Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem fitre zekadyny (sadakasyny) bir saag barabarynda hurmadan ýa-da bir saag arpadan bermegi emr etdi”. Abdulla (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Adamlar bugdaýyň iki muddyny (ýagny, iki goşawuç ýa-da ýarym saag bugdaýy ýokardaky sanalan zatlar) bilen deň etdiler”.
Ebu Sa‘yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň zamanynda (fitre sadakasyny) bir saag tagamdan (bugdaýdan) ýa-da bir saag hurmadan ýa-da bir saag arpadan ýa-da bir saag kişmişden bererdik. Haçanda Mu‘awiýa (döwlet başyna) gelip, bugdaý bol bolanda, Mu‘awiýa: “Bir mudd bugdaý beýleki (ýokarda görkezilen önümleriň) iki muddyna deň bolar diýip hasap edýärin” diýdi.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem fitre zekadyny (sadakasyny) adamlar baýram namazyna çykmazyndan öň bermekligi emr etdi”.
Ebu Sa‘yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe (fitre sadakasyny) baýram güni bir saag tagamdan (bugdaýdan) bererdik”. Ýene-de Ebu Sa‘yd şeýle diýdi: “(Şol wagtlar biziň iýýän tagamymyz arpa, kişmiş, akyt we hurmadan ybaratdy”.
"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem fitr zekadyny (sadakasyny ýa-da Remezan sadakasyny) bir saag barabarynda hurmadan ýa-da bir saag arpadan bermegi erkege, aýala, azada, gula parz etdi. Adamlar bolsa ony ýarym saag bugdaý bilen çalyşdylar”.
Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun! Fitre sadakasyny) hurmadan bererdi. Ýöne Medinede hurma azalan wagty, arpadan bererdi. Ibn Omar (fitre sadakasyny) uly – kiçi (nefakasy wajyp bolýan) her bir adamyň adyndan bererdi. (Nafi’): “Hat-da meniň çagalarymyň adyndan hem bererdi” diýdi. Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) fitre sadakasyny, ýörite (döwlet tarapyndan) ýygnamak üçin bellenilen adama bererdi. Adamlar ony baýramdan bir ýa-da iki gün öň bererdiler”"
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem uly – kiçi, azat adam bolsun ýa gul bolsun, her bir adama fitre sadakasyny, bir saag barabarynda arpadan ýa-da bir saag hurmadan bermekligi parz etdi”.
Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “(Bir gezek Abbasyň ogly) Fadl Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň düýesiniň üstünde onuň arkasynda otyrka, Has‘am taýpasyndan bir aýal geldi. Şol wagt Fadl aýala, aýal bolsa Fadla seredip başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Fadlyň ýüzüni başga tarapa öwürdi. Ol aýal: “Ýa Resulallah! Allahyň bendelerine haj etmek parzy kakamyň gaty garran çagyna gabat geldi. Indi, ol düýäniň üstünde ykjam durup hem bilmeýär. Onuň ýerine men haj etsem bolarmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, (edip bilersiň)” diýdi. Bu waka hoşlaşyk haj wagtynda bolup geçipdi”.
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi Zul-Huleýfede düýesiniň üstüne münüp, düýesi aýak üstüne galandan soň hem telbiýe aýdanyny gördüm”.
” •Zul-Huleýfe, Medineden dört mil uzaklykda ýerleşýär. Ol ýer Medineliler we şol tarapdan gelenler üçin yhram baglanýan ýerdir.
•Yhram baglap, gaty ses bilen “Lebbeýkallahummä! Lebbeýk…” diýip gaýtalamak.”
Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem telbiýäni, Zul-Huleýfeden düýesi aýak üstüne galyp gönelen badyna başlady”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Aişanyň ýany bilen onuň dogany Abdurrahmany goşup ugratdy. Abdurrahman ony (düýäniň örküjiniň ululygyndaky bir) eýere mündürip, Tan‘ymdan umra hajyny ýerine ýetirmek üçin alyp gitdi”.
Omar (Allah ondan razy bolsun): “Haj etmek üçin eýerleriňizi baglaň, çünki haj, iki jihädiň biridir” diýdi."