidiň içinde adamlaryň aýry-aýry jemagat bolup namaz okap durandyklaryny gördük. Käbirleri namazy özbaşdak okap durdy, käbirleri bolsa namaz okaýardy we onuň yzynda bolsa, bir topar adamlar oňa uýup namaz okap durdylar.
Muny gören Omar: “Meniň pikirimçe, bu adamlary bir sany okyjy ymamyň yzynda jemlesem has gowy bolardy” diýdi. Soňra ol bir netijä gelip, (tarawih namazyny okamak üçin) adamlary Ubeý ibn K‘abyň yzynda jemledi.
Soňra başga bir gije men onuň bilen mesjide gitdim, adamlar öz okyjy ymamlarynyň yzynda durup namaz okap durdylar. Omar (muny görüp): “Bu nähili ajaýyp bir adat boldy. Ýöne welin, (namaz okaman) ýatyp soňra turup okanlar, häzirki namaz okap duranlardan has gowudyr” diýip, gijäniň ahyrky wagtyny göz öňüne tutdy. Adamlar bolsa (tarawih namazyny) gijäniň başynda okaýardylar."
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem namaz okady we bu Remezanda bolup geçipdi, diýdi.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gijäniň ýarymynda öýden çykyp, mesjitde namaz okady. Käbir adamlar Oňa uýup namaz okadylar. Olar irden daň atandan soň bu hakda beýlekilere-de habar berdiler. Şol gije adamlar has hem köpeldi, ol namaz okady adamlaram oňa uýup namaz okadylar. Irden daň atandan soň ýene-de bu hakda beýlekilere-de habar berip başladylar. Üçünji gije mesjidiň adamlary has hem köpeldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de çykyp namaz okady, adamlar hem Oňa uýup namaz okadylar. Dördünji gije bolanda adamlar köpelip mesjide sygman başlady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol gije öýünden çykmady). Ol irden ertir namazyny okamaga çykdy. Ertir namazyny okap bolandan soň adamlara tarap öwrülip, Kelimeý-şehadaty getirenden soň, “Emma ba‘du!” diýip, şeýle diýdi: “Men düýn agşam siziň şu ýerde jemleneniňizi bilýärdim, ýöne size gije namazynyň parz edilmeginden, siziň hem ony ýerine ýetirip bilmejegiňizden gorkup çykmadym!” diýdi.
Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem dünýäden ötenden soňam bu iş (ýagny, tarawih namazyny jemagatsyz okamak) şeýleligine galdy. "