Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Maňa (beýleki) şäherleri iýip ýuwutjak, bir şähere (göçmek) buýruk berildi. Oňa Ýasrib diýýärler. Ol (şäher) Medinedir. (Ol şäher) edil körügiň demiriň hapasyny aýryşy ýaly, (erbet) adamlary kowup çykarar”.
Ebu Humeýdden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Tebukdan gaýdyp gelýärkäk, Medinä ýakynlaşanymyzda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ine, (bu-da)Taba!” diýdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýerdi: “Men Medinede keýikleriň otlap ýörenlerini gören bolsadym, olary (ürküzip) gaçyrmazdym. Çünki, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem: “Medinäniň iki gara daşly depesiniň arasy haramdyr” diýdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “(Bir gün geler, şol gün) adamlar Medinäni iň gowy wagtynda goýup giderler. Şondan soň Medinede guşlardan we wagşy haýwanlardan başga hiç kim galmaz. Medinä iň soňky bolup baran adam, Muzeýne taýpasyndan, goýunlaryna gygyryp duran iki sany çopan bolar. Olar Medinäniň ýabany, wagşy haýwanlardan doludygyny görerler. Haçan-da, olar hem “Seniýýatul-Wada‘” depesine baryp ýetenlerinde, ýüzleriniň üstüne ýykylyp (ölerler)”.
Sufýan ibn Ebu Zuheýrden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “(Bir gün) Yemen feth ediler. Käbir adamlar (şol ýere) düýelerini, mal-garalaryny sürüp alyp giderler, şeýle hem maşgalalaryny we olara boýun bolanlaryny hem ýanlary bilen alyp giderler. Ýöne bilýän bolsalar, Medine olar üçin has gowudyr! Şamy hem feth ederler. Käbir adamlar (şol ýere) düýelerini, mal-garalaryny sürüp alyp giderler, şeýle hem maşgalalaryny we olara boýun bolýanlary hem alyp giderler. Ýöne welin bilýän bolsalar, Medine olar üçin has gowudyr! Yrak feth ediler we käbir adamlar (şol ýere) düýelerini, mal-garalaryny sürüp alyp giderler, şeýle hem maşgalalaryny we olara boýun bolanlaryny hem ýanlary bilen alyp giderler. Ýöne bilýän bolsalar, Medine olar üçin has gowudyr!
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýipdir: “Elbetde, (howp abananda) ýylanyň öz hinine gaýdyp gelşi ýaly, Iman hem Medinä gaýdyp geler”.
Sa‘ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Medinäniň halkyna garşy ýamanlyk etmegi meýilleşdiren adam, duzuň suwda ereýşi ýaly erär”.
Usamadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinäniň daşdan gurulan binalarynyň birine çykyp: “Sizem meniň görýänlerimi görýärsiňizmi? Men siziň jaýlaryňyzyň arasyndaky pitneleriň düşjek ýerleriniň, ýagyş damjalarynyň düşjek ýerleri ýaly (köp) boljagyny görýärin” diýdi.
Ebu Bekreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýipdir: “Medinä mesih dejjalyň gorkusy girip bilmez. Şol günlerde Medinäniň ýedi sany derwezesi bolar, hersinde-de iki sany perişde bolar”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýipdir: “Medinäniň girelgesinde perişdeler durar. Medinä mergi keselem, dejjalam girip bilmez”.