"Talha ibn ‘Ubaýdulladan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) saçlary bulam-bujar bir çarwa adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Allah Tagala maňa namazdan nämeleri parz etdi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bäş wagt namazy parz etdi. Ýöne isleseň nepil (meýletin) namazlardan hem okap bilersiň” diýdi. Ol ýene: “Allahyň maňa agyz beklemekden nämäni parz edendigini habar ber!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Remezan aýynda agyz beklemegi parz etdi. Ýöne isleseň nepil orazalary hem tutup bilersiň” diýdi. Ol ýene-de: “Allahyň maňa zekatdan nämäni parz edendigini habar ber!” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa Yslamdaky şerigatyň hökümlerini habar berdi.
Ol adam şondan soň: “Saňa hormat eden Allahdan ant içýärin! Men nepil (meýletin ybadatlardan) hiç zat etmerin, ýöne Allahyň maňa parz eden zatlaryndanam hiç zady kemeltmerin!” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger bu adam dogrusyny aýdyp (sözünde durup bilse), halas bolar!” (ýa-da dogrusyny aýdan bolsa, Jennete girer!”) diýdi."
"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aşura güni (Muharram-Aşyr aýynyň onunjy güni) agyz beklärdi we şol günde agyz beklemegi emr etdi we haçanda, Remezanda (agyz beklemek) parz edilende, ol terk edildi”.
Abdulla ibn Omar (öňden tutup gelýän) nepil orazasyna gabat gelmese, şol gün agyz beklemezdi. "
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Kureýişliler (Yslamdan öňki) jahiliýýe döwründe Aşura güni agyz beklärdiler. Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (Medinä gelende) Aşura güni agyz beklemegi emr etdi. Haçanda, Remezan orazasy parz edilende, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: “Aşura orazasyny islän adam beklesin, islän adamam açsyn!” diýdi.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Oraza bir galkandyr. Agzy bekli adam erbet, paýyş sözleri aýtmasyn, nadanlyk etmesin! Kimdir biri onuň bilen sögüşjek ýa-da uruşjak bolsa, goý ol iki gezek: “Meniň agzym bekli!” diýsin.
Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, rozadaryň agzynyň ysy Allahyň huzurynda miskiň (hoşboý) ysyndanam ýakymlydyr.
(Allah Tagala aýdýar): “Ol meniň üçin iýmitinden, içgisinden we jynsy gatnaşyk etmekden ýüz öwürýär. Oraza (gönüden-göni) Meniň üçin edilýän (ybadatdyr), onuň ejrini (sylagyny) hem Meniň özüm bererin. Bir ýagşylyga bolsa on esse sogap beriler”."
"Huzeýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Omar (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň pitne hakynda aýdan hadysy kimiň ýadyna düşýär?” diýip sorady. Huzeýfe: “Men onuň şeýle diýenini eşitdim” diýdi: “Adamyň maşgalasy, mal-baýlygy we goňşulary sebäpli başyna gelen pitnelere namaz okamak, oraza tutmak we sadaka bermek keffarat bolar” diýdi.
Omar: “Men bu hakda soramadym, men deňizleriň tolkunlary ýaly tolkun atyp, möwç aljak pitneler hakda soraýaryn” diýdi. Huzeýfe: “Onuň öňünde gulply bir gapy bardyr” diýdi. Omar: “(Şol gapy) döwülermi ýa açylarmy?” diýip sorady. Huzeýfe: “Döwüler” diýdi. Omar: “Onda şol döwülen gapy, Kyýamat gününe çenli ýapylmazlyga mynasypdyr!” diýdi.
(Bu hadysy rowaýat edenleriň biri): “Biz Mesruga (Huzeýfeden): “Omar şol gapynyň kimdigini bilýärdimi?” diýip sora!” diýdik. Ol hem sorady. Huzeýfe şonda: “Hawa, edil ertirden öň şu gijäniň boljagyny bilşi ýaly, (ol muny gaty gowy) bilýärdi” diýdi."
” •Musulmanlaryň arasynda boljak pitneler hakynda gürrüň gidýär. Pitne sözi aslynda synag diýmekligi aňladýar.
• Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň.
•Şolar sebäpli boljak synaglar”
Sahldan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Jennetde “Ar-Raýýan” atly bir gapy bardyr. Kyýamat güni şol gapydan diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim şol gapydan girip bilmez. “Oraza tutanlar nirede?!” diýip ses eşidiler, olar hem ýerlerinden turup gapa tarap bararlar. Şol gapydan olardan başga hiç kim girip bilmez. Olar girenden soň gapy ýapylar, başga hiç kim şol gapydan girip bilmez”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah ýolunda jübüt sadaka beren adamy (ýagny iki sany zady sadaka beren adamy), Jennetiň gapylarynyň (her birinden): “Eý, Allahyň guly! Haýyr we bereket bu ýerde bardyr!” diýip çagyrarlar.
Namaz okaýanlar namaz gapysyndan, mujahidler jihäd gapysyndan, agyz bekleýänler bolsa, “Ar-Raýýan” gapysyndan çagyrylar. Sadaka berenleri, sadaka gapysyndan çagyrylarlar”.
Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun): “Enem-atam Saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Bu gapylaryň birinden çagyrylan adamyň beýleki gapylardan çagyrylmagyna zerurlyk ýokdur, ýöne bu gapylaryň hemmesinden (bir wagtda) çagyryljak adam bolarmyka?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, senem şolardan biri bolarsyň diýip umyt edýärin” diýdi”."
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Remezan gelende, Jennetiň gapylary açylar”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Remezan aýy girende asmanyň gapylary açylar, Jähennemiň gapylary ýapylar we şeýtanlar zynjyrlanar”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Remezan aýyny göreniňizde agzyňyzy bekläň we Şewwal aýyny göreniňizde bolsa, agzyňyzy açyň. Eger bulutly (gün) bolsa, onda (Remezan aýyny otuz güne tamamlap) hasaplap (açyň)”.