Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekge feth edilen ýyly Mekgä Kedadan girdi. Çykanda-da Mekgäniň iň ýokary tarapyndan, Kudadan çykyp gitdi.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekge feth edilen ýyly Mekgäniň iň ýokary tarapyndan Kedadan girdi.
Hişäm şeýle diýdi: “‘Urwa Kedadanam, Kudadanam, ikisindenem girerdi, ýöne öýüne has ýakyn bolany üçin köplenç Kada-dan girerdi”."
‘Urwadan rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekge feth edilen ýyly Mekgäniň iň ýokary tarapyndan Keda-dan girdi. ‘Urwa öýüne has ýakyn bolany üçin köplenç Kada-dan girerdi
"Hişämdan rowaýat edilmegine görä, onuň kakasy (‘Urwa) şeýle diýipdir: “Mekge feth edilen ýyly Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgä Kedadan girdi”.
‘Urwa olaryň ikisindenem girerdi. Ýöne öýüne has ýakyn bolany üçin köplenç Kada-dan girerdi”."
Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Käbe (kureýişliler tarapyndan) gurulanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we (onuň pylan kakasy) Abbas daşy eginlerinde goýup daşaýardylar. Abbas Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme: “Izaryňy çykar-da, egniňde goý! (Şonda daşamak aňsat bolar)” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (izaryny çykaran badyna huşuny ýitirip), ýere ýykyldy we onuň iki gözi asmana dikilip galdy. “Meniň izarymy ber!” diýdi we ony alyp (biline) daňdy.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aişa ýüzlenip: “Seniň kowumyň (kureýişliler) Käbäni guranlarynda (öňki) Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadyndan (bir bölegini goýup) gysgaldyp gurandyklaryny bilýäňmi?” diýdi. Men ondan: “Ýa Resulallah! Sen Käbäniň diwarlaryny (öňki) Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadyna gaýtaryp (täzeden gurjak) dälmi?” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger-de, seniň kowumyň (imana girişi) kapyrlyk zamanyna ýakyn bolmadyk bolsady, men ony hökman ederdim” diýdi.
Abdulla (ibn Omar Allah olardan razy bolsun): “Men Aişanyň muny Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden eşidendigine şübhelenmeýärin, çünki men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Hijre ýakyn bolan ol iki burçyna elini degirmedigini (ýöne ýerden) däldigini bilýärin. Çünki Käbe Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýady esasynda gurulan däldir” diýdi."
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Hijr (Käbäniň daşyndaky aýlawly binýat) Käbädenmi?” diýip soradym. Ol: “Hawa” diýdi. Men ýene-de: “Onda näme üçin olar ony Käbä birikdirmediler?” diýip soradym. Ol: “(Şol wagt) seniň kowumyň pul-serişdeleri ýetmedi” diýdi. Men ýene-de: “Näme sebäpden onuň gapysy ýokarda ýerleşýär? diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Islän adamlaryny içeri salyp, islemediklerini bolsa salmazlyk üçin, muny seniň kowumyň şeýle etdi. Eger-de, seniň kowumyň jähiliýýet döwrüne şeýle ýakyn bolmadyk bolsalardy, hem-de muny olaryň ýürekden ýigrenip inkär etmejeklerinden gorkmadyk bolsadym, Hijri Käbä birikdirerdim we onuň gapysyny ýer bilen deň ederdim” diýdi.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “(Eý, Aişa!) eger-de, seniň kowumyň küpüre şeýle ýakyn bolmadyk bolsalardy, Käbäni ýykyp, täzeden Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadynyň üstünden gurardym. Çünki, Kureýişliler guran wagtlary öňküsinden kiçeltdiler, hem-de men onuň arka tarapynda gapy hem goýardym” diýdi.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýipdir: “Eý, Aişa! Eger-de seniň kowumyň jähiliýýet döwrüne şeýle ýakyn bolmadyk bolsalardy, men hökman Käbäni ýykdyryp, onuň öňki durkundan aýrylan zatlary birikdirerdim, gapysyny hem ýer bilen deň ederdim. Gündogar we günbatar tarapynda, iki sany gapy goýardym” diýen sözüni aýdyp berdim. Ibrahym (aleýhissalamyň) guran binýadynyň üstünden gurardym.
Ibn Zubeýriň (Allah olardan razy bolsun) Käbäniň ýykmaklygynyň sebäbi hem (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Aişa aýdyp beren) bu arzuwy boldy.
Ýezid şeýle diýdi: “Men Ibn Zubeýriň Käbäni ýykyp täzeden gurdyranyna şaýat boldum. Hijriň belli bir bölegini Käbä birikdirdi. Şol wagt men Käbäniň binýadynda, Ibrahym (aleýhissalam) tarapyndan goýulan, düýäniň örküçleri ýaly daşlary gördüm. Jerir şeýle diýdi: “Men Ýezide: “Ibrahym (aleýhissalamyň) binýadynyň ýeri nirede?” diýip soradym. Ýezid: “Men häzir ony saňa görkezjek” diýdi. Men onuň bilen bilelikde Hijre girdim. Ol: “Han-ha, şol ýerde” diýip bir ýer görkezdi. Jerir şeýle diýdi:"
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekge feth edilen güni şeýle diýipdir: “Allah şu şäheri haram (mukaddes) etdi. Onuň otlaryny-agaçlaryny kesmek, ýabany aw haýwanlaryny ürküzmek hem-de ýitirilen zady eýesine gowşurmak niýeti bolmasa ony ýerden galdyrmak gadagandyr.