Abdulla ibn Mes‘uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Ilki-ilkiler) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme salam berenimde, namaz okap duranam bolsa, salamyma jogap bererdi. (Nejjaşynyň ) ýanyndan gaýdyp gelenimizde welin, men oňa salam berdim ýöne ol salamyma jogap bermedi. (Soňra namaz okap bolandan soň): “Elbetde, adam namazda wagty (has wajyp bir iş bilen) meşgul bolýandyr” diýdi”.
Jabir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa bir iş buýurdy, menem ol işi ýerine ýetirmäge gitdim. Işi bitirip yzyma geldim-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baryp, oňa salam berdim, emma ol salamymy almady. Şol wagt men şeýle bir gaty gynandym, ony diňe Allah bilýändir. Men öz-özüme: “Belki, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem gijä galanym üçin maňa gahary gelendir? diýip, ýene-de oňa salam berdim, emma ýene-de ondan jogap bolmady. Bu gezek ilkinji gezekdenem has beter gynandym. Soňra men ýene-de oňa salam berdim. Ýöne bu gezek ol maňa jogap berdi we: “Namaz okap otyrdym, şonuň üçin seniň salamyňy alyp bilmedim” diýdi. Şol wagt Ol düýesiniň üstinde kybladan başga bir tarap ýüzlenip gidip barýardy”.
"Sahl ibn S’addan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Kubadaky Benu ‘Amr ibn ‘Auwf taýpasynyň aralarynda bir düşünişmezligiň dörändigi hakyndaky habar gelip ýetdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir topar sahabalary bilen bilelikde olaryň arasyny ýaraşdyrmak üçin çykyp gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol ýerde eglenmeli boldy. Namazyň wagty geldi. Bilal Ebu Bekriň (Allah olardan razy bolsun) ýanyna gelip: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem eglendi, sen (adamlara ymam bolup) namaz okap berersiňmi? diýdi. Ebu Bekr: “Howa, eger isleseň bolaýyn!” diýdi.
Bilal kamat aýtdy, Ebu Bekr bolsa, öňe geçip namaza başlamak üçin “Allahu Akbär!” diýdi. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem geldi we saplaryň arasyndan ýöräp geçdi-de, birinji hatarda durdy. Adamlar el çarpmaga başladylar. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) namaz okan wagty daş-töweregine seretmezdi. Haçanda, adamlar el çarpmalaryny köpeldip başlanlarynda, öwrülip yzyna seretdi we yzynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi gördi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa namazyňy dowam ediber diýip, yşarat etdi. Ebu Bekr (Allah olardan razy bolsun) ellerini galdyryp, Allaha hamd etdi. Soňra Ebu Bekr tä, Onuň arkasyna geçýänçä yzlygyna ýöräp birinji hatarda durdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem öňe geçip, adamlara namaz okap berdi. Namaz okap bolandan soňra jemagata ýüzlenip:
“Eý adamlar, size näme boldy, el çarpmaga başladyňyz. El çarpmak aýallara mahsusdyr. Namazda biriniň dykgatyny çekmek isleseňiz “Subhanallah” diýiň!” diýdi. Soňra Ebu Bekre garap: “Ebu Bekr! Saňa ýeriňde dur diýip, yşarat edenimde, näme üçin ýeriňde durup, adamlara namaz okap bermediň?” diýdi.
Ebu Bekr oňa: “Ebu Kuhafäniň ogluna, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňüne geçip namaz okamak ýaraşmaz” diýip jogap berdi”.
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir adamyň ellerini bykynyna (biline) goýup namaz okamaklygyny gadagan etdi”.
‘Ukba ibn Harisden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen ikindi namazyny okadym. Egnine salam berenden soňra, howlugyp ýerinden turdy-da, aýallarynyň biriniň ýanyna girip gitdi. Soňra daşary çykdy. Onuň bu howlukmaç halyny geň görüp, aňk-taňk bolup duran adamlary görüp, Ol: “Namaz okap durkam bizde bir bölek altyn bardygy ýadyma düşdi we men onuň gije öýmizde galmagyny islemedim we onuň paýlanmagyny emr edip (geldim)” diýdi.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Namaza azan aýdylanda, şeýtan azan sesini eşitmejek bolup yzyna öwrülip, sesli ýel goýbere-goýbere gaçyp gider. Azançy aýdyp bolandan soň, (şeýtan yzyna) gaýdyp geler. Namaza kamat aýdylyp başlanda, ýene yzyna öwrülip gaçyp gider. Azançy kamat aýdyp bolandan soň, ol ýene-de yzyna gaýdyp geler-de, dowamly adamyň ýanynda galyp: “Namazdan öň hiç pikir etmedik zatlaryny ýatladyp başlar. Şeýdip, ol adam näçe rekagat namaz okandygyny bilmän galar”.
Ebu Seleme ibn Abdurrahman şeýle diýdi: “Eger-de siziň biriňiz muny eden wagty (ýagny namazda näçe rekagat okandygyny ýatdan çykaran wagty) oturan ýerinde iki gezek sejde etsin”. Ebu Seleme muny Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) eşidipdir.
"
Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Adamlar Ebu Hureýre gaty köp hadys rowaýat edýär” diýip aýdýarlar. Men bir adama duşup: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýn agşam ýassy namazynda haýsy süräni okady?” diýip soradym. Ol: “Men bilemok” diýip jogap berdi. Men ondan: “Sen näme, şol namaza gelmediňmi?” diýip soradym. Ol adam: “Ýok, men geldim” diýdi. Ebu Hureýre: “Emma men Onuň şu, şu süreleri okanyny bilýärin” diýdi”.
Abdullah ibn Buhaýnadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Günleriň birinde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen namaz okady. Ikinji rakagatdan soň oturman ýerinde turdy. Adamlar hem onuň bilen birlikde ýerinden turdylar. Namaz okap bolandan soň, biz Onuň egnine salam bererine garaşyp durkak, oturan ýerinden tekbir alyp, egnine salam bermezden, ýene-de iki gezek sejde (sehw) etdi, soňra salam berdi”.
Abdullah ibn Buhaýnadan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Günleriň birinde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýle namazynyň ikinji rekagatyndan soňra oturman ýerinden turdy. Namazyň ahyrynda iki gezek sejde (sehw) etdi we şondan soň (egnine) salam berdi”.