"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) aýtmagyna görä, bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (zäherli, gekko görnüşli) hažžyga “Fuwaýsyk” diýdi. Ýöne men ony öldürmegi emr edendigini eşitmedim, diýdi.
Ebu Abdulla (Buhary): “Biz bu ýerde Minanyň Haramdandygyny we olaryň şol ýerlerde ýylany öldürmegi günä hasaplamandyklaryny görkezjek bolduk” diýipdir."
"Sa‘yd ibn Makburiýden rowaýat edilmegine görä, Ebu Şureýh El-‘Adawiý, ‘Amr ibn Sa‘yd Mekgä (Abdulla ibn Zubeýriň garşysyna) goşun ugradýan wagtlary oňa şeýle diýdi: “Eý, Emir! Rugsat berseň, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Mekgäni feth, (ýagny müşriklerden azat) eden gününden bir gün soň aýdan sözlerini aýdyp bereýin!” diýdi. Men ol sözleri gulaklarym bilen eşitdim, ýüregim bilen belläp goýdum. Men ony aýdan wagty öz gözlerim bilen gördüm. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Allaha hamdu-sena aýdandan soň şeýle diýdi:
“Elbetde, Mekge adamlar tarapyndan däl-de, Allah tarapyndan haram (mukaddes) diýlip yglan edildi. Şonuň üçin Allaha we ahyret gününe iman eden adamyň (şu şäherde) gan dökmegi ýa-da agaçlary kesmegi halal däldir (gadagandyr). Kimdir biri Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu ýerde söweş edendigi sebäpli, rugsat berjek bolsa, oňa: “Allah diňe Öz pygamberine rugsat berdi, size rugsat bermedi!” diýip aýdyň. Maňa-da gündiziň belli bir böleginde rugsat berildi. Soňra onuň şu günki mukaddesligi (haramlygy), edil düýnki mukaddesligi ýaly yzyna gaýdyp geldi. Bu ýerdäki (meniň şu sözlerimi eşidenler bu ýerde) bolmadyklara habar bersin!” diýdi”.
Soňra Ebu Şureýha: “ ‘Amr saňa näme jogap berdi?” diýip soradylar. Ol: “Ebu Şuraýh, muny men senden has gowy bilýärin. Mekge (Haramy) hiç bir günäkäri, ganhory ýa-da ogurlyk edip gaçany goramaz” diýdi."
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Elbetde, Allah Mekge (şäherini) haram (mukaddes) etdi. Ol (ýer) menden öň hiç kime halal edilmedi we menden soň hem hiç kime halal edilmez. Elbetde, meniň üçin hem gündiziň diňe belli bir wagty halal edildi. Mekgäniň otlary kesilmez, agaçlary çapylmaz, ýabany aw haýwanlary ürküzilmez we ýitirilen zady eýesine gowşurmak niýeti bolmasa ony ýerden galdyrmak hem gadagandyr”.
Şol wagt Abbas (Allah ondan razy bolsyn): “Ýa Resulallah! Zergärleriň we biziň gabyrlarda ulanýan “Izhir” otundan başgasy (gadagan) bolaýsyn?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem: “Izhirden başgasy” diýdi.
‘Ykrime: “Mekgäniň ýabany aw haýwanlary ürküzilmez” diýen sözüň manysyny bilýäňizmi? (Ýagny) ony kölegeden kowup, onuň ýerini almak, diýmekdir” diýdi."
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekge feth edilen güni şeýle diýdi: “Indi, mundan soň, hijret etmek ýokdur. Emma jihäd we niýet bardyr. Egerde siz jihäde çagyrylsaňyz , onda, derrew olara goşulyň! Elbetde, Allah bu (Mekge) şäherini, asmanlary we ýeri ýaradan güni, haram (mukaddes) etdi. Bu şäher Allahyň haram edenligi sebäpli, Kyýamat gününe çenli haramdyr. Ol ýerde söweş etmek menden öň hiç kime halal edilmedi. Meniň üçin hem gündiziň diňe belli bir wagty halal edildi. Ol şäher Allahyň haram edenligi sebäpli, Kyýamat gününe çenli haramdyr. Ol ýeriň (Mekgäniň) hat-da, dikeni hem ýolunmaz, ýabany aw haýwanlary ürküzilmez, ýitirilen zady eýesine gowşurmak niýeti bolmasa ony ýerden galdyrmak hem gadagandyr, otlaryny hem kesmek bolýan däldir”.
Şol wagt Abbas (Allah ondan razy bolsyn): “Ýa Resulallah! Demirçi ussalaryň we öýleriniň (üstüni ýapmak üçin) ulanýan “Izhir” otundan başgasy (gadagan) bolaýsyn?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem: “Izhirden başgasy” diýdi"
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem yhramly wagty hem hijama etdiripdi”.
Ibn Buhaýnadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem yhramly wagty Lahýi Jemel diýen ýerde kellesiniň ortasyndan hijama etdiripdi”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şele diýipdir: “Bir adam ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Yhramly wagtymyz bize näme eşik geýmegi emr edersiň?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Köýnek, balak, selle we burnus geýmäň. Diňe köwüşi ýok adam, mesi geýip biler, (ýöne onuň hem ýokarsyndan) topugynyň aşagyna çenli kessin. Şeýle hem sary agaç (wers) ýa-da zagfaran bilen boýalan eşikleri hem geýmäň. Yhramly aýal ýüzüni ýapmasyn we ellerine ellik hem geýmesin” diýip jogap berdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Arafatda) yhramdaky bir adamy düýesi ony ýykyp, (boýnuny döwüp) öldürdi. Soňra ony Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ony ýuwuň we kepenläň. Ýöne onuň kellesini örtmäň we oňa hiç-hili hoşboý yslardan çalmaň. Çünki, ol Kyýamat güni “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk” diýip telbiýe eden halynda direldiler” diýdi.
"Abdulla ibn Huneýniň habar bermegine görä, Abdulla ibn Abbas bilen Miswar ibn Mahrama, Ebwä diýilýän ýerde (bir mesele boýunça) ylalaşmadylar. Abdulla ibn Abbas yhramly adam kellesini ýuwup biler, diýdi. Miswar yhramly bolsa ýuwup bilmez, diýdi.
Soňra Abdulla ibn Abbas meni Ebu Eýýub Ensarynyň ýanyna ugratdy. Ebu Eýýub Ensary bir guýynyň sütünleriniň arasynda mata tutup, suwa düşüp otyrka onuň üstünden bardym. Oňa salam berdim. Ol: “Kim bu?” diýdi. “Men Abdullah ibn Huneýn, diýdim. Meni Abdulla ibn Abbas, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň yhramly wagtynda kellesini nädip ýuwandygyny soramak üçin seniň ýanyňa iberdi” diýdim.
Ebu Eýýub öňüne tutan matasynyň üstünde elini goýup, tä onuň kellesi görünýänçä, aşak düşürdi. Soňra bolsa, üstünden suw akydyp berýän adama: “Guý!” diýdi. Ol adam Ebu Eýýubyň kellesinden suw guýdy. Soňra ol ellerini öňe we yza geçirip, kellesini owkalap başlady we: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň kellesini şeýdip ýuwanyny gördüm” diýdi."