"Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ýa Resulullah! Maňa (öňki ölen ärim) Ebu Selemäniň çagalaryna harç edýän zatlarym üçin sogap bolarmyka? Çünki olar meniň hem çagalarym” diýip soradym.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, harç ediber, olara näme harç etseň sogabyny alarsyň” diýdi”."
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bir adama zekat sadakasyny) ýygnamagy buýurdy. (Bir näçe wagtdan soň): “Ibn Jemil, Halid ibn Welid we Abbas ibn Abdulmuttalyb dagylar zekat bermekden boýun towlap, bermediler” diýdiler.
Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ibn Jemil zekat bermekden nädip boýun towlap bildikä, ony garyp wagty, Allah we onuň Resuly baý etmedilermi näme? Emma Halid gezek galanda, siz oňa zulum edýärsiňiz. Ol öz söweş esbaplaryny, sowudyny we at-ýaraglaryny Allah ýolunda ulanmak üçin wakf etdi. Abbas ibn Abdulmuttalyb bolsa, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem pylan kakasydyr. Oňa-da zekat bermek wajypdyr, (hat-da) ýene-de şonçany goşup bersin” diýdi."
Ebu Sa‘yd Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Ensarylardan birtopar adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden bir zatlar islediler. Ol hem berdi. Soňra ýene soradylar, ýene berdi. Soňra ýene soradylar, ýene berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem elindäkiler tükenýänçä berdi. Soňra olara şeýle diýdi: “Elimde nämäm bar bolsa, ony sizden gysganman bererdim. (Ýöne şuny bilip goýuň!) kimde-kim dilegçilikden, tamakinçilikden halas bolmaklygy isleýän bolsa, Allah ondan halas eder. Kim başgalara mätäç bolmagy islemeýän bolsa, Allah ony hiç kime mätäç etmez. Sabyrly bolmak isleýän adamy, Allah sabyrly eder. Hiç bir ynsana, sabyr etmekden haýyrly has uly döwlet peşgeş berlen däldir”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Janym elinde bolan (Allahdan) ant içýärin! Siziň haýsydyr biriňiziň, ýüpüni alyp, arkasynda odun ýygnamagy, bir adamyň ýanyna gelip, bersin-bermesin bir zat dilemeginden has haýyrlydyr”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň haýsydyr biriňiz eline ýüp alyp, arkasynda bir daňy odun getirip satyp gazanç etmegi sebäpli, Allahyň ony dilegçilik etmeginden goramagy, onuň adamlardan bersin ýa-da bermesin bir zat dilegçilik etmeginden has haýyrlydyr”.
"Hekim ibn Hizamden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden bir zat soradym, ol maňa berdi, soň ýene soradym, ýene berdi, soň ýene-de soradym, ol maňa ýene-de berdi, soňra bolsa Ol maňa ýüzlenip şeýle diýdi:
“Eý, Hekim! Elbetde bu mal-mülk özüne çekiji we datly bir zatdyr. Kim ony nebsiniň sahawaty bilen (ýagny harsy dünýäligini, tamakinçiligini bildirmän) alsa, on-da ol mala bereket beriler. Kimde-kim ol maly açgözlüligi bilen (nebsiniň isleglerine boýun bolmak üçin) alsa, on-da ol malda bereket bolmaz. Iýip doýmadyk açgöz adam ýaly bolar. Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden haýyrlydyr”.
Şondan soň Hekim: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýüzlenip: “Ýa, Resulallah! Seni hak din bilen iberen Allaha kasam bolsun, indi, men Senden soň tä, dünýäden ötýänçäm hiç kimden hiç zat soramaryn!” diýdim” diýipdir.
(Habar berilmegine görä) Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) Hekimi oljadan düşen paýyny bermek üçin ony ýanyna çagyrdy, emma ol ony almakdan boýun towlady. Soňra Omar (Allah ondan razy bolsun) (öz döwründe) oňa bir zat bermek üçin ýanyna çagyrdy, emma ol ony hem kabul etmedi. Soňra Omar (Allah ondan razy bolsun): “Eý, musulmanlar! Men sizi şaýat tutýandyryn, men Hekime şu oljadan oňa ýeten paýyny hödürleýärin, emma ol ony almakdan ýüz öwürýändir” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden soň Hekim tä, dünýäden gaýdýança hiç kimden hiç zat almady”."
Abdullah ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol: “Men Omaryň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem aram-aram maňa oljadan düşen maldan sowgat bererdi. Men: “Bulary menden has mätäçlere berseňiz!” diýerdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Sen muny al! Göz dikip, garaşmadygyň we dilegçilik etmedigiň bir ýerden gelen maly alyber! Emma mundan başga bir ýoldan gelen mal-mülkiň yzyndan welin, asla gidiji bolma!” diýdi.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Durmadan dilegçilik edip, adamlardan sorap ýören adam, Kyýamat güni ýüzünde ýekeje-de et galman (ýüzsüz halynda) geljekdir”.
"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de şeýle diýdi: “Kyýamat gününde, Gün (adamlara) şeýle bir golaý getiriler, adamlar derläp, derleri hatda, olaryň gulaklarynyň ýarsyna baryp ýeter we ynsanlar şol ýagdaýlarynda ilki Adam (aleýhissalamdan), soňra Musadan, soňra-da Muhammed sallallahu aleýhi wesellemden kömek (we şepagat) sorarlar”.
Ibn Ebu Jagfar şeýle gürrüň beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlaryň arasynda hasap başlamagy üçin şepagat eder. Öňe ýöräp gider-de, gapynyň halkasyndan tutar. Ine, şol gün hem Allah oňa “Makamy Mahmudy” bagyş eder. Mahşardaky ähli adamlar ony hamd edip öwerler”."
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Adamlaryň arasynda aýlanyp bir-iki lukma, bir-iki hurma bilen yzyna gaýdyp, oňup ýören adam misgin däldir. Hakyky misgin mätäçligini aýryp biljek baýlygy bolmadyk, soramaga utanýan we asla adamlardan hantama bolmaýan adamdyr”.