"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bir beduin arap gelip: “Maňa eger men şony eden ýagdaýymda, meni Jennete saljak bir amal öwretsene” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Allaha hiç bir zady şärik goşman, Oňa ybadat et, parz edilen namazlary berjaý et, parz edilen zekadyňy ber we Remezan aýynda agzyňy bekle!” diýdi.
Ol adam: “Janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, men şu (amallaryň üstine artyk) hiç zady goşmaryn!” diýdi. Haçanda ol adam yzyna öwrülip gidenden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Jennet ählinden bir kişini görmek isleýän adam bar bolsa, şu adama seredäýsin!” diýdi."
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýýär: “Abdulkaýs (taýpasynyň) wekiliýetinden (bir topar adam) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme): “Biz Rabi’a (taýpasynyň) sebitinden gelýäris. Biziň bilen seniň araňda Mudar taýpasynyň kapyrlary ýerleşýär. Şonuň üçin hem biz seniň ýanyňa Haram aýyndan başga wagtlar gelip bilmeýäris. Bize bir zady emr et, biz ony Senden kabul edip alaly we yzymyzda galan adamlary hem ony etmäge çagyraly!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara “Men size dört zady emr edýärin we dört zatdan hem gadagan edýärin;
Allaha iman etmek we Allahdan başga hiç bir hudaýyň ýoklugyna şaýat bolmak diýip, (eli bilen barmagyny epledi), namazy berjaý etmek, zekat bermek we oljadan (düşen zatlaryň) bäşden birini (beýtul mala ) bermekdir” diýdi. We men size “Dubba , hantam , mukaýýar we nakyr (gaplaryny ulanmagy) gadagan edýärin” diýdi.
Süleýman we Ebun-Nu‘man (bu hadysy) Hammaddan rowaýat edenlerinde: “Allaha iman etmek, “Allahdan başga ybadat etmäge mynasyp hudaý ýokdur” diýip şaýat bolmakdyr” diýdi."
” • Haram aýy – dört aýdan ybarat
• Yslamyň gaznasyna, döwlete
• Dubba – Arak üçin guradylan kädiden gap.
• Hantam – arak saklanýan küze
• Mukaýýar we nakyr – arak saklanýan gaplar”
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (dünýäden gaýdyp) wepat bolandan soň, Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) Onuň ýerine (halyf) boldy. Käbir araplar (zekat bermejek bolup) dinden dänip, kapyr boldular. Ebu Bekr olara garşy söweş yglan etdi. Omar (Allah ondan razy bolsun) oňa: “Bu adamlar bilen nädip söweş etjek? Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men adamlar bilen tä, “Lä ilähä illallah” diýýänçäler olar bilen söweşmeklige emr edildim. Kim ony aýtsa, Yslamyň hak-hukugyna görä jeza bermeli bolýan bir işi etmedikleriçe, malyny we janyny Menden halas etdikleri bolar. Hakyky (ýagny, ýüreklerindäki gizlin eden amallarynyň) hasabyny soramak bolsa, Allah Tagalanyň Özüne degişlidir” diýip aýtdy ahyryn” diýdi.
"Ebu Bekr oňa şeýle jogap berdi: “Allahdan ant içýärin, men namaz bilen zekady biri-birinden aýyrýanlara garşy hökman söweş ederin. Çünki zekat, maldan (baýlykdan) alynýan hakdyr.
Allahdan ant içýärin, (öz wagtynda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme berip, indi bolsa, maňa bermekden ýüz öwürýän zatlary, bir owlak ýaly (kiçiräk) bir zat bolsa hem, hut şol zat üçin hem olar bilen söweşerdim.
(Şondan soň) Omar (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, olaryň garşysyna söweşmeklik kararyny Ebu Bekriň kalbyna hut Allahyň Özüniň aýdyň edendigine göz ýetirdim we bu (kararyň) dogry berilendigine düşündim”."
Jerir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men namaz okajagyma, zekat berjegime we her bir musulmana (gowy maslahat berip) nesihat etjegime Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme beýgat, (kasam içip äht) etdim”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Kyýamat güni haky berilmedik düýeler eýesiniň ýanyna iň güýçli we semiz hallarynda gelip, aýaklary bilen ony depeläp başlarlar. Haky berilmedik goýunlar hem eýesiniň ýanyna iň güýçli we semiz hallarynda gelip, toýnaklary bilen ony depeläp, şahlary bilen süsüp başlarlar”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Şeýle hem olar suw içmäne gelenlerinde, süýtlerinden sagyp (garyplara bermek) onuň haklaryndan biridir”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de şeýle diýdi: “Siziň hiç biriňiz Kyýamat güni (haky, zekady berilmedik) goýunyny mäledip egninde göterip, (meniň ýanyma kömek sorap): “Eý Muhammed!” diýip, gelmesin! Men şonda: “Seniň üçin hiç zat edip bilemok, men size (Allahyň ü) ýetiripdim!” diýip jogap bererin.
