"Äsmäniň hyzmatkäri Abdulladan rowaýat edilmegine görä, bir gezek Ebu Bekriň gyzy Äsmä (Allah olardan razy bolsyn, agşam bilen ýassy namazyny) jem edilýän gijesi Muzdelifede galyp, birnäçe wagtlap namaz okady. Soňra: “Eý oglum, aý gözden ýitip, gaýyp boldumy?” diýip sorady. Men: “Ýok” diýdim. Ol ýene-de birnäçe wagtlap namaz okady. Soňra ýene-de: “Oglum, aý batdymy?” diýip sorady. Men: “Hawa” diýdim. Äsmä: “Indi, ýola düşiň!” diýdi. Biz ýola düşüp, ýöräp gaýtdyk. Äsmä Jamra gelip (şeýtana) daş atdy. Soňra Minadaky ýerine gaýdyp geldi we şol ýerde ertir namazyny okady.
Men oňa: “Hanym, meniň pikirimçe biz Mina has irräk geldik ödýän” diýdim. Ol şonda: “Oglum! Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem aýallara muny özi rugsat berdi” diýdi."
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Muzdelife gijesinde Sewda (enemiz) agyr we haýal bolndygy sebäpli, (Mina irräk gitmek üçin) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rugsat sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem oňa rugsat berdi”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, biz Muzdelifä gelenimizde, Sewda haýal hereket edýändigi sebäpli hem-de adamlaryň dyknyşygyna düşmezden öň şol ýerden irräk çykyp gaýtmak üçin Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rugsat sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem oňa rugsat berdi.
Sewda adamlaryň dyknyşygyndan öň (Muzdelifeden) çykyp gaýtdy. Biz bolsa ertesi irdene çenli (Muzdelifede) galdyk. Soňra biz şol ýerden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bile gaýtdyk.
Eger-de, menem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden edil Sewdanyň rugsat soraýşy ýaly soran bolsadym, bu meniň üçin iň begendiriji zat bolardy!” diýdi."
Abdulla (ibn Mes‘uddan Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şu iki namazdan başga hiç bir namazy öz wagtyndan başga bir wagtda okanyny görmedim; (Muzdelifede) agşam namazyny ýassy namazy bilen birleşdirdi we ertir namazyny hem (adaty) wagtyndan ir okady”.
"Abdurrahman ibn Ýezidden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Abdulla ibn Mes‘ud bilen (Allah ondan razy bolsun) Mekgä tarap ýola düşdik. Muzdelifä gelenimizde, ol her namaz üçin aýratyn azan we kamat bilen iki namaz (agşam bilen ýassy namazyny) okady we arasynda agşamlyk naharyny iýdi. Soňra daň atan badyna ertir namazyny okady. Käbir adamlar (şol wagt) daň atypdy diýdiler, käbirleri bolsa, daň atmandy diýdiler.
Soňra Abdulla Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip aýtdy diýdi: “Bu iki namaz şu ýerde öz bellenilen wagtyndan üýtgeýändir. Goý, adamlar ýassy namazynyň wagty girýänçä, Muzdelifä gelmesinler. Ertir namazyny hem şular ýaly wagtda okasynlar” diýdi. Şondan soň Abdulla ibn Mes‘ud daň säheri doly agarýança şol ýerde galdy. Soňra şeýle diýdi: “Eger-de mu’minleriň emiri (Osman) häzir şu wagt Muzdelifeden Mina tarap hereket etse, sünnete laýyk etdigi bolardy” diýdi.
(Bu hadysy rowaýat eden Abdurrahman ibn Ýezid): “Men bilmedim, Ibn Mes‘udyň bu sözi ilki çykdymy ýa-da Osmanyň (Allah ondan razy bolsun, Muzdelifeden) çykyşy ilki boldy” diýdi.
Abdulla ibn Mes‘ud gurbanlyk güni Jamratul-Akaba daş atýança, telbiýäni gaýtalap geldi."
Omar (Allah ondan razy bolsun) Muzdelifede ertir namazyny okandan soň, (Maş‘aryl-Haramda) durdy we soňra şeýle diýdi: “Müşrikler gün dogmazdan öň (Muzdelifeden Mina tarap) çykyp gaýtmazdylar we olar: “Eý, Sabir (dagy) günüň şöhlesi saňa düşsin-de (bizem Mina gideli!)” diýerdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa olaryň tersine edip, (Muzdelifeden) gün dogmazdan öň çykyp gaýdardy” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Muzdelifeden Mina çenli düýesiniň arkasyna) Fadly mündirip gelipdi. Fadl Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Jamra daş atýança telbiýäni gaýtalap gelendigini habar berdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Usamete ibn Zeýd (Allah olardan razy bolsun) Arafatdan Muzdelifä çenli Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (düýesiniň) arkasyna münüp gelipdi. Soňra Muzdelifeden Mina çenli (Abbasyň ogly) Fadly mündürdi. Bularyň ikisi hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň tä, “Jamratul-Akaba” baryp daş atýança, durman telbiýäni gaýtalap gelendigini” habar berdiler”.
"Şu‘baň habar bermegine görä, Jemre şeýle diýipdir: “Men Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) Tammatu‘ hajy hakynda soradym. Ibn Abbas maňa ony etmekligi emr etdi. Men ýene-de ondan gurbanlyk maly hakynda soradym. Ibn Abbas: “Düýe, sygyr, goýun soýulýandyr ýa-da olary başga birleri bilen bileleşip alsaňam bolýandyr” diýdi.
Tammatu‘ hajy etmegi käbir adamlar tarapyndan halanmadyk ýaly bolup göründi. Soňra düýşimde bir adamyň maňa: “(Tammatu‘ hajy), Hajju – mabrurdyr (ýagny, birkemsiz ýerine ýetirilen kämil hajdyr) we kabul edilen bir umradyr!” diýenini gördüm. Soňra men gelip, muny Ibn Abbasa habar berdim. Ibn Abbasa: “Allahu Akbär! Bu Ebul-Kasymyň (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) sünnetidir!” diýdi."
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk etmek üçin niýetlän düýesini idip barýan bir adamy görüp, oňa: “Onuň üstine mün-de gidiwer!” diýdi. Ol adam: “Bu düýe gurbanlyk edilmeli düýe!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Mün şoňa!” diýdi. Ol adam ýene-de: “Bu düýe gurbanlyk ahyryn!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de ikinji ýa-da üçünji gezek oňa: “Işi gaýdan! Mün şoňa!” diýdi.