Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Gadyr gijesini, iman edip (ynanyp), sogabyny Allahdan umyt eden halynda (ybadat bilen) geçiren adamyň, öňki günäleri bagyşlanar we kim Remezan aýynda iman edip, sogabyny Allahdan umyt eden halynda agyz beklese, geçen ähli günäleri bagyşlanar”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juda jomart we sahy adamdy. Onuň has jomart bolýan wagty Remezan aýynda Jebraýyl (aleýhissalam) bilen duşuşýan wagtlarydy. Jebraýyl (aleýhissalam) Remezan aýynyň her gijesi Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen duşuşardy we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa Kuran okap bererdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Jebraýyl (aleýhissalam) bilen duşuşan wagtlary, haýyr zatlara bolan jomartlygy erkin öwüsýän şemaldan hem beter güýçlüdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Agzy bekli adam ýalan sözlemekden we ýalan işlerden ýüz öwürmese, onuň iýmän-içmän aç oturmagynda Allah üçin hiç hili hajat ýokdur” .
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah Azza we Jelle şeýle aýtdy:
“Adam oglunyň orazasyndan başga eden her bir amaly özi üçindir. Diňe tutan orazasy Meniň üçindir, onuň sogabyny (sylagyny) hem Meniň Özüm berjekdirin.”
Oraza bir galkandyr. Sizden biriňiziň agzy bekli wagty, erbet, paýyş sözleri aýtmasyn, dawa-jenjel, goh etmesin. Kimdir biri oňa sögse ýa-da dawa edip uruşjak bolsa, goý ol: “Meniň agzym bekli!” diýsin.
Muhammediň jany elinde bolan Allahdan ant içýärin, rozadaryň agzynyň ysy Allahyň huzurynda miskiň (hoşboý) ysyndan has ýakymlydyr. Oraza tutýan adamyň, iki sany şatlykly pursady bardyr. Biri agzyny açanda, begener, beýlekisi bolsa, tutan orazasynyň sogaby bilen Robbuna gowuşanda begener”."
Abdulla (ibn Mes‘ud, Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “(Bir gezek) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda wagtymyzy, ol şeýle diýdi: “Kimiň öýlenmäge güýji ýetse öýlensin. Çünki öýlenmek, gözleri (haram zatlara seretmekden) we jynsy agzalaryny iň gowy goraýan zatdyr. Kimiň öýlenmäge güýji ýetmese, onda goý ol, agzyny beklesin. Çünki ol, onuň şähwetini kesijidir”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Remezany ýatlap, şeýle diýdi: “(Remezan aýynyň başynda) täze aýy görýänçäňiz agyz beklemäň, we aýy görýänçäňiz hem agzyňyzy açmaň. Egerde, bulutly bolsa (we siz täze aýy görip bilmeseňiz), onda ony hasaplaň”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir aý ýigrimi dokuz gijedir. Şonuň üçin hem (täze aýy) görýänçäňiz agyz beklemäň. Eger, bulutly bolup (aý görünmän galsa), onda hasaby otuza dolduryň”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir aý şuňa we şuňa bolup biler” diýip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (iki eliniň on barmagyny hem açyp, iki gezek görkezdi). Üçünji gezekde bolsa, başam barmagyny ýumup görkezdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “(Remezanda) aýy görüp tutuň we agzyňyzy hem (Şewwal aýyny) görüp açyň. Eger-de (Remezan aýynyň başy) bulutly güne gabat gelse, onda Şaban (Meret aýyny) otuza tamamlaň”.
Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir aýlap aýallaryna ýakynlaşmajakdygyna ant içip, ýigrimi dokuz günden soň irden ýa-da agşam gaýdyp geldi. Kimdir biri oňa: “Sen bir aýlap girmejekdigiňe ant içipdiň ahyryn!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Aý ýigrimi dokuz gün hem bolup biler-ä” -diýdi.