Usame ibn Zeýdden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulallah! (Ertir) Sen nirede galjak, Mekgedäki öz öýüňdemi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Akil näme öý goýdymy ýa jaý goýdymy?”.
Akil bilen Talyb Ebu Talybyň mirasdüşerleri boldy. Ja‘far bilen Aly bolsa (Allah olardan razy bolsyn) Ebu Talybdan hiç zat miras almadylar, sebäbi olar musulmandylar. Akil we Talyb bolsa kapyrdyrlar.
Omar ibn Hattab (Allah olardan razy bolsun): “Mu’min adam kapyrdan miras almaz” diýdi. Ibn Şihab: “Muny Allahyň şu aýatlary bilen düşündiripdirler diýdi”.
Allah Tagala şeýle diýdi: “Iman getirip, Allahyň ýolunda hijret (göç) edenler, emläkleri we janlary bilen söweşenler we olara arka çykan ensarlar (medineli musulmanlar), ine, olar birek-biregiň dostlarydyr (biri-birileriniň mirasdüşerleridir). {Enfal:72}."
Ebu Hureýreden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgä gelmekçi bolanda: “Inşaallah, biziň ertirki menzilimiz, kureýişlileriň biri-birleri bilen küfüre ähd edip, kasam eden ýerleri bolan Benu Kinanalylaryň ýurdy bolar” diýdi.
"Ebu Hureýreden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk güni ir säher bilen Minada wagty: “Biz ertir (kureýişliler) biri-birleri bilen öz aralarynda küfüre ähd edip, kasam eden ýerleri bolan, Benu Kinanalylaryň ýurdunda düşläris”. Ýagny, kuraýşlylar we Kinanalylar öz-aralarynda Benu Haşim we Benu Abdulmuttalyb (ýa-da Benu Mutallyb) ogullaryna garşy, tä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi olaryň ellerine gowşurýançalar, olar bilen nika hem-de söwda gatnaşyklaryny etmezlige dil düwüşip, ähd eden ýerleri bolan Muhassab diýilýän jülgäni göz öňüne tutup aýdypdyr.
Ebu Abdulla (Buhary): “Benu Muttalyb, diýilse has takykyrak bolar” diýipdir."
Ebu Hureýreden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Käbäni Efiopadan aýaklary inçejik bir adam ýykar”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Musulmanlar) Remezan aýynyň orazasy parz edilmezden öň, Aşura güni agyzlaryny beklärdiler we şol gün hem Käbäniň örtügi täzelenerdi. Haçanda, Allah Remezan aýynyň orazasyny parz eden wagty, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Aşura güni agyz beklemek isleýän adam, beklesin. Islemedigem beklemesin!” diýdi.
"Ebu Sa‘yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ýa‘juj we Mä‘juj çykandan soň hem, Käbä hökman hajam ediler, umrada ediler”.
Şu‘badan rowaýat edilmegine görä, ol: “Käbä haj edilmän galýança, Kyýamat gopmaz” diýipdir"
Ebu Wailden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men Şeýbe bilen Käbäniň içinde bir kürsiniň üstünde oturdym. Ol maňa: “Bir wagtlar şu ýerde Omar (Allah ondan razy bolsun) oturypdy. Ol şonda: “Men şu Käbäniň içindäki ähli altyn-kümüşleri (garyplara) paýlasym gelýär” diýdi. Men oňa: “Seniň iki dostuň muny etmediler” diýdim. Omar: “Ol ikisi meniň elmydama yzyna eýerýän adamlarymdyr” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men (şu wagt) aýagyny giň açyp, Käbäniň daşlaryny ýeke-ýeke söküp oturan gara adamy görüp duran ýaly” diýdi.
Ebu Hureýreden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Käbäni Efiopadan aýaklary inçejik bir adam ýykar”.
‘Abis ibn Rabia’dan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gün Omar (Allah ondan razy bolsun) gelip, Hajerul-Eswedi öpdi we şeýle diýdi: “Men seniň ne peýda, ne-de zyýan berip bilmejek bir daşdygyňy bilýärin. Eger-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň seni öpenini görmedik bolsadym, men seni öpmezdim” diýdi.