Miswerden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Hudeýbiýýede) saçyny syrmazdan öň gurbanlygynyň damagyny çaldy we sahabalaryna-da şeýle etmegi emr etdi”.
Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla we Sälim (Allah olardan razy bolsun, kakalaryny howpsuzlykdan ýaňa hajdan alyp galjak bolan ýyllary) Abdulla ibn Omar şeýle diýdi: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Hudeýbiýýe ýylynda) umra hajyny etmek üçin ýola düşdük. Ýöne Kureýişli kapyrlar Käbä barmakdan bize böwet boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda gurbanlygynyň damagyny çalyp, saçyny syrdy”.
"Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) pitne döwründe, umra etmek üçin Mekgä gitmekçi bolanda şeýle diýdi: “Egerde, maňa Käbäň ýanyna barmaklyga päsgel beräýseler, bizem edil Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly ederis” diýdi-de, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Hudeýbiýýe ýylynda umra etmek üçin yhram baglap telbiýe edişi ýaly, umra etmek üçin yhram baglap telbiýe etdi.
Soňra Abdulla ibn Omar öz etjek işine pikirlenip: “Haj bilen umranyň ýagdaýy (ýagny düzgüni) bir zatdyr. Men haj bilen umrany bilelikde berjaý etjekdigime sizi şaýat tutýaryn!” diýdi. Soňra ol haj we umra üçin bir gezek towaf etdi we bu ýeterlik diýip hasap etdi, soňra hem gurbanlygynyň damagyny çaldy”."
Ka‘b ibn ‘Ujradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “(Kelläňdäki) bitler saňa ezýet berýär öýdýän” diýipdir. Ol hem: “Hawa, ýa Resulallah!” diýipdir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Saçyňy syrda üç günläp agyz bekle, ýa-da alty sany garyp-misginlere nahar ber, ýa-da bir goýun kes!” diýdi.
"Ka‘b ibn ‘Ujradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Hudeýbiýýede meniň kellämden bitleriň dökülip durandygyny görüp, meniň ýanymda durdy we ol maňa: “Bitleriň saňa ezýet berýärmi?” diýdi. Men hem: “Hawa” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Kelläňi syr (ýa-da ýöne syr!)” diýdi.
Ka‘b ýene-de: “Sizden kim hassa bolsa, ýa-da kellesinde bir ezýet berýän (ýarasy) bar bolsa, onda (ol) oraza tutup ýa-da sadaka berip, ýa-da gurbanlyk çalyp, fidýe (töleg) bermelidir” {Bakara:196} diýen aýat men hakda inen aýatdyr diýdi”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa şeýle diýdi: “Üç günläp agyz bekle, ýa-da bir farak sadakany alty adama paýlap ber, ýa-da güýjüň ýetäýjek bir mal öldür!” diýdi."
Abdulla ibn Ma‘kyldan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün men Ka‘b ibn ‘Ujra bilen (Allah ondan razy bolsun) otyrkam fidýe hakynda soradym. Ol şeýle jogap berdi: “Bu aýat, aýratyn meniň üçin, siziň üçin hem umumy bolup iberildi. Meni Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna alyp baranlarynda, saçymdaky bitler ýüzüme dökülerdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (muny görüp) maňa: “Seniň çekýän bu derdiň (ýa-da kösenjiň) şu derejä ýetendir öýtmeýärdim. Bir goýun tapyp bilersiňmi? diýip sorady. Men: “Ýok” diýdim. Onda ol maňa: “Üç günläp agyz bekle, ýa-da her bir misgine ýarym sa‘dan alty misgini doýur” diýdi.
"Ka‘b ibn ‘Ujradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň kellesindäki bitleriň ýüzüne dökülip duranyny görüp: “Bitleriň saňa ezýet berýärmi?” diýdi. Ol hem: “Hawa” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa Hudeýbiýýedekä saçyny syrmagy emr etdi. Şol wagt olaryň Hudeýbiýýede yhramdan çykjakdyklary belli däldi, olar Mekgä girmek arzuwyndadylar.
Allah Tagala fidýe bermek hakynda aýatyny inderen wagty, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa, bir farak sadakany alty adama paýlap bermegi ýa-da gurbanlyk höküminde bir goýun öldürmegi ýa-da üç günläp agyz beklemegi emr etdi”."
Ka‘b ibn ‘Ujradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem onuň (saçlaryndaky) bitleriň ýüzüne dökülip duranyny gördi.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Erbet, paýyş sözleri aýtman, (aýalyna ýanaşman) we hiç bir günä iş etmän Käbä haj edip gelen adam, ejesinden doglandaky ýaly günäsiz halynda gaýdyp geler”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Erbet, paýyş sözleri aýtman, (aýalyna ýanaşman) we hiç bir günä iş etmän Käbä haj edip gelen adam, ejesinden doglan günündäki ýaly günäsiz halynda gaýdyp geler”.