Mu‘awiýeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň saçyny mişkas diýilýän (inli okuň ujy bilen) kesip gysgaltdym”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgä gelen wagty, sahabalaryna Käbäň daşyndan towaf edip, Safa-Merwe aralygynda-da sa’y etmeklerini, soňra bolsa yhramdan çykyp, saçlaryny syrdyrmaklaryny ýa-da gysgaltmaklaryny emr etdi”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol towaf Ifada üçin bir gezek towaf ederdi, soňra kaýlula ederdi (günortan ýatyp dynjyny alardy), soňra bolsa Gurbanlyk güni Mina gaýdyp gelerdi.
Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen haj edenimizde, Gurbanlyk güni Ifada towafyny etdik. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly) Safiýýanyň aýbaşysy geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Safiýýadan islendik erkek adamyň öz aýalynda soraýan zadyny sorady. Men: “Ýa Resulallah! Onuň aýbaşysy gelip başlady” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol bizi ýolumyzdan saklar” diýdi. Olar: “Ýa Resulallah! Ol Gurbanlyk güni Ifada towafyny etdi” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onda (ýola) çykyberiň! ” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (Weda‘ hajynda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden gurbanlyk malynyň damagyny çalmakda, saç syrdyrmakda we (Jemerä) daş atmakda, (bularyň haýsydyr birini) wagtyndan öň ýa-da soň etmegiň hökümi hakynda soranlarynda, (bularyň hiç biriniň) “Zyýany ýokdur!” diýip jogap berdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Gurbanlyk güni Minada wagty, adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme sorag berýärdiler, ol bolsa “Zyýany ýokdur!” diýip jogap berýärdi. Bir adam: “Damak çalmazdan ozal saçymy syrdym” -diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Çalyber, zyýany ýok!” diýdi we ýene: “Men agşamdan soň daş atdym?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zyýany ýok!” diýip jogap berdi”.
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Weda‘ hajynda Minada duran wagty, adamlar oňa sorag berip başladylar. Bir adam ondan: “Damak çalmazdan ozal bilmän, saçymy syrdym” -diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Çalyber, zyýany ýok!” diýdi. Başga biri gelip: “Daş atmazdan ozal bilmän, gurbanlygymyň damagyny çaldym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zyýany ýok, (indi) daşyňy atyber!” diýdi.
Şol gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden wagtyndan öň ýa-da soň etdim diýip näme soralsa, “Ediber, zyýany ýok!’ diýip jogap berdi."
"Abdulla ibn Amr ibn ‘Asdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Gurbanlyk güni hutba edip duranyny görüpdir. Şol wagt bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Men muny ondan öň etmelidir öýdüpdim” diýdi. Soňra ýene biri ýerinden turup: “Menem muny mundan öň etmelidir öýdipdirin. Gurbanlygymy öldürmezden ozal saçymy syrdym. Daş atmazdan öň gurbanlygymy öldürdim” diýdi we şuňa meňzeş zatlary aýtdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bularyň hemmesi üçin “Ediber, zyýany ýok” diýip jogap berdi.
Şol gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden näme soralsa, “Ediber, zyýany ýok!’ diýip jogap berdi."
Abdulla ibn Amr ibn ‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýesiniň üstünde durdy...” diýip, ýokardaky hadysy gürrüň berdi.
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurbanlyk güni (Minada) adamlara hutba bilen ýüzlenip: “Eý, adamlar! Bu gün haýsy gün? diýdi. Adamlar: “Bu haram güni” diýip jogap berdiler. Ol ýene: “Bu haýsy şäher?” diýdi. Adamlar: “Bu (içinde uruş etmek) haram edilen şäher” diýip jogap berdiler. Ol: “Bu haýsy aý?” diýip sorady. Adamlar: “Bu haram aýy” diýip jogap berdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Elbetde, siziň ganlaryňyz , mallaryňyz (emlägiňiz) we namysyňyz, şu şäherde, şu aýda şu günüňiziň haram bolşy ýaly biri-biriňize haram edilendir” diýip, birnäçe gezek gaýtalady. Soňra başyny ýokaryk galdyryp: “Allahym! Men ýetirip bildimmi? Allahym! Men ýetirip bildimmi?” diýdi.
Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun, bu hadysy aýdan soň): “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin! Bu onuň ymmatyna eden wesýeti boldy” diýdi.
(Ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem): “Bu ýerdäkiler bu ýerde bolmadyk adamlara meniň şu sözlerimi ýetirsin. Menden soň kapyrlar ýaly bolup biri-birleriňiziň kelläňizi kesmäň!” diýdi."