Zeýd ibn Säbitden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen selärlik edindik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamaga turdy. (Enes şeýle diýdi): “Men Zeýtden: “Azan bilen selärligiň arasy näçeräk wagt boldy?” diýip soradym. Zeýd: “Elli aýat okarça wagt” diýip jogap berdi”.
Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem agzyny açman birnäçe günläp yzly-yzyna agyz bekledi. Başga-da birnäçe adamlar şeýle edip başladylar, ýöne bu olara kyn düşdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara muny gadagan etdi. Sahabalar şonda: “(Ýa Resulallah!) ýöne sen şeýdip, agzyňyzy açman bekleýärsiňiz-ä!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men siziň ýaly däldirin, çünki, men (Robbum tarapyndan) iýdirilip-içirýändirin”. diýdi.
Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Selärlik ediniň, çünki selärlikde bereket bardyr”.
Selemete ibn Akwa‘dan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aşura güni bir adamy adamlaryň içine iberip: “Kim şu gün nahar iýen bolsa, indi iýmesin (ýa-da agyz beklesin) we kim iýmedik bolsa indi (tä agşama çenli) iýmesin” diýip, jar çekdirdi.
Aişa bilen Ummu Seleme (Allah olardan razy bolsun) şeýle habar beripdirler: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem aýalyna ýanaşyp junup halynda daňyny atyrardy. Soňra gusul edip, agzyny beklärdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem agzy bekli wagty hem (aýallaryny) ogşap gujaklardy. Ol (öz şähwetini) sizden has gowy erk edip bilerdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem agzy bekli wagty hem käbir aýallaryny ogşardy” diýip, soňra güldi.
Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bile üstümizi bir galyň mata bilen örtüp ýatyrkak, birden meniň aýbaşym gelip başlady. Men ýuwaşlyk bilen turup bardymda, aýbaşym gelende geýýän eşigimi aldym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Näme boldy, aýbaşyň geldimi?” diýip sorady. Men “Hawa” diýdim. Soň men ýene-de şol bir galyň matanyň aşagyna girip (bile bir ýorganda) ýatdyk”. Olar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (jenabatdan soň) bir gapdan (suw alyp) suwa düşerdiler we Resulullah sallallahu aleýhi wesellem agzy bekli wagty hem ony ogşardy
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezanda yhtylam sebäpli dälde, (aýalyna ýanaşyp junup bolan halynda) daňyny atyrardy. Soňra gusul edip, agzyny beklärdi”.
Ebu Bekriň ogly Abdurrahman şeýle diýipdir: “Bir gün biz kakam ikimiz Aişanyň ýanyna bardyk, Aişa şonda: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň yhtylam sebäpli dälde, aýalyna ýanaşyp junup bolan halynda daňyny atyryp, soňra şol gün hem agzyny bekländigine men şaýatlyk edýärin” diýdi”.