"Ady ‘Ata ibn Ebu Meýmune bolan, Ebu Mu’azdan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Men Enesiň (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýenini eşitdim: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajatyny bitirmek üçin daş çykan wagty, men bir oglan bilen bir gapda suw alyp onuň yzyndan barardym”. "
Ata ibn Ebu Meýmuneden rowaýat edilmegine görä, ol men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (hajatyny bitirmek üçin) meýdana çykardy, men ýanymda bir oglan bilen bilelikde oňa bir gapda suw bilen ‘anaza äkidip bererdim. Ol şol suw bilen synja gylardy”.
Ata ibn Ebu Meýmuneden rowaýat edilmegine görä, ol men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (hajatyny bitirmek üçin) meýdana çykardy, men ýanymda bir oglan bilen bilelikde oňa bir gapda suw bilen ‘anaza äkidip bererdim. Ol şol suw bilen synja gylardy”.
Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň biriňiz buşugan wagty, zekerini sag eli bilen tutmasyn, sag eli bilen synja etmesin we bir zat içen wagty, gabyň içine demini alyp goýbermesin!”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajatyny bitirmek üçin daş çykanda, men onuň yzyndan gitdim. Ol (aňsat) töweregine seretmezdi. Haçan-da, onuň ýanyna golaý baranymda, Ol maňa “Süpüriner ýaly maňa biraz daş tapyp getir, ýöne süňk bilen tezek getiräýme” (ýa-da şuňa meňzeş bir zat aýtdy) diýdi. Soňra men köýnegimiň eteginde birnäçe daş getirip, onuň gapdalynda goýdum, ýüzümi bolsa ondan öwürdim. Ol hajatyny bitirenden soň, olardan alyp ulandy”.
Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem uly meýdan etmek üçin daş çykdy we maňa-da üç sany daş getirmegi buýurdy. Men iki sany daş tapdym, ýöne üçünjisini gözläp tapyp bilmedim. Soňra bir gury tezek tapyp, olary (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme) getirip berdim. Ol iki daşy aldy, tezegi bolsa “Bu nejisdir” diýip zyňyp goýberdi”.
(Abdulla) ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret alanda, (agzalaryny) bir-birden ýuwup täret alardy”.
Abdulla ibn Zeýdden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret alanda, (täret alýan agzalaryny) iki-ikiden ýuwardy”.
"Ibn Şihäbden rowaýat edilmegine görä, ‘Ata ibn Ýezid Osmanyň öň azat eden guly bolan, Humranyň habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek ol Osman ibn ‘Affanyň bir (kişä) bir gapda suw getirmegi buýurandygyny görüpdir. (Haçan-da, oňa suw getirenlerinde), üç gezek ellerinden suw akydyp ýuwdy. Soňra sag elini gabyň içine sokup, suw alyp agzyny çaýkady we burnuny ýuwdy. Ondan soň ýüzüni we gollaryny tirseklerine çenli üç gezekden ýuwdy. Soňra kellesine mesh etdi. Soňra aýaklaryny topuklaryna çenli üç gezekden ýuwdy.
Şondan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip aýtdy diýdi: “Kimde-kim meniň şu täret alşym ýaly täret alsa, soňra içini gürletmän, iki rekagat namaz okasa, geçen ähli günäleri bagyşlanar”."
"Humrandan habar berilmegine görä, Osman (Allah ondan razy bolsun) täret alyp bolandan soň şeýle diýdi: “Size bir hadys aýdyp bereýinmi? Eger-de (Allahyň kitabynda) bu aýat bolmadyk bolsady, men ony size aýdyp bermezdim. Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýip aýdanyny eşitdim diýdi:
“Eger-de bir adam täret alanda, täretini kämil, gowy edip alsa, soňra namaz okasa, tä, indiki okajak namazyna çenli aralykdaky günäleri bagyşlanar”.
Urwa (Osman ibn ‘Affanyň) diýen aýaty şu aýatdyr diýdi: “Takyk, Biziň inderen äşgär delillerimizi we Kitapda ynsanlara anyk görkezen dogry (hidaýat) ýolumyzy gizleýänleri, Allahyň näletleýşi ýaly, ähli näletleýjiler hem olary näletlär” {Bakara:159}."