"Abdulla ibn Ebu Ewfadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem umra hajyny etdi, biz hem onuň bilen umra hajyny etdik. Mekgä giren wagty towaf etdi, biz hem onuň bilen bile towaf etdik. Safa-Merwä gelip olaryň aralygynda sa‘y etdi, biz hem onuň bilen sa‘y etdik. Biz ony Mekge ýaşaýjylarynyň oňa ok atmagyndan goraýardyk”.
Meniň ýoldaşlarymdan biri Abdulla ibn Ebu Ewfadan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda Käbäň içine girdimi?” diýip sorady. Ol: “Ýok” diýip jogap berdi."
Ýoldaşym ýene-de Abdulla: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Hatyja hakynda aýdan zatlaryny gürrüň bersene?” diýdi. Abdulla ibn Ebu Ewfa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hatyja Jennetde, içinde hiç hili gürrüldi ses bolmajak, hiç hili ýadawlyk duýulmajak, merjen (daşlaryndan) gurulan bir köşk bilen buşlaň!” diýdi”.
‘Amr ibn Dinardan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle gürrüň beripdir: “(Bir gezek) biz Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) umra (hajy) üçin Käbäniň daşyndan towaf edip, ýöne Safa-Merwe aralygynda sa‘y etmedik adam aýalyna ýakynlaşyp bilermi?” diýip soradyk. Ibn Omar: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (Mekgä) gelip, ýedi gezek Käbäň daşyndan towaf etdi. Soňra Makamy (Ybrahymyň) arkasynda iki rekagat namaz okady we Safa-Merwe aralygynda ýedi gezek sa’y etdi, soňra bolsa: “Elbetde, siziň üçin Allahyň Pygamberinde gözel görelde bardyr” diýdi.
‘Amr ibn Dinar: “(Biz muny) Jäbir ibn Abdulladan hem (Allah olardan razy bolsun) sorap gördük” diýdi. Ol şonda: “Safa-Merwe aralygynda sa‘y etmezden öň asla aýalyna ýakynlaşaýmasyn!” diýdi.
"Ebu Musa Aş‘arydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (Ýemenden) yzyma gaýdyp gelenimde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (eýýäm, Mekgäniň golaýyndaky) Bathada düýesini çökerdip (şol ýerde düşläpdi). Ol maňa: “Haja niýet etdiňmi?” diýdi. Men: “Howa” diýdim. Ol menden: “Sen haýsy niýet bilen yhrama girdiň?” diýip sorady. Men hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň niýet edip yhrama girişi ýaly, yhrama girdim” diýip, “Lebbeýk!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Gowy edipsiň! Indi, Käbäniň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda-da sa‘y edenden soňra yhramdan çyk!” diýdi.
Käbäniň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda-da sa‘y edenimden soňra, Kaýs taýpasyndan bolan bir zenan maşgalanyň ýanyna geldim, ol meniň saçymyň bitlerini çöpläp (arassalap) berdi. Soňra men (temmetu‘) hajyny etmek niýeti bilen yhrama girip telbiýe etdim. Şondan soň men tä, Omaryň (Allah ondan razy bolsun) halyf bolan döwürine çenli, (adamlara temettu‘hajyny etmek barada) petwa berip geldim. (Soňra muny Omara aýdyp berdim.) Ol: “Eger-de biz Allahyň kitabynda aýdylyşy ýaly amal etsek, onda Ol bize (haj bilen umrany niýet edip yhrama giren bolsak, yhramdan çykman ony doly) tamamlamagymyzy emr edýär. Eger-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdan sözlerine eýersek, onda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk mallarynyň damagyny çalýança yhramdan çykmady” diýdi."
Abdulla (ibn Keýsan) şeýle diýipdir: “Asma bint Ebu Bekr (Allah olardan razy bolsun) her gezek Hajun (dagynyň) ýanyndan geçende, şeýle diýerdi: “Allah Muhammede merhemet etsin! Biz (Weda‘ hajynda) onyň bilen şu ýerde düşläpdik. Şol günlerde biziň ýükümiz ýeňildi, münýän ulaglarymyz we azygymyz hem azdy. Men, aýal doganym Aişa, Zubaýr, Pylany we Pylany bolup umra hajyny ýerine ýetirdik. Käbä el degirenimizden soň (ýagny towaf, sa‘y we saçymyzy gysgaldanymyzdan soň), yhramdan çykdyk, soňra günortandan soň ýene-de haj üçin yhram geýdik”.
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir söweşden, hajdan ýa-da umradan gaýdyp gelen wagty, her bir beýikliklere çykanda, üç gezek “Allahu Akbär!” diýip, soňra şu dogany okardy: “Lä ilähä illallahu wähdähu lä şärikä lähu, lähul-mulku wä lähul-hamdu, wä huwä ‘alä kulli şäýin Kodir. Äibuna, täibuna, ‘abiduna, säjiduna, lirobbinä hamiduna, sodakallahu wa’dähu, wä nasora ‘abdähu, wä häzämäl- ähzäbä wähdähu!”
(Allahdan başga (ybadat edere) hiç hili hudaý ýokdur. Onuň şärigi ýokdur. Mülk Onuňkydyr, hamd (öwgi-senalar) Oňa mahsusdyr. Ol her bir zada güýji ýetýändir. Biz indi yzymyza gaýdýarys, toba edýäris, ybadat edýäris, sejde edýäris, Robbumyza hamd (öwgi-senalar) aýdýarys. Allah beren wadasynda durdy, öz bendesine kömek etdi we Ýeke Özi (duşman) taýpalaryny ýeňip, derbi-dagyn etdi!) "
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgä gelende, ony Abdulmuttalybyň çagalarynyň oglanjyklary garşy aldy. Olaryň birini düýesiniň öňüne, beýlekisini bolsa arkasyna aldy”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Mekgä gidende, Şejere mesjidinde namazyny okardy. Yzyna gaýdanda bolsa, namazyny Zul-Hüleýfedäki jülgäniň içinde okardy we ertire çenli gijäni şol ýerde geçirerdi.
Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hiç haçan (sapardan gaýdyp gelende) gije maşgalasynyň ýanyna gelmezdi. Adatça irden ýa-da günortandan soň gaýdyp gelerdi”.