Muhammed ibn Ebu Bekr As-Sakafiden rowaýat edilmegine görä, bir gezek olar Minadan Arafata tarap gidip barýarkalar, ol Enes ibn Mälikden: “Şunuň ýaly günde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bile bolan wagtlayňyz nemä ederdiňiz?” diýip sorady. Ol: “Telbiýe eden telbiýe ederdi, hiç kim oňa muny gadagan etmezdi, tekbir eden tekbir ederdi oňa-da hiç kim hiç zat diýmezdi” diýdi.
"Sälimden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Abdulmelik (ibn Merwan) Hajjaja haj meselesinde Ibn Omaryň pikirine garşy gelmezligi emr edip, oňa bir hat ýazyp ugradypdyr. Arafa güni Gün çür depeden (günbatarlygyna tarap) süýşip başlan badynda (kakam) Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) gelip, Hajjajyň çadyrynyň öňünde belent sesi bilen gygyrdy.
(Bu sesi eşidip) çöl zagfarany bilen boýalan donyny egnine atyp Hajjäj daşaryk çykdy we: “Eý Ebu Abdyrrahman, saňa näme boldy?” diýip sorady. Ibn Omar: “Eger-de sünnete eýerjek bolsaň, Arafata ýöre” diýdi. Hajjäj: “Şu wagtmy?” diýip sorady. Ibn Omar: “Howa” diýdi. Hajjäj: “Garaş, men kellämden bir suw akydaýyn, soň çykaryn” diýdi. Ibn Omar düýesinden ýere düşüp, Hajjaj çykýança garaşdy.
Sälim şeýle diýdi: “Hajjaj çykan soň ol, meniň bilen kakamyň arasyndan ýöräp gitdi. Men Hajjaja: “Eger-de sünnete laýyk etjek bolsaň, hutbany gysga oka-da, Arafatda durmagy çaltlaşdyr!” diýdi. Şol wagt, Hajjaj Abdullanyň ýüzüne seredip başlady. Abdulla muny görüp: “(Sälim) dogry aýtdy” diýdi."
” •Abdulmelik ibn Merwan umewileriň halyfy bolupdyr. (685-705) ýyllarda.
• Hajjaj ibn Ýusuf Yragyň emiri we Abdulmeligiň (zalym) serkerdesi bolupdyr
• Ýagny suwa düşeýin diýmek isledi.
• Mesjidi Nemiredäki hutbany.”
Ummu Fadl bintu Harisden rowaýat edilmegine görä, bir gezek Arafa güni käbir adamlar meniň ýanymda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agyzy bekläp, beklemedigi hakynda jedelleşdiler. Käbirleri: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (şu gün) agzy bekli” diýdiler. Käbirleri bolsa: “Bekli däl” diýdiler. Şondan soň men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Arafatda düýesiniň üstünde durka bir käse süýt ugratdym, ol hem ony içdi” diýdi.
"Ibn Şihäbden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Sälim maňa şeýle habar berdi: “Haçanda, Hajjaj ibn Ýusuf, Ibn Zubeýr bilen (Allah olardan razy bolsun, söweşmek) üçin gelen ýyly, ol Abdulladan (Allah ondan razy bolsyn): “Arafa güni sen Arafatda nädip durýarsyň?” diýip sorady.
Sälim: “Eger-de, sünnete laýyk etjek bolsaň, onda Arafa güni (zowaldan soň) derrew namazyňy oka!” diýdi. Abdulla ibn Omar: “Sälim dogry aýtdy. Çünki sahabalar sünnete görä, öýle bilen ikindi namazynyň arasyny birleşdirerdiler” diýdi.
Men Sälimden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem şeýle ederdimi?” diýip soradym. Sälim: “Eýsem, siz bu meselede sünnetden başga bir zada eýerjekdiňizmi!?” diýdi."
