Hekim ibn Hizamden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden haýyrlydyr. Haýyr-sahawaty, sadakany ilki bilen eklemek boýnuňda bolanlardan başla! Sadakaň iň haýyrlysy artykmaç baýlykdan berilen sadakadyr. Dilegçilikden saklanan adamy, Allah hiç kime mätäç eýlemez. Kimde-kim Allahyň berenine kanagat edip, kişiniň baýlygyna göz dikmese, Allah ony baý edip, başgalara mätäç bolmakdan halas eder”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberiň üstünde, sadaka bermek we dilegçilikden saklanyp, abraýly ýaşamak, hakynda gürrüň berip, şeýle diýdi: “Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden haýyrlydyr. Ýokarky el – beren eldir, aşaky el bolsa, dilegçilik edýän eldir”.
Ukba ibn Harisden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen bilelikde ikindi namazyny okap bolandan soň, howlugyp öýüne girip gitdi we az wagtdan soň çykyp geldi. Haçanda men (ýa-da adamlar) munuň sebäbini soranlarynda, Ol: “Öýde sadaka malyndan bolan bir bölek altyn goýupdym, onuň şu gije öýde galmagyny islemedim we ony paýlamak üçin bölekläp gaýtdym” diýdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem baýram güni çykyp, iki rekagat namaz okady. Şondan öňem, soňam başga hiç hili namaz okamady. Soňra Bilal bilen bilelikde aýallaryň ýanyna baryp, olara wagyz-nesihat edip, sadaka bermeklerini emr etdi. Aýallar ellerindäki bileziklerini, gulakhalkalaryny (çykaryp orta) zyňyp başladylar”.
Ebu Musa (El-Aş‘arydan Allah ondan razy bolsyn) rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: şeýle diýdi: “Haçanda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bir dilegçi gelen wagtynda ýa-da ondan bir zat (kömek) soralan wagty, ol bize şeýle diýerdi: “Şepagatçy (araçy) boluň, şonda size-de sogap bolar. Allah öz Pygamberi sallallahu aleýhi wesellemiň dilinden islän zadyny amala aşyrar (ýerine ýetirer)”.
"Ebu Bekr Es-Syddykyň gyzy Esmadan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa şeýle aýtdy diýipdir: “(Gapjygyň) agzyny daňyp goýma, seniňkem daňylar”.
Başga bir rowaýatda şeýle gelýär: “)Sadaka ber(, sanap berme, ýogsam Allah saňa-da sanap berer”."
Ebu Bekr Es-Syddykyň gyzy Esmadan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gün ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelende oňa şeýle diýipdir: “(Sadaka ber) ýygnap, gizläp goýma, Allah hem senden (nygmatlaryny) gizläp, saklap goýar. Az bolsa-da güýjiň ýetdiginden (sadaka) ber!”.
"Huzeýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Omar (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň pitne hakynda aýdan sözleri kimiň ýadyna düşýär?” diýip sorady. Men şonda: “Onuň hemme aýdan zatlary, edil aýdyşy ýaly meniň ýadyma düşýär” diýdim. Omar: “Sen bu babatda (gaty) batyrgaýlyk görkezýärsiň, howa, nähili?” diýip sorady. Men: “Adamyň maşgalasy, çagalary we goňşulary sebäpli başyna gelen pitnelerini, namaz okamak, sadaka bermek we ýagşylyk etmek (ýaly sogap işler) arkaly aýrylyp, ýuwulýandyr.” diýdim.
(Hadysy rowaýat eden Suleýman: “Namaz okamak, sadaka bermek we emri-magruf we nehi-müňker (adamlary ýagşylyga ündäp, ýamanlykdan gaýtarmak ýaly sogap işler) diýip aýtdy, diýipdir.)
Omar: “Men bu hakda soramadym, men deňziň tolkunlary ýaly tolkun atyp, möwç aljak pitneler hakda soradym” diýdi. Men oňa: “Eý, mu’minleriň emiri, ol pitnelerden saňa zyýan gelmez , çünki seniň bilen olaryň arasynda gulply bir gapy bardyr” diýdim. Omar: “Şol gapy döwülermi ýa açylarmy?” diýip sorady. Men oňa: “Ýok, döwüler” diýdim. Omar: “Eger şol gapy döwülse, hiç haçan ýapylmaz” diýdi. Men: “Howa” diýdim.
Biz Huzeýfeden (şol gapynyň kimdigini?) soramaga çekinip, Mesruga sorap ber diýdik. Huzeýfe: “Ol gapy – Omar radyýallahy anhunyň özüdir” diýdi. (Biz Huzeýfeden): “Omar (seniň haýsy gapy hakynda gürrüň edýändigiňi) bilýärdimi?” diýip soradyk. (Huzeýfe): “Hawa, bilýärdi, edil daň atmazdan öň (ilki) gije boljagyny bilşi ýaly (ol muny gaty gowy) bilýärdi, (çünki) meniň oňa aýdan sözümde hiç bir ýalan-ýaşryk ýokdy” diýdi."
” • Musulmanlaryň arasynda boljak pitneler hakynda gürrüň gidýär. Pitne sözi aslynda synag diýmekligi aňladýar.
•Şolar sebäpli boljak synaglar
•Bu seniň döwrüňde bolup bilmez.
•Şol gapy Omaryň özi diýdi. Döüwler diýdigi – Omar öldürilenden soň pitneler dörär diýdigidr.”
Hakim ibn Hizamdan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden): “Ýa Resulullah! Jähiliýet döwrimdäki sadaka bermek, gul azat etmek we garyndaşlarym bilen ýagşy gatnaşykda bolmak ýaly eden ýagşy işlerim üçin maňa sogap berilermi?” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Sen öňki eden ýagşy işleriň bilen bilelikde Yslamy kabul etdiň!” diýip jogap berdi.