Ebu Şa‘sadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Käbeden bolan bir zatdan kim gaça durup biler?!”. Mu‘awiýa Käbäniň dört burçuna-da elini degirerdi. Bir gün Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) oňa: “Bu iki burça degilmeýär” diýdi. Mu‘awiýa oňa: “Käbeden taşlanan zat ýokdur” diýip jogap berdi. Ibn Zubeýr (Allah olardan razy bolsun) Käbäniň ähli burçlaryna-da degirerdi)
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şol iki rukunden başgasyna elini degirenini görmedim”.
Zeýd ibn Eslemden rowaýat edilmegine görä, onuň kakasy şeýle diýipdir: “Men Omar ibn Hattabyň (Allah ondan razy bolsun) gara daşy öpüp: “Eger-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň seni öpenini görmedik bolsadym, men seni öpmezdim” diýenini görüpdim”.
Zubeýr ibn ‘Arabydan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) gara daşy istiläm (elläp ogşamak) hakynda sorady. Ol: “Men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň ony elläp, ogşanyny gördüm” diýdi. Zubeýr: “Men ondan: “Eger ol ýerde gaty köp adam bar bolup, dyknyşyk bolsa näme etmeli? Maňa ony etmäge maý bermeseler näme etmeli?” diýip soradym” diýdi. Ibn Omar oňa: “Sen bu “Näme etmelileriňi?” (äkit-de) Ýemende goý! Men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň ony elläp, ogşanyny gördüm” diýdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýäň üstünde-de towaf edipdi we her gezek Hajerul-Eswediň deňine ýetende oňa yşarat edip geçerdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýäň üstünde-de towaf edipdi we her gezek Hajerul-Eswed rukunyň deňine ýetende, ýanynda näme bar bolsa, şonuň bilen yşarat edip, Allahu Akbär diýip, geçerdi”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselem Mekgä gelende ilki bilen täret alyp, soňra towaf etdi. Ýöne bu umra boldygy däldi. (Çünki, muny edip yhramdan çykmady). Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselemden soň Ebu Bekr we Omar hem (Allah olardan razy bolsyn) haj edenlerinde edil şonuň ýaly etdiler.
Soňa men (kakam) Ebuz-Zubeýr bilen (Allah ondan razy bolsun) haj etdim. Onuň hem ilkinji eden işi, Käbä towaf etmek boldy. Soňra men Muhajirleri we Ensarylary gördüm, olaryň hemmesi hem şonuň ýaly etdiler. Olaryň hem bu eden zatlary umra bolmady.
Ejem Äsmä maňa şeýle habar berdi: “Onuň özi, aýal dogany (Aişe), Zubeýr we pylan-pylan adamlar bolup umra hajy etmek üçin yhram baglap, telbiýe edipdirler. Bular Hajerul-Eswede ellerini degirip, ogşanlaryndan soň, (ýagny, towaf we sa‘y edenlerinden soň) yhramdan çykypdyrlar."
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem haj ýa-da umra etmek üçin Mekgä gelen wagty, towaf edende ilkinji üç towafy gaty-gaty ýöräp geçerdi, galan dördüsini bolsa, adaty ýörişi ýaly ýöräp geçerdi. Soňra iki rekagat namaz okardy, soňra bolsa Safa-Merwe arasynda sa‘y ederdi”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäň daşyndan ilkinji gezek towaf edip başlanda, üç towafy gaty-gaty ýöräp geçerdi, galan dördüsini bolsa, adaty ýörişi ýaly ýöräp geçerdi. Safa-Merwe aralygynda sa‘y edende bolsa, jülgäň ortasyna ýetende ylgardy”.
"Habar berilmegine görä, Ibn Jureýj şeýle diýdi: “ ‘Ata (ibn Rabaha) maňa şeýle gürrüň berdi: “Haçanda, Ibn Hişam aýallara erkekler bilen towaf etmekligi gadagan edende, ‘Ata oňa şeýle diýdi: “Sen nädip muny gadagan edip bilýärsiň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallary hem erkekler bilen (bir wagtda) towaf etdiler?” diýdi.
Ibn Jureýj: “Men ‘Atadan: “Bu diýýäniň, hijap bilen örtünmek emr edilenden soň boldumy ýa-da öň?” diýip soradym. ‘Ata: “Howa, kasam edýärin! Meniň muny görenim hijap dakynmak parz edilenden soňdy” diýdi. Men ýene-de: “Olar nädip erkekler bilen garyşyp bildiler?” diýip soradym. ‘Ata: “Olar erkekler bilen garyşmazdylar. Aişa (Allah olardan razy bolsun) erkeklerden aýry bir ýerde towaf etdi, olar bilen garyşmady” diýdi. Bir gün bir aýal Aişa: “Eý mu’minleriň enesi, ýör, gidip Gara daşa elimizi degirip, ony ogşaly?” diýdi. Aişa oňa: “Goý muny!” diýip, ondan ýüz öwürdi.
Zenanlar towaf etmek üçin gije çykardylar we hijap bilen örtünip, erkekler bilen bir wagtda towaf ederdiler. Ýöne Käbäň içine girjek wagtlary, erkekleriň çykan wagtlaryna gabat gelse, (ol ýere girmän, ybadat bilen meşgul bolup, garaşyp) durardylar.
Ýene-de ‘Ata: “Men ‘Ubeýd ibn ‘Umeýr bilen bilelikde, (Muzdelifedäki) Sebir dagynyň içinde bolan wagtlary, Aişany zyýarat ederdik” diýdi. Men (‘Atadan): “Onuň hijaby nähilidi?” diýip soradym. ‘Ata: “Aişa şol gün kiçiräk bir çadyryň içinde bolýardy we onuň (gapysynda) ýekeje perdesi bardy. Onuň bilen biziň aramyzda şondan başga hiç zat ýokdy. Men (şol gün) onuň egninde güliň reňki bilen boýalan, gülgüne reňkli bir köýnek gördüm” diýdi."