Jabir bin Abdulladan (Allah olardan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä: “Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Habeşistanyň hökümdary bolan) Nejjäşa jynaza namazyny okady. Men şonda ikinji ýa-da üçünji hatarda-dym” diýdi.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalaryna Nejaşiniň ölendigini habar berdi. Soňra (jynaza namazyny okamak üçin) öňe geçdi, sahabalar onuň arkasynda sap-sap bolup hatara durdylar. Ol şonda dört gezek tekbir aldy”.
Aş-Şa‘biden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda bolan biri maňa şeýle habar berdi: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem beýleki gabyrlardan aýry duran bir gabryň ýanyna gelip, adamlary hatara düzdi we dört gezek tekbir alyp (jynaza namazyny okady)”. Men Aş-Şa‘biden: “Muny saňa kim aýdyp berdi?” diýip soranymda, ol: “Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun)” diýdi”.
Jabir bin Abdulladan (Allah olardan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Şu gün Habeşistanda bir salyh adam wepat boldy, turuň-da, onuň üçin (jynaza) namazyny okaň!” diýdi. (Jabir) şeýle diýdi: “Biz hatara düzüldik we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa (jynaza) namazyny okady, biz bolsa onuň yzynda sap-sap bolup durdyk”. Jabir: “Men şonda ikinji hatarda-dym” diýdi.
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gije jaýlanan bir mazaryň ýanyndan geçip barýarka, (ony görüp): “Bu haçan jaýlandy?” diýip sorady. “Düýn agşam” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Maňa näme üçin habar bermediňiz?” diýdi.
Sahabalar: “Biz ony gije garaňkylykda jaýladyk, sizi oýarmajak bolduk” diýdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamak üçin ýerinden turdy, biz hem onuň yzynda sap bolup durdyk”.
Ibn Abbas şeýle diýdi: “Men hem şol saplaryň içindedim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adama jynaza namazyny okady”."
Aş-Şa‘biden rowaýat edilmegine görä, ol: “Maňa siziň Pygamberiňiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde, beýleki gabyrlardan aýry duran bir gabryň ýanyna gelip, Ol bize ymam boldy, biz hem onuň yzynda hatar bolup durdyk” diýen adam habar berdi” diýdi. Biz Aş-Şa‘biden: “ Eý, Ebu ‘Amr! Muny saňa kim gürrüň berdi?” diýip soranymyzda, ol: “Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun)” diýdi”.
Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, (bir gezek) Ibn Omara: “Ebu Hureýere (Allah olardan razy bolsun): “Jynaza gatnaşan adama bir kyrat sogap bolar” diýip aýdýar” diýdiler. Ibn Omar şonda: “Ebu Hureýere ulaldyp aýdýandyr” diýdi.
Emma welin, Aişa (Allah ondan razy bolsun) Ebu Hureýräniň sözüni tassyklady we: “Ebu Hureýräniň aýdan sözüni menem Pygamberiňiz sallallahu aleýhi wesellemden eşitdim” diýdi. Şonda Ibn Omar (Allah olardan razy bolsyn): “Onda biz köp kyrat (sogaplary) gidiripdiris-dä!” diýdi.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Jynaza namazy gutarýança jynaza gatnaşan adama bir kyrat sogap beriler. Jaýlanyp bolýança galan adama bolsa, iki kyrat sogap beriler”. Sahabalar: “Iki kyrat diýdigiň näme?” diýip soranlarynda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Iki sany ullakan dag” diýip, jogap berdi”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gabyryň ýanyna geldi. Sahabalar: “Bu düýn agşam jaýlandy” diýdiler. Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun): “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemyň yzynda sap bolup durdyk, soňra Ol merhuma jynaza namazyny okady” diýdi.