Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda bir adam bardy. Yhramly halynda düýesi ony ýykyp, boýnuny döwdi we ol öldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ony suw we sidr bilen ýuwuň-da, öz eşiginde kepenläň. Ýöne oňa hiç-hili hoşboý yslardan çalmaň we kellesini hem örtmäň. Çünki, ol Kyýamat güni “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk!” diýip telbiýe aýdan halynda direler” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gün) Juheýne taýpasyndan bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ejem haja etmek üçin nezr etdi, ýöne haj edip bilmän ölüp gitdi. Indi, men onuň ýerine haj edip bilerinmi?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, onuň adyndan haj edäý! Egerde, ejeň bergisi bar bolsa, sen ony tölärdiňmi? (Elbetde tölärdiň). Allahyň hakyny hem ödäň! Çünki, Allahyň hakyny bermekde wepaly bolmak, başgalardan has köp mynasypdyr” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Hajjatul-Weda‘ ýylynda Has‘am taýpasyndan bir aýal gelip: “Ýa Resulallah! Allahyň bendelerine haj etmek parzy, kakamyň gaty garran çagyna gabat geldi. Indi, ol düýäniň üstünde durubam bilenok. Onuň ýerine men haj etsem bolarmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa” diýdi.
Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “(Bir gezek Abbasyň ogly) Fadl Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň düýesiniň üstünde onuň arkasynda otyrka, Has‘am taýpasyndan bir aýal geldi. Şol wagt Fadl aýala, aýal bolsa Fadla seredip başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Fadlyň ýüzüni başga tarapa öwürdi. Ol aýal: “Allahyň bendelerine haj etmek parzy kakamyň gaty garran çagyna gabat geldi. Indi, ol düýäniň üstünde ykjam durup hem bilenok. Onuň ýerine men haj etsem bolarmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, (edip bilersiň)” diýdi. Bu waka Hajjatul-Weda‘da (hoşlaşyk hajynda) bolup geçipdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni Muzdelife gijesi (Mina) goş-golamlary bilen bile iberdi ýa-da öňünden ugratdy” diýerdi.
"Abdulla ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Minada adamlar bilen namaz okap durkalar, men urkaçy bir eşege münüp olaryň öňlerinden geldim. Şol wagt men entek ýetginjeklik ýaşa-da ýetmändim. Men namaza duran adamlaryň käbir saplarynyň öňünden geçip, eşegimden düşdüm. Soňra eşegimi otlamak üçin goýberdim-de, özümem adamlar bilen bile Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň arkasynda sap bolup durdum”.
Ibn Şihäb: “Bu waka Hajjatul-Weda‘da Minada bolup geçipdi” diýdi."
Säib ibn Ýezidden rowaýat edilmegine görä, ol: “Men (heniz) ýedi ýaşymdaka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bile haja alyp gidipdirler” diýdi.
Ju‘aýd ibn Abdurrahmandan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Omar ibn Abdulazyzyň Säib ibn Ýezid hakynda, onuň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň goş-golamlarynyň arasynda haj etdirilendigi hakynda gürrüň berenini eşitdim”.
Ibrahym öz kakasyndan ol hem atasyndan habar bermegine görä, Omar (Allah ondan razy bolsun) özüniň iň soňky eden hajynda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallaryna haj etmäge rugsat berdi. Olaryň ýany bilen hem Osman ibn Affany we Abdurrahman ibn Auwfy iberdi.