11

5-nji bap

11

5-nji bap

Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulallah! Yslamyň (amallarynyň içinde) iň gowusy haýsy?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Dilinden we elinden beýleki musulmanlara zyýan bermeýän adamyň Yslamydyr!” diýip jogap berdi.”

حَدَّثَنَا سَعِيدُ بْنُ يَحْيَى بْنِ سَعِيدٍ القُرَشِيُّ قَالَ: حَدَّثَنَا أَبِي، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو بُرْدَةَ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ أَبِي بُرْدَةَ، عَنْ أَبِي بُرْدَةَ، عَنْ أَبِي مُوسَى رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: قَالُوا يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَيُّ الإِسْلاَمِ أَفْضَلُ؟ قَالَ: «مَنْ سَلِمَ المُسْلِمُونَ مِنْ لِسَانِهِ وَيَدِهِ «.

12

6-nji bap

12

6-nji bap

Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “(Ýa Resulallah)! Yslamyň (amallarynyň içinde) iň gowusy haýsy?” diýip sorady. Ol: “(Adamlara) tagam bermek hem-de tanaýan we tanamaýan adamlaryňa salam bermek” diýip jogap berdi”.

حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ خَالِدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا اللَّيْثُ، عَنْ يَزِيدَ، عَنْ أَبِي الخَيْرِ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عَمْرٍو رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، أَنَّ رَجُلًا سَأَلَ النَّبِيَّ ﷺ: أَيُّ الإِسْلاَمِ خَيْرٌ؟ قَالَ: «تُطْعِمُ الطَّعَامَ وَتَقْرَأُ السَّلاَمَ عَلَى مَنْ عَرَفْتَ وَمَنْ لَمْ تَعْرِفْ «

13

7-nji bap

13

7-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Özüniň ýagşy görýän zadyny, (ýagny özüne gowy görýän, halaýan zadyny) beýleki bir musulman doganyna-da rowa görýänçä, siziň hiç biriňiz musulman bolup bilmersiňiz”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، عَنْ شُعْبَةَ، عَنْ قَتَادَةَ، عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ وَعَنْ حُسَيْنٍ المُعَلِّمِ، قَالَ: حَدَّثَنَا قَتَادَةُ، عَنْ أَنَسٍ عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «لاَ يُؤْمِنُ أَحَدُكُمْ حَتَّى يُحِبَّ لِأَخِيهِ مَا يُحِبُّ لِنَفْسِهِ «

14

8-nji bap

14

8-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, tä, meni kakasyndan we çagalaryndan has gowy görýänçä, siziň hiç biriňiz mu’min bolup bilmersiňiz”.

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو الزِّنَادِ، عَنِ الأَعْرَجِ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: «فَوَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ، لاَ يُؤْمِنُ أَحَدُكُمْ حَتَّى أَكُونَ أَحَبَّ إِلَيْهِ مِنْ وَالِدِهِ وَوَلَدِهِ «

15

8-nji bap

15

8-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Meni tä, kakasyndan we çagalaryndan hem-de ähli adamlardan has köp gowy görýänçäňiz, siziň hiç biriňiz mu’min bolup bilmersiňiz”.

حَدَّثَنَا يَعْقُوبُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، قَالَ: حَدَّثَنَا ابْنُ عُلَيَّةَ، عَنْ عَبْدِ العَزِيزِ بْنِ صُهَيْبٍ، عَنْ أَنَسٍ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ، ح وحَدَّثَنَا آدَمُ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنْ قَتَادَةَ، عَنْ أَنَسٍ، قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ ﷺ «لاَ يُؤْمِنُ أَحَدُكُمْ، حَتَّى أَكُونَ أَحَبَّ إِلَيْهِ مِنْ وَالِدِهِ وَوَلَدِهِ وَالنَّاسِ أَجْمَعِينَ «

16

9-nji bap

16

9-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kimde şu üç häsiýet bar bolsa, ol adam imanyň lezzetini duýup biler: Allahy we Onuň Resulyny ähli zatdan artyk söýýän bolsa. Bir kişini gowy görende, ony diňe Allah üçin gowy görüp bilýän bolsa. (Ýene biri) kapyrlyga dolanyp barmaklygy oda atylmak ýaly ýaman görýän bolsa”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ المُثَنَّى، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَهَّابِ الثَّقَفِيُّ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَيُّوبُ، عَنْ أَبِي قِلاَبَةَ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «ثَلاَثٌ مَنْ كُنَّ فِيهِ وَجَدَ حَلاَوَةَ الإِيمَانِ: أَنْ يَكُونَ اللَّهُ وَرَسُولُهُ أَحَبَّ إِلَيْهِ مِمَّا سِوَاهُمَا، وَأَنْ يُحِبَّ المَرْءَ لاَ يُحِبُّهُ إِلَّا لِلَّهِ، وَأَنْ يَكْرَهَ أَنْ يَعُودَ فِي الكُفْرِ كَمَا يَكْرَهُ أَنْ يُقْذَفَ فِي النَّارِ

17

10-nji bap

17

10-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ensarylary söýmek imanlylygyň alamatyndan bolup, ensarylary ýigrenmek bolsa munafyklygyň alamatyndandyr”.

حَدَّثَنَا أَبُو الوَلِيدِ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عَبْدُ اللَّهِ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ جَبْرٍ، قَالَ: سَمِعْتُ أَنَسًا عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «آيَةُ الإِيمَانِ حُبُّ الأَنْصَارِ، وَآيَةُ النِّفَاقِ بُغْضُ الأَنْصَارِ «.

