Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Oraza kazasy bolup ölen adamyň adyndan, onuň welisi ýagny, ýakyn hossarlary agyz bekläp biler”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Ejem ölende onuň boýnunda bir aý oraza tutmaly kazasy bardy. Indi, onuň ýerine men oraza tutsam bolarmyka?” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem): “Hawa, bolar” diýdi. “Çünki, Allaha bermeli bergiň (beýleki bergileri bermekden) has möhümdir” diýdi.
Omar ibn Hattabdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Egerde, gije bu tarapdan (gündogardan) gelse, gündiz hem bu tarapa (günbatara tarap) gidip, Gün hem batsa, agzy bekli adamyň agzy açyldygydyr”.
"Abdulla ibn Ebu Ewfadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen sapardadyk we onuň agzy beklidi. Haçanda, gün ýaşanda bir adama: “Pylany, tur-da, bize sewik garyşdyryp ber!” diýdi. Ol adam: “Ýa Resulallah, biraz garaňky düşýänçä garaşjak dälmi?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Düş-de, bize nahary garyp ber!” diýdi. Ol adam ýene-de: “Ýa Resulallah, biraz garaňky düşýänçä garaşjak dälmi?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Düş-de, bize nahary garyp ber!” diýdi. Ol adam: “Ýöne, sizde heniz gündiz ahyryn!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Düş-de, bize nahary garyp ber!” diýdi.
Ol adam ýere düşüp, çorbany garyp berdi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çorbadan içenden soň şeýle diýdi: “Bu tarapdan gijäniň gelýänini gören badyňyza, agzy bekli adamyň agzy açyldygydyr”. "
” •Bu waka Remezan aýynda bolupdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agzy beklidi.
• Çorbanyň bir görnüşi. Suw bilen garyp ber diýdi.
• Ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agzy beklidi we gün ýaşypdy, ýöne heniz günüň ýagtylygy bardy. Ol adam biraz garaňky düşmegine garaşjak bolupdy.
• Bilal radyýallahu ‘anhu.”
"Abdulla ibn Ebu Ewfadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen ýoldadyk we onuň agzy beklidi. Gün ýaşanda (bir adama): “Düş-de, bize nahary garyp ber!” diýdi. Ol adam: “Ýa Resulallah, ýöne, sizde henizem gündiz ahyryn!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Düş-de, bize nahary garyp ber!” diýdi.
Ol adam ýere düşüp, çorbany garyp berdi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (çorbadan içenden soňra) barmagy bilen gündogar tarapa yşarat edip: “Şol tarapdan gijäniň gelýänini gördüňizmi, agzy bekli adamyň agzy açyldy diýdigidir” diýdi."
Sähl ibn Sa’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ynsanlar agyzlaryny näçe howlugyp açdyklaryça, haýyrda bolarlar”.
Ibn Ebu Ewfadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen saparda boldum. Ol agzyny bekledi. Haçanda, agşam bolanda bir adama: “Düş-de, maňa nahary garyp ber!” diýdi. Ol adam: “Agşama çenli biraz garaşaýsadyňyz!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Düş-de, maňa nahary garyp ber! Egerde, bu tarapdan gijäniň gelýänini gördüňmi, agzy bekli adamyň agzy açyldy diýildigidir” diýdi.
"Ebu Bekriň gyzy Esmadan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe bulutly bir gün agzymyzy açdyk, soň bolsa gün çykdy”.
(Bu hadysy rowaýat eden) Hişamdan: “Olara şol günüň kazasyny tutmaga emr edildimi?” diýip soralanda, “Kazasyny tutmak hökmandyr” diýdi. Ma‘mar şeýle diýdi: “Men Hişamdan: “Olar şol günüň kazasyny aldylarmy ýa-da almadylar (anyk bilmeýärin” diýenini eşitdim” diýdi."
"Rubaýýy‘ bint Mu‘awwizdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aşura güni ir bilen (Medinäniň golaýyndaky) Ensarylaryň obalaryna: “Kim şu gün irden nahar iýen bolsa, indi galan gününiň dowamynda hiç zat iýmesin (agyz beklesin) we kim agzyny bekläp turan bolsa, onda ol orazasyny dowam etsin” diýip, habar ugratdy.
(Rubaýýy‘) şeýle diýdi: “Biz şondan soň Aşura güni agyz beklärdik we çagalarymyza-da agyz beklederdik. Olara ýüňden oýnawaçlar ýasap bererdik. Egerde olardan haýsy biri nahar diýip aglap başlasa, agyz açara çenli, oňa şol oýunjaklardan bererdik”."
Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Agzyňyzy açman yzly-yzyna birnäçe günläp agyz beklemä!” diýdi. Sahabalar oňa: “Emma siz agzyňyzy açman agyz bekleýärsiňiz-ä!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men siziň ýaly däldirin, çünki, men iýdirilip, içirilýändirin ýa-da men gijelerine iýdirilip-içirilen halymda ýatýandyryn” diýdi.