Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kimdir biri unudyp (agzy bekli halynda) iýse ýa-da içse, orazasyny ahyryna çenli dowam etsin. Çünki, ony iýdiren we içiren Allahdyr”.
"Humrandan habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Osman ibn ‘Affanyň (Allah ondan razy bolsun) täret alyşyny gördüm; Ol (ilki bilen) üç gezek ellerine suw akdyrdy. Soňra agzyny çaýkady we burnuna suw alyp sümgürip arassalady. Soňra ýüzüni üç gezek ýuwdy, soňra üç gezek sag elini tirseklerine çenli ýuwdy, soňra üç gezek çep elini tirseklerine çenli ýuwdy. Soňra-da kellesine mesh etdi. Soňra sag aýagyny üç gezek, çep aýagyny hem üç gezek ýuwdy.
Soňra (Osman ibn ‘Affan): “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň meniň şu täret alyşym ýaly täret alyşyny gördüm” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de şeýle diýdi: “Kimde-kim meniň şu täret alyşym ýaly täret alsa, soňra içini gürletmän (ýagny namazdan başga hiç bir zadyň pikirini etmän) iki rekagat namaz okasa, Allah onuň geçen günälerini bagyşlar.”"
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, ýanandygyny (ýagny heläk bolandygyny) aýtdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Saňa näme boldy?” diýip sorady. Ol adam: “Remezanda aýalyma ýanaşdym” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme bir sebet hurma getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hany, şol ýanan adam nirede?” diýip sorady. Ol: “Men bäride” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Muny (alda) sadaka paýla!” diýdi”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda otyrkak bir adam onuň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah, men heläk boldum!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Saňa näme boldy?” diýip sorady. Ol adam: “Agzym bekli wagty aýalyma ýanaşdym” diýdi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: “Azat eder ýaly bir gul tapyp bilersiňmi?” diýdi. Ol: “Ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene: “Iki aý yzly-yzyna agyz bekläp bilersiňizmi?” diýip sorady. Ol ýene: “Ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Altmyş sany garyp-misgini naharlap bilersiňizmi? diýdi. Ol ýene-de: “Ýok” diýdi.
(Ebu Hureýre) şeýle diýdi: “(Şondan soň) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem birnäçe wagtlap garaşyp durdy. Biz hem onuň bilen şol ýagdaýda durkak, oňa bir sebet doly hurma getirdiler. Ol: “Ýaňky sorag beren adam nirede?” diýip sorady. Ol: “Men bäride” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Muny al-da, (garyplara) sadaka paýla!” diýdi. Ol adam: “Ýa Resulallah, muny menden has garyplara bereýinmi? Allahdan ant içýärin, Medine-de meniň maşgalamdan garyp maşgala ýok ahyryn!” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (muny eşidip) dişleri görünýänçä güldi-de: “Bulary al-da, çagalaryňa iýdir!” diýdi."
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Bir kowumyň iň soňky adamsy Remezan aýynda aýalyna ýanaşdy?” diýdi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: “Bir gul azat edip bilersiňmi?” diýdi. Ol adam: “Ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene: “Iki aý yzly-yzyna agyz bekläp bilersiňizmi?” diýip sorady. Ol ýene: “Ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Altmyş sany garyby naharlar ýaly bir zat tapyp bilersiňizmi? diýdi. Ol ýene-de: “Ýok” diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme bir sebet hurma getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Muny al-da, (garyplara) sadaka paýla!” diýdi. Ol adam: “Bizden has mätäjemi? Medine-de biziň maşgalamyzdan garyp maşgala ýok ahyryn!” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bulary al-da, çagalaryňa iýdir!” diýdi."
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem yhramly wagtynda-da, agzy bekli wagtynda-da hijama etdiripdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem agzy bekli halynda hijama etdirdi”.
Adam ibn Ebu Iýas bize şeýle gürrüň berdi: Bize Ş‘ube gürrüň berip şeýle diýdi: “Men Säbit El-Bunaniniň “Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun): “Siz agzy bekli adamyň hijama etdirmegini halamazdyňyzmy” diýip soralanda: “Ýok, men diňe onuň agzy bekli adamy ejizledýändigi üçin, halamazdym” diýenini eşitdim” diýipdir”.
"Ibn Ebu Ewfadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen sapardadyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir adama: “Düş-de, maňa sewik garyşdyryp ber!” diýdi. Ol adam: “Ýa Resulallah, gün?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene: “Düş-de, maňa nahary garyp ber!” diýdi. Ol adam ýene-de: “Ýa Resulallah, gün?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Düş-de, maňa nahary garyp ber!” diýdi.
Ol adam ýere düşüp, çorbany garyp berdi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çorbadan içenden soň elini gündogara tarap yşarat edip, şeýle diýdi: “Bu tarapdan gijäniň gelýänini gördüňizmi, agzy bekli adamyň agyz açmaly wagty boldy diýdigidir”. "
” •Bu waka Remezan aýynda bolupdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agzy beklidi.
• Çorbanyň bir görnüşi. Suw bilen garyp ber diýdi.
• Ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agzy beklidi we gün ýaşypdy, ýöne heniz günüň ýagtylygy bardy. Ol adam biraz garaňky düşmegine garaşjak bolupdy.
•Bilal radyýallahu ‘anhu.”