Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (bir gezek) bir aýlap aýallaryna ýakynlaşmajakdygyna ant içipdi we onuň bir aýagy ýerinden çykypdy. Ol ýigrimi dokuz günläp, ýerden beýigräkde ýerleşýän otagynda galdy. Soňra ol (ýigrimi dokuz günden soň) aşak düşdi. Oňa “Eý, Allahyň Resuly! Sen bir aýlap aýallaryňa ýakynlaşmajakdygyňa ant içipdiň-ä” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Aý ýigrimi dokuz günem bolup biler” diýdi.
Ebu Bekreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Iki aý hiç kemelmezler. (Bular) iki baýram aýy bolan Remezan we Zul-Hijje aýlarydyr”.
•Alymlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu sözüni dürli manyda düşündiripdirler. Iň meşhury hem şudur: Musulmanlaryň bu iki aýda eden sogap işleri, bu aýlaryň ýigrimi dokuz ýa-da otuz gün bolmagyna garamazdan sogaplary deň derejededir.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Biz (araplar) ýazmamy we hasaplamany bilmeýän sowatsyz bir halkdyrys. Aý şunça-da bolup biler, şunçada bolar” ýagny, käte ýigrimi dokuz, käte-de otuz bolar.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň hiç biriňiz bir-iki gün (Remezandan öň) agyz bekläp, Remezany garşy almasyn. Diňe belli günlerde agyz beklemegi adat edinip gelen adam, şol gün orazasyny tutsun!”.
•Ýagny eger bir adam ýylyň beýleki aýlarynda hem duşenbe we penşenbe ýa-da aýyň ortasynda üç gün agyz bekläp gelýän bolsa we şol günler Remezanyň bir-iki gün öňki günlerine gabat gelse, şol günlerde agzyny bekläp biler.
"Bara (ibn ‘Azybdan Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Oraza tutmak ilki parz edilen döwürleri) Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalaryndan biri agyz bekläp, agyz açmaly wagty gelende, agzyny açman uklap galsa, ol adam şol gije we tutuş (ertesi) gün agşama çenli hiç zat iýmezdi.
(Bir gün) Ensarylardan Kaýs ibn Syrma (atly bir sahaba) agzyny bekledi, agyz açmaly wagty gelende aýalynyň ýanyna gelip: “Iýer ýaly naharyňyz barmy?” diýip sorady.
Aýaly: Ýok, ýöne gidip, seniň üçin bir zatlar gözlärin!” diýdi. Kaýs şol gün uzakly gün işläpdi. Şonuň üçinem ukusyna döz gelip bilmän (ýatyp galdy). Birnäçe wagtdan soň aýaly onuň ýanyna gelip, onuň uklap galandygyny görüp: “Wah, nesibäňde ýok eken-dä!” diýdi. Ertesi gün günortan çagy Kaýs özünden gidip ýykyldy. Muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar berdiler. Şondan soň hem şu aýat indi: “Size oraza gijelerinde aýallaryňyza ýanaşmak halal edildi. Olar siziň lybasyňyzdyr (örtügiňizdir), siz hem olar üçin lybassyňyz. Allah siziň özüňize erbetlik edýändigiňizi bildi we tobaňyzy kabul edip, siziň (günäleriňizi) bagyşlady. (Siz) indi (oraza gijelerinde) olara (aýallaryňyza) ýanaşyp (bilersiňiz) we Allahyň siziň üçin ýazgyt eden zadyny (perzent edinmegi) gözläň!” {Bakara:187}.
Sahabalar muňa gaty begendiler, soň bolsa şu aşakdaky aýat indi: “Säher çagy, tä siziň üçin ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň!” {Bakara:187}."
‘Ady ibn Hatym (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Haçanda, “Säher çagy, tä ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! {Bakara:187} aýaty inende, men derrew bir ak, birem gara sapak alyp, ýassygymyň aşagynda goýdum. Gije wagtal-wagtal bulara seredip başladym, ýöne hiç zady saýgaryp bilmedim. Irden Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bardym we oňa muny gürrüň berdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Bu gara sapak bilen ak sapak) gijäniň garaňkylygy bilen gündiziň aklygydyr” diýdi.
Sähl ibn Sa‘ddan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Tä ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! {Bakara:187} aýaty inende, “Säher wagty” jümlesi inmändi. Käbir adamlar agyz beklejek wagtlary, aýaklaryna ak sapak bilen gara sapak daňyp, tä olary saýgarýançalar iýmegi dowam etdirler. Soňra Allah Tagala: “Minäl-fäjri” {Bakara:187} (Säher wagty) jümlesini inderdi. Sahabalar şondan soň munuň gije we gündizi aňladýandygyny bildiler.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Bilal gije azan aýdardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Siz tä Ibn Ummu Mektum azan aýdýança iýip-içiberiň. Çünki, ol tä daň atýança azan aýtmaz” diýdi.
Sähl ibn Sa’d (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Men öýümde maşgalam bilen bilelikde selärligimi edinerdim-de, soňra ertir namazyny Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen okamaga ýetişjek bolup öýümden çykmaga howlugardym”.