Jäbirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (sapardan gaýdyp gelen adama) maşgalasynyň ýanyna gije barmagy gadagan etdi”.
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem sapardan gaýdyp gelende, Medinäniň beýik ýollaryny görende, düýesini çapdyryp başlardy. Egerde onuň münüp gelýän ulagy (düýeden) başga bir haýwan bolsa, onda ony hem çapdyryp gelerdi”.
(Bu hadys başga bir rowaýatda): “Medinä bolan söýgüsinden ýaňa çapdyryp gelerdi” diýilýär."
Ebu Ishakdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Bera (ibn ‘Azybdyň, Allah ondan razy bolsun) şeýle diýenini eşitdim: “Bu aýat biz (Ensarylar) hakynda indi. Hajdan soň (Medinä) gaýdyp gelen Ensarylar öýleriniň gapylaryndan girmän, öýleriniň arka tarapyndan girerdiler. Bir gezek Ensarylardan bir adam (hajdan gelip) öýüniň gapysyndan gireni üçin kemsidilipdi. Şondan soň şu aýat indi: “Ýagşylyk (takwalyk) öýlere arka tarapyndan girmegiňiz däldir. Emma takwalyk (Allahdan) gorkmagyňyzdyr. Öýlere (gireniňizde) gapylaryndan giriň!” {Bakara:189}.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sapar (ýolagçylyk) – azapdan bir bölekdir. Sebäbi ol islendik biriňiziň dogry-dürs iýip-içmekden, ýatyp dynç almakdan mahrum edýän zatdyr. Şonuň üçin hem (saparda) işini bitiren adam yzyna, maşgalasyna gaýdyp gelmäge howluksun”.
Zeýd ibn Eslem kakasyndan rowaýat edip şeýle diýdi: “Men Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) bilen ýolda Mekgä gidip barýarkak, onuň (aýaly) Safiýa bint Ebu ‘Ubeýdiň agyr hassa bolup ýatandygy hakyndaky habar geldi. Şol sebäpli hem tizligini çaltlaşdyryp, şapak ýitip gidenden soň, düşüp agşam namazy bilen ýassy namazyny birleşdirip (jemg edip, bir wagtda) okady. Soňra bolsa: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (ýolda) howlukmaç bolan wagty agşam namazyny gijikdirip (ýassy namazy) bilen birleşdirip okanyny gördüm” diýdi.
Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) pitne döwründe, umra etmek üçin Mekgä gitmekçi bolanda şeýle diýdi: “Egerde, maňa Käbäň ýanyna barmaklyga päsgel beräýseler, menem edil Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly ederin” diýdi-de, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Hudeýbiýýe ýylynda umra etmek üçin yhram baglap telbiýe edişi ýaly, umra etmek üçin yhram baglap telbiýe etdi”.
"Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, ‘Ubeýdulla ibn Abdulla we Sälim ibn Abdulla (Allah olardan razy bolsun) oňa şeýle habar beripdirler. “(Hajjajyň baştutanlygyndaky goşun) Ibn Zubeýr bilen söweş etmek üçin gelen gijesi, biz (kakamyz) Abdulla ibn Omara (Allah olardan razy bolsun): “Sen şu ýyl haj etmäniňde-de zyýany ýokdur. Çünki olar böwet bolup, saňa Käbäň ýanyna barmaga ýol bermezler öýdüp gorkýarys” diýdiler.
Ibn Omar: “Biz (Hudeýbiýýe ýylynda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (umra etmek üçin) ýola düşenimizde, Kureýş kapyrlary öňümize çykyp, bizi Käbä salmadylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda (Hudeýbiýýede) gurbanlygynyň damagyny çalyp, saçyny syrdy (şeýdibem yhramdan çykdy).
Men özüme Allah islese, umra etmekligi wajyp edendigime sizi şaýat tutýaryn. Men (Mekgä) bararyn. Eger, Käbäň ýoly açyk bolsa, towaf ederin we egerde, meniň bilen Käbäň arasynda päsgelçilik bolan ýagdaýynda, onda menem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Hudeýbiýýede) bile bolan wagtymda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly ederin” diýdi-de, Zul-Huleýfeden umra etmek üçin yhram baglap telbiýe etdi. Soňra biraz wagt ýöränden soň: “Haj bilen umranyň ýagdaýy (ýagny düzgüni) bir zatdyr. Men haj bilen umrany bilelikde berjaý etjekdigime sizi şaýat tutýaryn!” diýdi.
Ol tä, Gurbanlyk güni gelip, malyny öldürýänçä yhramdan çykmady şeýle hem ol Mekgä giren güni bir towaf edýänçä yhramdan çykmajakdygyny aýdardy."
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi (Hudeýbiýýede Käbä) goýbermediler. Ol bolsa (şol ýerde) saçyny syrdy, aýallary bilen ýatdy we gurbanlygyny öldürip, umrasyny indiki ýyl etdi”.
Sälimiň habar bermegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetine eýermeklik siziň üçin ýeterlik dälmi? Egerde, siziň biriňize haj etmäge böwet bolup, ýol bermeseler, (mümkin boldugyndan) Käbä towaf edip, Safa-Merwäň arasynda-de sa‘y etsin. Soňra yhramdan doly çykyp, indiki ýyl hem haj etsin we ol adam bir maly gurbanlyk etsin, mal tapmasa-da agyz beklesin” diýdi.