"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamllara ýüzlenip: “Agaçlaryň arasynda ýapraklary dökülmeýän bir agaç bardyr we ol (agaç) musulmana meňzeşdir. Maňa şol agajyň haýsy agaçdygyny aýdyp beriň? – diýdi.
Adamlar çölde ösýän agaçlar hakda pikirlenmäge başladylar. Meniň aklyma bolsa, hurma agajy, geldi. Abdulla (ibn Omar):
-(Ýöne) Men (ony aýtmaga) utandym – diýdi. Soňra olar:
-Ýa Resulallah! Onuň haýsy agaçdygyny bize aýdyp beräý? – diýdiler.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olara:
-Ol agaç, hurma agajydyr, diýdi”.
Abdulla (ibn Omar) şeýle diýdi:
-“(Soňra) men aklyma gelen zady kakam (Omara) aýdyp berdim. Ol:
-Eger sen aýdan bolsadyň, meniň üçin şu, şu... zatlardan hem has gowy bolardy, diýdi”."
"Aly ibn Ebu Talybdan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men mezisi köp gelýän adamdym. Men muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden sorap ber diýip Al-Mikdad ibn Al-Aswada haýyş etdim.
Ol hem (baryp) Ondan sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Diňe täret alsa bolar” diýdi."
"Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) bir adam mesjitde ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Bize haýsy ýerden yhrama girmegi emr edýärsiň?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Medinäniň ýaşaýjylary Zul-Huleýfeden, Şamyň ýaşaýjylary Al-Juhfadan, Nejdiň ýaşaýjylary bolsa Karndan girmelidirler” diýip jogap berdi.
Ibn Omar şeýle diýipdir: “Adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ýemen halky yhramy Ýelemlemden baglasyn” diýip aýtdy diýýärler”. Ibn Omar bolsa “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň muny aýdany meniň ýadyma düşenok” diýerdi.”"
Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden “Yhram baglan adam näme geýmeli?” diýip sorady. Ol “Köýnek geýmez, selle geýmez, balak geýmez, burnus geýmez, sary agaç we ýa zagfaran bilen boýalan eşikleri hem geýmez. Eger-de köwüş tapmasa, mesi geýsin we olary topugynyň aşagyndan kessin” diýip jogap berdi.”
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Hades ýagny täreti bozulan adamyň namazy tä, täret alýança kabul bolmaz”.
Hadramewtden bir adam “Eý, Ebu Hureýre, hades näme?” diýip sorady. Ol “Sesli ýa-da sessiz ýel çykarmak” diýip jogap berdi."
Nu’aým Al-Mujmirden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün men Ebu Hureýre bilen (Allah ondan razy bolsun) mesjidiň arkasyna çykdym. Ol şol ýerde täret aldy. Soňra ol “Men Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň “Elbetde, Meniň ymmatym täret yzlaryndan ýaňa, Kyýamat gününde, “Gurran Muhaçjalina!” (ýüzleri we el-aýaklary nurlylar!) diýip çagyrylar” diýenini eşitdim diýdi.
(Ebu Hureýre) “Şonuň üçin kim nuruny näçe artdyryp bilse, artdyrjak bolsun!” diýdi.
Abbad ibn Temimden rowaýat edilmegine görä, onuň pylan kakasy (Abdulla ibn Zeýd Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden bir kişi namaz okap duran wagty, özünde bir zat duýsa, (ýagny täretiniň bozulandygyna) guman etse, ol adamyň näme etmelidigini sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Bir ses eşidýänçä ýa-da ys alýança, namazdan çykmasyn (ýa-da gitmesin)!” diýip jogap berdi.
"Amr ibn Dinar şeýle diýipdir: “Kureýb, Ibn Abbassyň (Allah ondan razy bolsun) maňa habar bermegine görä, ol şeýle diýdi: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hor çekip ýatyp galdy, soňra turup, namaz okady. (Ibn Abbas belki-de, ol “Gyşaryp ýatyp galdy, hatda horlady, soňra turup, namaz okady” diýenem bolmagy mümkin).
Soňra bu hadysy Sufýan, wagtal-wagtal ‘Amrdan, o-da Kureýbden, ol hem Ibn Abbasdan rowaýat edip aýdyp bererdi”.
Ibn Abbas şeýle diýipdir: “Bir gije (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallarynyň biri bolan) daýzam Meýmunanyň ýanynda galdym. Agşam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ýerine geçip) ýatdy. Haçan-da, gijäniň bir bölegi geçenden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem turup, asylgy duran tulumdan suw alyp, ýeňilje täret aldy”.
Amr şeýle diýmek bilen, bu täretiň ýeňil we gysga, (ýagny az suw bilen) alandygyny aýdýardy.
Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) namaz okap başlady. Men hem edil şonuň ýaly täret alyp, onuň çep tarapynda namaza durdum. Meni sag tarapyna geçirdi. Soňra Allahyň isledigiçe namaz okady. Ondan soň geçip uzanyp ýatdy. Ol hatda uka gidip hor hem çekipdi. Soňra azançy gelip, namazyň wagtynyň bolandygyny habar berdi. Turup, onuň bilen namaza gitdi. Täret alman hem namaz okady.
(Sufýan şeýle diýdi): “Biz ‘Amra adamlar “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gözi uklasa-da, kalby uklamaýar?” diýip aýdýarlar diýdik.
‘Amr şonda şeýle diýdi: “Men ‘Ubeýd ibn ‘Umeýrden “Pygamberleriň görýän düýşleri wahydyr ” diýenini eşitdim” diýip, soňra şu aýaty okady: “Takyk, düýşümde seni gurban edýändigimi görýärin” {Saffat:102}."
"Usama ibn Zeýdden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bir gün) Arafadan (Muzdelifä tarap) gaýtdy. Ýolda bir jülgä ýetende, (atyndan) düşüp buşukdy. Soňra ýeňilräk edip täret aldy. Men “Ýa Resulallah, namazyň wagty boldumy?” diýip soradym. Ol “Namaz (entek) öňüňde” diýip jogap berdi.
Soň atyna mündi. Haçan-da, Muzdelifä gelende, atdan düşüp, (täzeden ýene-de) gowy edip täret aldy. Soňra namaza kamat aýdyldy we Ol agşam namazyny okady. Soň her kim düýesini öz düşlän ýerinde çökerdi. Soňra Ýassy namazyna kamat aýdyldy we (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ýassy) namazyny okady. Bu iki namazyň arasynda başga hiç hili namaz okamady”."
Ata ibn Ýasardan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun şu şekilde) täret aldy: Ýüzüni ýuwdy, soňra bir owuç suw alyp, agzyny we burnuny çaýkady. Soň ýene bir owuç suw alyp, iki eli bilen ýüzüni ýuwdy. Soň ýene-de bir owuç suw alyp, onuň bilen sag elini (goluny) ýuwdy. Soň ýene-de bir owuç suw alyp, çep elini ýuwdy. Soň kellesine mesh etdi. Ondan soň, ýene bir owuç suw alyp, sag aýagynyň üstünden akdyryp ýuwdy. Soň ýene bir owuç suw alyp, çep aýagyny ýuwdy. Soňra ol “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şu şekilde täret alyşyny görüpdim” diýdi”.