Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Günleriň birinde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hassalan wagtynda zyýarat edip ýören bir adamsy aradan çykdy. Gije ölenligi sebäpli ony gije jaýladylar. Irden Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar berdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem: “Näme üçin muny maňa habar bermediňiz?” diýdi. “Gije garaňkydy, sizi biynjalyk etmek islemedik” diýdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň gabrynyň başyna baryp (jynaza) namazyny okady”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Heniz kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagasy ölen islendik bir musulmany, Allah olara bolan rahmeti we merhemeti sebäpli, ony Jennete salar”.
Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gezek) aýallar Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme: “Biziň üçin hem aýratyn bir gün belleseňiz” diýip haýyş etdiler. (Şol bellenen gün gelende) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara wagyz-nesihat edip, şeýle diýdi: “Haýsy bir aýalyň üç sany çagasy ölse, şol çagalar onuň üçin dowzahdan bir perde bolar”. Şol wagt bir aýal: “Ikisi (ölen bolsa) näme?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ikisi (ölenem) bolsa!” diýip jogap berdi.
Ebu Sa‘yddan we Ebu Hureýreden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Ebu Hureýre Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Üç sany) kämillik ýaşyna ýetmedik çaga ölse)” diýip, aýtdy diýipdir.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Islendik bir musulmanyň üç sany çagasy ölse, dowzah ody şol adama degmez, diňe Allahyň kasamynyň ýerine ýetirilmegi üçin (sähelçe wagtlap) deger”.
Ebu Abdulla (El-Buhary) şeýle diýdi: “(Kasam bolsun) siziň içiňizde (dowzahyň) ýanyna gelmedik adam bolmaz.” {Merýem:71}
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gün gabyryň başynda aglap oturan bir aýalyň ýanyndan geçip barýarka, oňa: “Allahdan gork, we sabyr et!” diýdi.
Ummu ‘Atyýýa Ensarydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gyzy aradan çykanda, Ol biziň ýanymyza gelip: “Ony üç gezek ýa-da bäş gezek, gerek bolsa ondanam köpräk, suw bilen ýa-da sidr bilen ýuwyň. Iň soňunda bolsa kafur ýa-da kafur ýaly ysly bir zat ulanyň. Bolanyňyzdan soňam maňa habar beriň” diýdi. Ýuwup bolanymyzdan soň biz oňa habar derdik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem izaryny berip: “Ony şuňa dolaň” diýdi.
"Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gyzyny ýuwup durkak, Ol biziň ýanymyza girip: “Ony üç gezek ýa-da bäş gezek, gerek bolsa ondanam köpräk, suw bilen ýa-da sidr bilen ýuwyň. Iň soňunda bolsa kafur (goşulan suw bilen) ýuwuň. Bolanyňyzdan soň hem maňa habar beriň” diýdi. Ýuwup bolanymyzdan soň biz oňa habar derdik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize izaryny berip: “Ony şuňa dolaň” diýdi.
Hafsanyň rowaýat eden hadysynda: “Täk gezek ýuwuň”, ýagny “Üç, bäş ýa-da ýedi gezek ýuwuň” diýipdir. Şeýle hem şol hadysda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onuň sag tarapyndan we täret alýan ýerlerinden başlaň” diýipdir. Ýene-de şol hadysda: “Ummu ‘Atyýýa: “Biz onuň saçyny üç örüm etdik” diýipdir.
"
Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gyzy ýuwga salynanda (aýallara): “Onuň sag tarapyndan we täret alýan ýerlerinden başlaň” diýipdir.
Ummu ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gyzynyň (jesedini) ýuwup durkak, Ol bize: “Onuň sag tarapyndan we täret alýan ýerlerinden başlaň” diýdi”.