Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) adatça özüniň gurbanlyk edilmeli mallaryny Muzdelifeden gijäniň ahyrynda, azat adamlardan hem-de gullardan ybarat bolan zyýaratçylaryň ýany bilen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň damak çalan ýerine ibererdi.
Enesden rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýedi sany düýäni dik duran ýerlerinde, Medinede bolsa iki sany şahly, ala goçy öz eli bilen gurbanlyk etdi.
Rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) bir gezek öz düýesini dyzyna çökerdip onuň damagyny çaljak bolup duran bir adamyň ýanyna baryp, oňa: “Ony dik üstünde, aýaklaryny daňda kes, bu Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetidir” diýdi.
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinede biziň bilen öýle namazyny dört rekagat okady, Zul-Hüleýfede bolsa ikindi namazyny iki rekagat okady. Soňra gije şol ýerde galdy. Ertesi irden Pygamberimiz sallallhu aleýhi wesellem düýesine münüp, “Lä ilähä illallah”, “Subhanallah” kelimelerini gaýtalap başlady.
Haçanda, Baýdaň üstüne çykanda, haj bilen umrany bilelikde berjaý etmeklige niýet edip, telbiýe etdi. Mekgä baranymyzda olara yhramdan çykmaklygy emr etdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bu hajda) ýedi sany düýäni dik duran ýerlerinde, Medinede bolsa iki sany şahly, ala tüýli goçy öz eli bilen gurbanlyk etdi”."
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinede öýle namazyny dört rekagat okady, Zul-Hüleýfede bolsa ikindi namazyny iki rekagat okady.
Ýene-de Enes (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gije şol ýerde galdy. Ertesi irden ertir namazyny okady. Soňra Pygamberimiz sallallhu aleýhi wesellem düýesine münüp, Baýdaň üstüne çykaranda, haj bilen umrany bilelikde berjaý etmeklige niýet edip, telbiýe etdi. "
Alydan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni gurbanlyk düýeleriniň ýanyna baryp, olar bilen meşgul bolmagy tabşyrdy we maňa olaryň etini paýlamagy soňra bolsa, örtügini we derisini sadaka bermegi emr etdi”.
Alydan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa gurbanlyk edilen düýeleriň üstünde durmagy we gassaplara mal soýany üçin (etinden) hiç zat bermezligi tabşyrdy”.
Alynyň (Allah ondan razy bolsyn) habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa gurbanlyk düýeleriň üstünde durmagy we mallaryň etlerini, derilerini we (üstüne ýapylýan) örtügini doly paýlamagy hem-de gassaplara (mal soýany üçin) ondan hiç zat bermezligi tabşyrdy”.
Alydan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle gürrüň beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Weda‘ hajynda) ýüz düýe gurbanlyk etdi. Maňa-da olaryň etlerini paýlamagy buýurdy, menem paýladym, soňra (üstüne ýapylýan) örtüklerini paýlamagy buýurdy, menem paýladym, soň derilerini paýlamagy buýurdy, men olaram paýladym”.
Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle gürrüň beripdir: “Ozal biz gurbanlyk eden düýelerimiziň etinden Minada wagtymyz üç günden artyk iýmezdik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize rugsat berdi we: “(Gurbanlyklaryňyzdan) iýiň we azyk höküminde ýanyňyz bilen hem alyň!” diýdi. Biz hem ondan iýdik we bir bölegini azyk höküminde ýanymyz bilen aldyk”.