Eswedden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (bir gezek) Aişadan (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gije okaýan namazy nähilidi?” diýip soradym. Aişa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gijäniň başynda uklap ýatardy, gijäniň soňunda bolsa ýerinden turup, namaz okardy. Soňra ýene-de düşegine geçip ýatardy we azançy azan aýdanda böküp ýerinden turardy. Zerurlyk bolsa, gusul ederdi, ýogsa-da, täret alyp namaza giderdi”.
Ebu Seleme ibn Abdurrahmandan habar berilmegine görä, ol Aişadan (Allah ondan razy bolsun) Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Remezan aýynda nähili namaz okandygy hakynda sorady. Aişa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ne Remezan aýynda, ne-de başga wagtlarda, gije on bir rekagatdan artyk namaz okamazdy. Ilki dört rekagat namaz okardy, olaryň gözelligini we uzynlygyny hiç soramaň! Soň ýene dört rekagat namaz okardy, olaryň hem gözelligini we uzynlygyny hiç soramaň! Soň üç rekagat okardy” diýdi. Aişa: “Men ondan: “Ýa Resulallah! Witr namazyny okaman ýatýarsyňyzmy?” diýip soranymda, Ol maňa: “Aişa! Meniň gözlerim ýatsa-da, ýüregim ýatýan däldir” diýdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň garrylyk çagyna gelinça, gijeki namazyny oturyp okany görmedim. Garran wagty oturyp okardy. Haçanda, okap oturan süresinden otuz (ýa-da kyrk) aýat galanda, ýerinden turup, şol aýatlary dik duran ýerinden okardy, soňra rukuga giderdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazynda Bilala ýüzlenip: “Bilal! Musulman bolanyňdan soň eden amallaryň içinde iň köp sogabyna umyt edýän amalyň haýsy amal? Çünki men Jennetde seniň aýakgaplaryň tykyrdy sesiňi eşitdim” diýdi. Bilal: “Men gijäniň ýa-da gündiziň islendik wagtynda täret alanymdan soň, şol täret bilen mümkin boldugyça okaýan namazlarymdan artyk umyt beriji amal etmedim” diýdi”.
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjide girdi. Iki sütüniň arasynda çekilen ýüpi görüp: “Bu ýüp näme?” diýip sorady. Sahabalar:
“Bu Zeýnebiň ybadat edip ýadan wagty ýapyşýan ýüpi” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýok, ony çözüň! Sizden biri güýç-kuwwatly, ýadaw däl wagty namazyny okasyn, ýadaw we mejalsyz wagty ýatyp dynjyny alsyn” diýdi”.
"
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün meniň ýanymda Benu Esed (taýpasyndan) bir aýal bardy. Şol wagt hem Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň meniň ýanyma geldi we: “Bu aýal kim?” diýip sorady. Men: “Bu pylan aýal, gijelerine ýatmaýar” diýip, onuň namaz okaýşyny (öwüp) taryp edip başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda: “Indi, bes et! Güýjüňiziň ýetýän amallaryny ediň. Çünki, tä siz (ýadap) irýänçäňiz Allah irýän däldir” diýdi.
Abdulla ibn ‘Amr ibn ‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa şeýle diýdi: “Eý, Abdulla! Pylan adam ýaly bolma, ol hemişe gijelerine namaz okap, ybadat bilen geçirerdi, indi bolsa, ony terk etdi”.
Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Abdullah! Maňa seniň gijelerine namaz okap, gündizlerine-de agyz bekläp geçirýändigiňi habar berdiler?” diýdi. Men: “Hawa, men şeýle edýärin” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Muny etseň, gözleriň kütelişer we bedeniň ejizläp, gowşap galar. Elbetde, seniň bedeniň hem hak-hukugy bardyr, maşgalaňam haky bardyr. Şonuň üçin käwagt agyz beke, käwagt aç. Käwagtlar turda gije namaz oka, käwagtlar bolsa, ýat!” diýdi.
"‘Ubadata ibn Samitden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir adam gije ukudan oýanyp:
“Lä ilähä illlallahu wähdähu lä şärikä lähu, lähul-mulku, wälähul-hämdu, wähuwä ‘ala kulli şäýin kodir. Alhamdulillähi, wä subhanallahi, wä lä ilähä illallahu, wallahu akbär. Lä häwlä wälä kuwwätä illä billähi” (Allahdan başga (Hak ybadat edere) hiç hili hudaý ýokdur. Onuň diňe Özi bardyr, Onuň hiç hili şärigi ýokdur. Ähli mülk Onuňkydyr. Ähli öwgüler Oňa mahsusdyr. Onuň ähli zada güýji ýetýändir. Ähli öwgüler Allaha mahsusdyr. Allah ähli kemçiliklerden munezzehdir. Allahdan başga hiç hili hudaý ýokdur. Allah beýikdir. Allahdan başga hiç kimde güýç we kuwwat ýokdur!) – diýip, soňra yzyndan: “Allahumma-gfir-li!” (Allahym! Meni bagyşla!) diýse, ýa-da başga bir doga bilen Allaha ýüz tutsa, dogasy kabul ediler. Eger täret alyp namaz okasa, namazy kabul bolar”
"
"Habar berilmegine görä, bir gezek Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) adamlara gürrüň berýän kyssalarynyň birinde bir kyssany gürrüň beren wagty, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Abdulla ibn Rowahany (onuň goşgusyny) göz öňüne tutup: “Elbetde, siziň doganyňyz biderek bir söz diýmez” diýdi:
Resulullah aramyzda kitabyny okar,
Daň säheri galyp, ýagty saçanda.
Zalalalatdan soň ol bize hidaýat ýolun görkezdi
Ýüreklerimiz onuň aýdanlarynyň hakykatdygyny bildi.
Müşrikler çuňňur uka gidende,
Onuň bedenleri düşekden daşda bolup ýatar
"