"Sälim ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, Abdulmelik ibn Merwan, Hajjaja haj meselesinde Abdulla ibn Omarayň yzyna eýermekligi tabşyryp, hat ýazyp ugratdy. Arafa güni gelip, Gün çür depeden (günbatarlygyna tarap) süýşip, meýil edip başlan badynda (kakam) Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) gelip we men hem onuň bilen biledim, Hajjajyň çadyrynyň öňünde belent sesi bilen “Nirede bu?” diýip gygyrdy.
Hajjäj daşaryk çykdy. Ibn Omar oňa: “(Arafa) gitmeli wagt boldy!” diýdi. Hajjäj: “Häzirmi?” diýdi. Ibn Omar: “Howa” diýdi. Hajjäj: “Biraz garaş, kellämden bir suw akydaýyn” diýdi. Ibn Omar düýesinden ýere düşüp, Hajjaj çykýança garaşdy. Hajjaj çykan soň meniň bilen kakamyň arasynda ýöredi.
Men oňa: “Egerde sen bu gün sünnete laýyk hereket etjek bolsaň, hutbany gysga oka-da, Arafatda durmaga howluk!” diýdi. Ibn Omar: “(Sälim) dogry aýtdy” diýdi."
Jubeýr ibn Mut‘ymdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Arafa güni bir düýämi ýitirdim we ony gözlemäge çykdym. Men şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Arafatda duranyny gördüm we (öz-özüme), Wallahy, bu ahmeslerden bolmaly, onuň bu ýerde näme işi barka?” diýdim.
•Yslamdan öň kureýişler we haramda ýaşaýan araplar özlerine ahmesler diýipdirler. Olar haj edenlerinde Haramyň çäginden çykmandyrlar. Ahmes köplük sanda bolup biligi Humsy-dyr.
"‘Urwa şeýle diýipdir: “Yslamdan öňki jähiliýýet döwürinde ahmeslerden başga ähli adamlar ýalaňaç halynda towaf ederdiler. “Ahmesler” – bular Kureýişliler we olaryň doguran nesilleridi. Ahmesler sogap üçin (haja gelýän) adamlara öz eşiklerini bererdiler. Erkekler erkeklere, aýallar bolsa aýallara eşik bererdiler. Olar hem şol eşikleri geýip towaf ederdiler. Ahmesileriň eşik bermedik adamsy bolsa, ýalaňaç halynda towaf ederdi. Adamlaryň hemmesi Arafatdan çykyp gaýdardylar, humsylylar bolsa, Muzdelifeden gaýdardylar.
Kakam Aişadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat etmegine görä, ol bu aýatyň humsylylar hakynda inderilendigini habar beripdir: “Soň ynsanlaryň (sil ýaly) akyp gidýän ýerinden siz hem akyp gidiň”. {Bakara:199}.
‘Urwa şeýle diýdi: “Olar Muzdelifeden çykyp gaýdardylar. (Soňra) olara hem Arafatdan çykyp gaýtmaklyk emr edildi”."
‘Urwadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Usameden, men hem şol ýerde otyrdym, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Weda‘ hajynda Arafatdan çykyp Muzdelifä gelende nähili ýagdaýda hereket edip geldi” diýip soradylar. Usame: “Gatam däldi, ýuwaşam däldi, ortaça bir ýöriş bilen geldi. Giňräk bir ýere gelse-de, çaltrak hereket ederdi”.
Usamete ibn Zeýtden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Arafatdan Muzdalifa tarap gaýdan wagty, bir jülgä ýetende, oňa tarap öwrüldi we hajatyny bitirip, täret aldy. Men: “Ýa Resulallah! Namaz okajakmy?” diýip soradym. Ol: ”Namaz entek öňüňde!” diýdi.
Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun, Muzdelifede) agşam namazy bilen ýassy namazyny birleşdirip, (bir wagtda) okardy. Ondan başga-da, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň giren jülgesiniň ýanyndan geçerdi we oňa tarap öwrülip, hajatyny bitirip, täret alardy we Muzdelifä baryp şol ýerde namaz okaýança, hiç hili namaz okamazdy”.