18

11-nji bap

18

11-nji bap

Az-Zuhri şeýle diýipdir: “Maňa Ebu Idris ‘Aizullah ibn Abdullanyň habar bermegine görä, Bedr söweşine gatnaşan hem-de “Akaba ” gijesiniň ýaşulularynyň biri bolan ‘Ubadata ibn As-Somit (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem töweregindäki bir topar sahabalara “Allaha hiç bir zady şärik etmejekligiňize, ogurlyk etmejekligiňize, zyna etmejekligiňize, çagalaryňyzy öldürmejekligiňize, özüňizden (toslanyp) tapylan bir ýalany aýdyp, (hiç kime) töhmet atmajaklygyňyza hem-de (şerigat taýdan) tassyk edilen bir zady (etmeklik buýrulanda), boýun bolmakdan ýüz öwürmejekligiňize, Maňa beýgat, (ýagny kasam içip äht) ediň!” diýdi. “Içiňizde ähdine wepaly bolanlary Allah sylaglar. Kim bu (günälerden) haýsam bolsa birini edip, (şol sebäpli hem ony) şu dünýäde jezalandyrylsa, bu onuň üçin keffaratdyr . Kimdir biri bu (günälerden) birini etse we Allah ol (günäni) örtse, onuň hakynda karary Allahyň Özi berer: Islese, ony bagyşlar, islese-de jezalandyrar”. (Biz bolsa bular hakda söz berip äht etdik)”.

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي أَبُو إِدْرِيسَ عَائِذُ اللَّهِ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، أَنَّ عُبَادَةَ بْنَ الصَّامِتِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ وَكَانَ شَهِدَ بَدْرًا وَهُوَ أَحَدُ النُّقَبَاءِ لَيْلَةَ العَقَبَةِ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ، وَحَوْلَهُ عِصَابَةٌ مِنْ أَصْحَابِهِ: «بَايِعُونِي عَلَى أَنْ لاَ تُشْرِكُوا بِاللَّهِ شَيْئًا، وَلاَ تَسْرِقُوا، وَلاَ تَزْنُوا، وَلاَ تَقْتُلُوا أَوْلاَدَكُمْ ، وَلاَ تَأْتُوا بِبُهْتَانٍ تَفْتَرُونَهُ بَيْنَ أَيْدِيكُمْ وَأَرْجُلِكُمْ، وَلاَ تَعْصُوا فِي مَعْرُوفٍ، فَمَنْ وَفَى مِنْكُمْ فَأَجْرُهُ عَلَى اللَّهِ، وَمَنْ أَصَابَ مِنْ ذَلِكَ شَيْئًا فَعُوقِبَ فِي الدُّنْيَا فَهُوَ كَفَّارَةٌ لَهُ، وَمَنْ أَصَابَ مِنْ ذَلِكَ شَيْئًا ثُمَّ سَتَرَهُ اللَّهُ فَهُوَ إِلَى اللَّهِ، إِنْ شَاءَ عَفَا عَنْهُ وَإِنْ شَاءَ عَاقَبَهُ» فَبَايَعْنَاهُ عَلَى ذَلِكَ.

19

12-nji bap

19

12-nji bap

Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ýakyn wagtlarda şeýle bir döwür geler. Şonda musulmanyň iň haýyrly maly, dinini pitnelerden goramak üçin gaçyp, dag gerişlerinde we ýagyş suwlarynyň üýşen ýerlerinde otladyp, bakjak goýunlary bolar”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ مَسْلَمَةَ، عَنْ مَالِكٍ، عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ أَبِي صَعْصَعَةَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ أَبِي سَعِيدٍ الخُدْرِيِّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، أَنَّهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ: «يُوشِكُ أَنْ يَكُونَ خَيْرَ مَالِ المُسْلِمِ غَنَمٌ يَتْبَعُ بِهَا شَعَفَ الجِبَالِ وَمَوَاقِعَ القَطْرِ، يَفِرُّ بِدِينِهِ مِنَ الفِتَنِ «.

20

13-nji bap

20

13-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalaryna bir zat etmegi buýran wagty, hemişe olaryň güýçleriniň ýetäýjek zadyny emr ederdi”. (Bir gezek) olar “Ýa Resulallah! Biz seniň ýaly däl ahyryn. Allah Seniň öňki we soňky ähli günäleriňi bagyşlady!” diýdiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bu sözleri eşidip) erbet gahary geldi. Hatda, Onuň gahary ýüzünden belli boldy. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Siziň içiňizde iň takwaňyz we Allahy iň köp tanaýanyňyz Mendirin!” diýdi.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ سَلاَمٍ، قَالَ: أَخْبَرَنَا عَبْدَةُ، عَنْ هِشَامٍ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ، قَالَتْ: كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ إِذَا أَمَرَهُمْ، أَمَرَهُمْ مِنَ الأَعْمَالِ بِمَا يُطِيقُونَ، قَالُوا: إِنَّا لَسْنَا كَهَيْئَتِكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ، إِنَّ اللَّهَ قَدْ غَفَرَ لَكَ مَا تَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِكَ وَمَا تَأَخَّرَ، فَيَغْضَبُ حَتَّى يُعْرَفَ الغَضَبُ فِي وَجْهِهِ، ثُمَّ يَقُولُ: «إِنَّ أَتْقَاكُمْ وَأَعْلَمَكُمْ بِاللَّهِ أَنَا «.