Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “(Öleniň yzyndan perýat edip) elleri bilen ýüzlerine urýanlar, ýakalaryny ýyrtýanlar hem-de jahiliýýet döwründäki ýaly (gygyryp, ses edip özlerine bet) doga edýänler, bizden däldir”.
Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “(Öleniň yzyndan perýat edip) elleri bilen ýüzlerine urýanlar, ýakalaryny ýyrtýanlar hem-de jahiliýýet döwründäki ýaly (gygyryp, ses edip özlerine bet) doga edýänler, bizden däldir”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Ibn Harisiň, Ja‘faryň we Ibn Rowahanyň şehid edilendigi hakyndaky habar gelende, ol dik duran ýerinden aşak oturdy we onuň gamlanyp, gaýga batanlygy görünip durdy. Men şol wagt gapynyň boşlugyndan oňa seredip durdym.
Bir adam onuň ýanyna gelip: “Ja‘faryň aýallary...” diýip, olaryň (ses edip) aglaýyşlaryny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu wleýhi wesellem olara muny gadagan etmekligi ol gelen adama tabşyrdy. Ol adam gidip soňra yzyna gaýdyp geldi-de, aýallaryň oňa gulak asmaýandyklaryny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Barda olara gadagan et!” diýdi. Ol adam üçülenji gezek hem yzyna gaýdyp geldi-de: “Allahdan ant içýärin, olar bizden üstün çykdylar, ýa Resulallah!” diýdi.
Aişa (enemiz): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň: “Onda olaryň agyzlaryna toprak seç!” diýendigini aýtdy. Aişa şeýle diýdi: “Men ol adama: “Allah seniň burnuňy ýerden süýresin! Sen ne Pygamberimiz sallallahu wleýhi wesellemiň tabşyrygyny ýerine ýetirdiň, ne-de Resulullah sallallahu wleýhi wesellemi gaýgylanyp durka, öz gününe goýduň!” diýdim”.
"
Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ýetmiş sany) karylar öldürilende (rygl we zekwan tirelerine garşy bet doga hökmünde) bir aýlap kunut dogasyny okady. Men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi şol günki ýaly gamgyn halda hiç haçan görmändim”.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ebu Talhanyň syrkaw bir ogly bardy. Ebu Talha öýünden çykan wagty ogly dünýäden gaýtdy. Aýaly (Ummu Suleým) oglunyň ölendigini görüp, gerekli taýýarlyklary gördi we ony öýüň bir çüňkünde gizläp goýdy. Ebu Talha öýüne gaýdyp gelende: “Oglan nähili?” diýip sorady. Ummu Suleým: “Ol köşeşdi we ol häzir öňküsinden hem rahat ýatandyr, diýip umyt edýärin!” diýdi. Ebu Talha aýaly dogrusyny aýdýandyr öýdüp, geçip aýaly bilen ýatdy. Irden turup suwa düşdi we öýden çykjak bolan wagty, aýaly oňa çaganyň ölendigini habar berdi.
Soňra Eby Talha baryp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okady we Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme olaryň arasynda bolup geçen zatlaryň hemmesini habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahdan siziň bu gijäňizi mübärek etmegini umyt edýärin!” diýdi.
Ensarylardan biri şeýle diýdi: “Men olaryň dokuz sany ogullarynyň bolandygyny gördüm, olaryň hemmesi hem Kuran okardylar”."
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Hakyky sabyr musybatyň ýaňy başa düşen pursadyndaky edilen sabyrdyr”.
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Bir gezek, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen demirçi ussa Ebu Seýfiň ýanyna bardyk. Ebu Seýf (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ogly) Ibrahimyň süýt emişen kakasydy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselem Ibrahimi gujagyna alyp, ony ogşap, ysgap başlady.
Soňky gezek Ebu Seýfiň ýanyna baranymyzda, Ibrahim eýýäm jan tabşyrjak bolup durdy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň gözlerinden ýaş akyp başlady. Muny gören Abdurrahman ibn ‘Auwf: “Ýa Resulallah! Senem aglaýarsyňmy?!” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Eý Ibn ‘Auwf! Elbetde, bu görýän gözýaşlaryň bir rahmetdir” diýdi, Soňra ýene-de gözlerinden ýaş döküldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de şeýle diýdi: “Elbetde, gözler aglar, ýürek gynanar, ýöne biz Robbumyzyň razy boljak sözlerinden başga zat aýtmarys. Eý Ibrahim! Biz senden aýrylandygymyz üçin hakykatdanam gynanýarys!”"
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda Sa’d ibni ‘Ubada hassa bolup ýatyrka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Abdurraman ibn ‘Auwf, Sa’d ibn Ebu Wakkas we Abdulla ibn Mes’ud (Allah olardan razy bolsun) bilen bilelikde, Sa’d ibni ‘Ubadany soramaga geldiler. Onuň ýanyna giren wagty, daş töwereginde hossarlarynyň oturandygyny görüp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol eýýäm amanadyny tabşyrdymy?” diýip sorady. Olar: “Ýok, ýa Resulullah!” diýdiler. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görüp aglady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aglaýşyny gören sahabalar hem aglamaga durdylar. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
“Eýsem, siz eşitmeýärsiňizmi näme?! Elbetde Allah, gözlerden akan ýaş üçin we ýüregiň hasraty üçin azap berýän däldir. Azap berse-de rehim etse-de şu sebäplidir” diýip, dilini görkezdi. Elbetde, merhumyň hossarlarynyň aglamaklary sebäpli, oňa azap berilýändir!”
Omar radyýallahu ‘anhu (merhum üçin ses edip aglaýanlary) taýak bilen urardy, daş atardy we olara toprak seçerdi."
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Zeýd ibn Harisiň, Ja‘faryň we Abdulla ibn Rowahanyň şehid edilendigi hakyndaky habar gelende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem dik duran ýerinden aşak oturdy we onuň gamlanyp, gaýga batanlygy görünýärdi. Men şol wagt gapynyň boşlugyndan oňa seredip durdym.
Bir adam onuň ýanyna gelip: “Ja‘faryň aýallary...” diýip, olaryň (ses edip) aglaýyşlaryny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu wleýhi wesellem olara muny gadagan etmekligi ol gelen adama tabşyrdy. Ol adam gidip soňra yzyna gaýdyp geldi-de: “Gadagan etdim, ýöne olar maňa gulak asmadylar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de oňa ikinji gezegem gadagan etmekligi tabşyrdy. Ol adam ýene-de gidip yzyna geldi-de: “Allahdan ant içýärin, olar menden (ýa-da bizden) üstün çykdylar, ýa Resulallah!” diýdi.
Aişa (enemiz): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň: “Onda olaryň agyzlaryna toprak seç!” diýendigini aýtdy. Aişa şeýle diýdi: “Men ol adama: “Allah seniň burnuňy ýerden süýresin! Sen ne özüňe buýrulan işi etdiň, ne-de Resulullah sallallahu wleýhi wesellemi gaýgylanyp durka, öz gününe goýduň!” diýdim”."
Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bizden (ýagny aýallardan) beýgat (kasam) etdiren wagty, öli üçin ses edip aglamajakdygymyza kasam etdirdi. Ýöne biziň içimizden bäş aýaldan başga hiç kim beren sözünde durup bilmedi. Olar: Ummu Suleým, Ummul-‘Ala, Mu‘azyň aýaly bolan Ebu Sebräniň gyzy we iki sany aýal (ýa-da Ebu Sebräniň gyzy, Mu‘azyň aýaly we ýene bir aýal)”.