Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Iki oraza bilen iki hili söwda gadagan edilendir: Remezan we Gurban baýram günleri oraza tutmak hem-de eliňi degirmek we zyňmak arkaly edilýän söwda”.
•Bulara “Limäs we nibäz” diýilýär. Bular Yslamdan öňki jähilyýet döwründe edilýän söwdalaryň bir görnüşi bolup, bir zady ellemek ýa-da öňüne zyňmak bilen söwda amala aşýan eken. Yslamda bular gadagan edildi.
Ziýad ibn Jubeýr şeýle diýipdir: “Bir adam Ibn Omaryň (Allah olardan razy bolsun) ýanyna gelip: “Bir adam bir gün agyz beklemegi nezr etdi”, (hadysy rowaýat eden adam): “Meniň pikirimçe ol: “Duşenbe güni” diýdi. Emma şol gün bir baýram gününe gabat geldi” diýdi. Ibn Omar şonda: “Allah nezrleri ýerine ýetirmegi buýurdy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa, şol (baýram güni) agyz beklemegi gadagan etdi” diýip jogap berdi.
"Habar berilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen on iki sany söweşe gatnaşan, Ebu Sa’yd El-Hudry (Allah ondan razy bolsun): “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden dört zat eşitdim we men şolary haladym” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Hiç bir aýal maşgala, adamsy ýa-da (nika düşmeýän) ýakyn garyndaşy ýanynda bolmasa, iki günlik ýola sapara çykmasyn! Şu iki günde, ýagny Remezan baýramy bilen Gurban baýramynda agyz beklemek bolýan däldir. Ertir namazyndan soň, tä gün dogýança we ikindi namazyndan soň tä, gün ýaşýança, namaz okamak bolýan däldir hem-de (ybadat etmek, namaz okamak üçin) üç mesjitden başga hiç bir ýere sapara gidilmez: Mesjidul-Haram, Aksa mesjidi we meniň şu mesjidim ”."
Hişämden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Kakam maňa Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) Minada wagty, taşryk günlerinde agyz bekländigini şeýle hem onuň kakasy (Ebu Bekriň) hem (şol günlerde) agyz bekländigini habar berdi”.
Aişadan we Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, olar şeýle diýipdir: “Gurbanlyk etmek üçin mal tapyp bilmeýänlerden başga hiç kime taşryk günlerinde agyz beklemäge rugsat berilmedi”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Tamattug hajyny edýän adam (gurbanlyk etmäge mal tapyp bilmese) Arafa gününe çenli agyz bekläp biler. Egerde, bir adam gurbanlyk mal alyp bilmese we (Arafa gününe çenli) agyz beklemedik bolsa, onda ol Minada galan günleri agyz beklemelidir”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Aşura güni agyz beklemek isleýän adam beklesin” diýipdir.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, olar şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ilki başda) Aşura güni agyz beklemegi emr edipdi. Haçanda, Remezan aýy agyz beklemek parz edilende, Aşura orazasyny islän bekledi, islän beklemedi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Yslamdan öňki) jahiliýýe döwründe Kureýişliler Aşura güni agyz beklärdiler. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem şol gün agyz beklärdi. Medinä gelende-de Aşura güni agyz bekledi we (sahabalara-da) agyz beklemegi emr etdi. Remezan orazasy parz edilende bolsa, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Aşura güni agyz beklemegi terk etdi. Islän adam bekledi, islän beklemedi”.