"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Zul-Ka‘da aýynyň tamamlanmagyna bäş gün galanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Medineden) haj zyýaratyny etmek üçin ýola düşdük. Mekgä golaý gelen wagtymyz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýanynda gurbanlyk mallary bolmadyk adamlara Käbäň daşyndan towaf edenden soň yhramdan çykmaklygy emir etdi.
Aişa şeýle diýdi: “Gurbanlyk güni bize sygyr eti getirdiler. Men: “Bu näme?” diýip soradym. “Bu Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öz aýallarynyň adyndan eden gurbanlygy” diýdiler."
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden gurbanlygynyň damagyny çalmazdan ozal saçyny syrdyran adam hakynda soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zyýany ýok! Zyýany ýok!” diýdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme: “Daş atmazdan ozal Käbä towaf etdim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zyýany ýok!” diýdi. (Başga biri): “Damak çalmazdan ozal saçymy syrdym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa-da: “Zyýany ýok!” diýdi. (Ýene başga biri): “Daş atmazdan ozal damak çaldym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa-da: “Zyýany ýok!” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Men agşam düşenden soň (Jemerä) daş atdym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zyýany ýok!” diýdi”. Ol adam ýene-de: “Damak çalmazdan öň saçymy syrdym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Zyýany ýok!” diýdi”.
"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (Ýemenden) yzyma gaýdyp gelenimde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (eýýäm, Mekgäniň golaýyndaky) Bathada wagty ýanyna gelip ýetişdim. Ol maňa: “Haja niýet etdiňmi?” diýdi. Men: “Howa” diýdim. Ol menden: “Sen haýsy niýet bilen yhrama girdiň?” diýip sorady. Men hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň niýet edip yhrama girişi ýaly, yhrama girdim” diýip, “Lebbeýk!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Gowy edipsiň! Indi, git-de, Käbäniň daşyndan towaf et we Safa-Merwäniň arasynda sa‘y et!” diýdi.
Soňra Benu Kaýs taýpasynyň zenanlaryndan bolan bir zenan maşgalanyň ýanyna bardym, ol meniň saçymyň bitlerini çöpläp (arassalap) berdi. Soňra men (temmetu‘) hajyny etmek niýeti bilen yhrama girip telbiýe etdim. Şondan soň men tä, Omaryň (Allah ondan razy bolsun) halyf bolan döwürine çenli, adamlara (temettu‘) hajyny etmek barada petwa berip geldim. Soňra muny Omara aýdyp berdim. Ol: “Eger-de biz Allahyň kitabyndan alyp (amal etsek), onda Ol bize (haj bilen umrany niýet edip yhrama giren bolsak, yhramdan çykman ony doly) tamamlamagymyzy emr edýär. Eger-de Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetine eýersek, onda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk mallarynyň damagyny çalýança yhramdan çykmady” diýdi."
Ibn Omardan rowaýat edilmegine görä, Hafsa (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulallah! Näme üçin adamlar umra edip yhramdan çykdylar, ýöne sen umra edip yhramdan çykmadyň?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men öz saçlarymy telbid etdim (ýagny, toplap ýelimledim), gurbanlyk mallaryma-da bellik etdim. Indi, men tä, gurbanlyk edýänçäm yhramdan çykmaryn” diýdi.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (haj edip bolandan soň) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahym! Saçlaryny syrdyranlara rehim et!” diýip doga etdi. (Sahabalar): “Ýa Resulallah! Saçlaryny gysgaldanlara-da diläwer!” diýdiler. Ol (ýene): “Allahym! Saçlaryny syrdyranlara rehim et!” diýdi. (Sahabalar ýene-de): “Ýa Resulallah! Saçlaryny gysgaldanlara-da diläý!” diýdiler. Şondan soň ol: “Gysgaldýanlara-da (rehim et)!” diýip dileg etdi.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (haj edip bolandan soň): “Allahym! Saçlaryny syrdyranlara magfiret et!” diýip doga etdi. (Sahabalar): “(Ýa Resulallah!) Saçlaryny gysgaldanlar üçinem diläwer!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Allahym! Saçlaryny syrdyranlara magfiret et!” diýdi. (Sahabalar ýene-de): “(Ýa Resulallah!) Saçlaryny gysgaldanlar üçinem diläý!” diýdiler. Ol muny üç gezek gaýtalandan soň: “Gysgaldýanlary hem magfiret et!” diýdi.
Abdulla ibn Omar şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we onuň käbir sahabalary saçlaryny syrdyrdylar, käbirleri bolsa, (diňe) gysgaltdylar”.