"Usamete ibn Zeýdden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Arafatdan gaýdyşyn men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň düýesiniň yzynda oturyp geldim. Haçanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Muzdelifäň bärisindäki ýoluň çep tarapyndaky jülgä ýetende, düýesini çökertdi we düşüp buşugyp geldi. Men oňa suw akytdym, ol ýeňilräk edip täret aldy. Men: “Ýa Resulallah, namaz okajakmy?” diýip soradym. Ol: “Namaz (entek) öňüňde” diýip jogap berdi.
Soňra düýesine münüp, Muzdelifä geldi we şol ýerde namazyny okady. Ertesi irden bolsa, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň düýesiniň yzyna Fadl ibn Abbas münüp gaýtdy”."
Fadl (ibn Abbasdan) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem tä, Jemra (şeýtana daş atylýan ýere) gelýänçä, telbiýe aýdyp gelipdir.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Men bir gezek Arafa güni Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde (Muzdelifä) gaýdyp gelýärdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem arkasynda käbir adamlaryň gygyryp, ses edip düýelerini urup duruşyny we düýeleriň bögürip ses edişlerini gördi. Gamçysyny olara tarap yşarat edip: “Eý adamlar köşeşiň! Çünki howlugyp ybadat edip bolýan däldir” diýdi”.
"Usamete ibn Zeýdden (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Arafatdan gaýdyşyn jülgä ýetip düýesinden düşdi we buşugyp, ýeňilräk täret aldy. Men: “Namazmy?” diýip soradym. Ol: “Namaz (entek) öňüňde” diýdi.
Soňra Muzdelifä geldi we bu gezek gowy edip täret aldy. Soňra namaza kamat aýdyldy, agşam namazyny okady. Soňra her kim duran ýerinde öz düýesini çökerdip düşlänlerinden soňra, ýassy namazyna kamat aýdyldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem turup ýassy namazyny okady we şol iki namazyň aralygynda (ýagny agşam bilen ýassy namazynyň arasynda başga) hiç hili namaz okamady”."
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Muzdelifede agşam bilen ýassy namazlaryny birleşdirdi. Her namaz üçin aýratyn kamat aýdyldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ne bu iki namazyň arasynda, ne-de olardan soň hiç hili sünnet namazyny okalmady”.
Ebu Eýýub Ensarydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Weda‘ hajynda, Muzdelifede agşam bilen ýassy namazlaryny birleşdirdi”.
"Abdurrahman ibn Ýezidden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla (ibn Mes‘ud Allah ondan razy bolsun) haj etdi. Biz şonda Muzdelifä ýassy namazynyň azan wagtynda ýa-da oňa golaýrak bir wagtda gelipdik. Ol bir adama azan we kamat aýtmaklygy buýurdy. Soňra agşam namazyny okady we şondan soň ýene-de iki rekagat namaz okady. Soňra agşamlyk naharyny getirmeklerini isledi we naharyny iýdi. Soňra bir adama azan we kamat aýtmaklygy buýurdy. Soňra ýassy namazyny iki rekagat edip okady.
Daň atan badyna, ol: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şunuň ýaly wagt, şu ýerde we şu (gurbanlyk) gününde bu namazdan başga hiç hili namaz okamazdy” diýdi.
Abdulla ýene-de şeýle diýdi: “Bu iki namaz öz bellenilen (mustahab) wagtyndan üýtgedilen namazlardyr; Agşam namazy adamlar Muzdelifä gelen wagtlary okalýandyr, ertir namazy bolsa daň atan badyna okalýandyr”. Ol: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle edenini gördüm” diýdi."
Sälim şeýle diýdi: “Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) maşgalasynyň ejizräklerini (aýallary, çagalary we ýaşulylary) Muzdelifeden Mina tarap öňünden irräk ibererdi. Olar gijesine Muzdelifedäki Maş‘arul-Haramda durardylar we Allahy bilýän zikrlerinden zikir ederdiler. Soňra olar entäk ymamlar Muzdelifedäki Maş‘arul-Haramda durmankalar we Mina gidip başlamakalar, Mina tarap gaýdyp gelerdiler. Olaryň käbirleri Mina ertir namazynyň wagtynda, käbirleri bolsa biraz gijräk baryp ýeterdiler. Olar Mina gelenlerinde Jamra daş atardylar. Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun): “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bu ejiz ynsanlara şeýle etmegi rugsat berdi” diýdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni Muzdelifeden gije ugradypdy”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Muzdelife gijesi Mina ugradan maşgalasyndaky ejizleriň içinde menem bardym”.