Siziň hiç biriňiz (haky, zekady berilmedik) düýesini bagyrdyp egninde göterip, (meniň ýanyma kömek sorap): “Eý Muhammed!” diýip, gelmesin! Şonda men oňa-da: “Seniň üçin hiç zat edip bilemok, men size (Allahyň hökümini) ýetiripdim!” diýip jogap bererin”."
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Kyýamat güni, Allahyň beren baýlygyndan zekadyny bermedik kişiniň maly, gözlerinde iki sany gara tegmilli we zäherli erkek bir ýylan bolup geler. Soňra onuň boýnunyň daşyndan saralyp, onuň iki çenesinden (äňinden) dişläp: “Men seniň mal-baýlygyň, men seniň hazynaňdyryn” diýer.
Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) şu aýaty okady: “Allahyň Öz fazly-kereminden beren zatlaryny (haýyr-sahawat etmekde) gysgançlyk edenler, muny özleri üçin haýyr diýip hasaplamasynlar. Tersine, bu olar üçin şerdir. Gysgançlyk edip (bermedik zatlary) kyýamat güni olaryň boýunlaryna saralar. Asmanlaryň we ýeriň (ähli) mirasy Allahyňkydyr. Allah siziň edýän işleriňizden habardardyr”. {Äli-Ymran:180}."
Halid ibn Eslemden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Abdulla ibn Omar bilen (Allah olardan razy bolsyn! Medinäniň) daşyna çykdyk. Bir beduin gelip Ibn Omara: “Allah Tagalanyň: “Altyn-kümüş ýygnap, olary Allah ýolunda sarp etmeýänler”. {Toba:34} diýen sözüni maňa düşündirip ber!” diýdi. Ibn Omar (Allah olardan razy bolsyn): “Kim (altyn-kümüş) ýygnap, zekadyny bermese, onuň waý gününe, oňa azap bardyr. Bu (ýagny, altyn-kümüşi ýygnamagyň haramlygy) zekat baradaky aýat inmezden öň şeýledi. Zekat baradaky aýat inenden soň, Allah zekady mallary päkleýän bir zat edip goýdy” diýdi”.
Ebu Sa‘yd (Hudrydan Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Bäş okiýdan az mukdardaky (kümüşe) zekat ýokdur. Bäşden az bolan düýelerede zekat ýokdur we şeýle hem bäş wask möçberinden az bolan hasylda zekat ýokdur”.
"Zeýd ibn Wahbden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Rabaza (diýilýän ýerden) geçip barýarkam, Ebu Zerre (Allah ondan razy bolsyn) duş geldim. Men ondan: “Seni bu ýerlere getiren zat näme”? diýip soradym.Ol şeýle jogap berdi:
“Haçanda, men Şamda wagtym, “Altyn-kümüş ýygnap, olary Allah ýolunda sarp etmeýänler”. {Toba:34} diýen aýat hakynda Muawiýa bilen ikimiziň aramyzda düşünişmezlik boldy.
Muawiýa: “Bu aýatlar ählikitap (ýehudy we hristiýanlar) hakynda indi” diýdi. Men bolsam: “Bu aýatlar biziň üçinem olar üçinem inen aýatlardyr” diýdim. Bu meselede meniň bilen onuň arasynda dawa boldy. Muawiýa meniň üstümden şikaýat edip, Osmana (Allah ondan razy bolsyn) hat ýazdy. Şondan soň Osman maňa Medinä gel diýip hat ugratdy. Medinä gelenimde, adamlar meni öň hiç haçan görmedik ýaly bolup, daşyma üýşip başladylar. Men muny Osmana gürrüň berdim. Ol maňa: “Isleseň, ýakyn bir ýere çekilip, şol ýerde galaý!” diýdi. “Ine, şol sebäpli hem men şu ýerde galdym. Egerde, meniň üstüme bir Habeşistanly birini hökümdar edip bellän bolsalar-dy, men hökman oňa boýun bolup, gulak asardym” diýdi."
” •Rabaza Mekge bilen Medinäniň aralygyndaky bir ýeriň ady. Ebu Zerr radyýallahu anhu şol ýerde hem wepat boldy.
• Muawiýe bilen araňyzda näme boldy, näme sebäpden Şamdan çykyp gaýtdyň diýip soramaga başlapdyrlar.
• Ýagny Efiýopaly bir garaýagyz gul hökümdar bolsada, diýmek isledi.”