Sälimden rowaýat edilmegine görä, onuň kakasy (Abdulla ibn Omar) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem saparda howlukmaç bolan wagty, agşam namazy bilen ýassy namazyny jem edip okardy”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ýola çykan wagty öýle namazy bilen ikindi namazyny, agşam namazy bilen hem ýassy namazyny jem edip okardy”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem saparda wagty agşam namazy bilen ýassy namazyny jem edip okardy”.
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň saparda howlugan wagty, agşam namazyny ýassy namazy bilen birleşdirip, jem edip okamak üçin gijikdirendigini gördüm”.
Sälim şeýle diýdi: “(Kakam) Abdulla ibn Omar hem (Allah olardan razy bolsun! saparda) howlugan wagty şeýle ederdi. (Ilki) agşam namazy üçin kamat aýdardy we ony üç rekagat edip okady, soňra (egnine) salam bererdi. Soňra biraz durup, ýassy namazy üçin kamat aýdardy we ony iki rekagat edip okardy, soňra (egnine) salam bererdi. Bu ikisiniň arasynda ýekeje rekagat namaz hem okamazdy. Ýassy namazyndan soňam, tä, gijäniň ýarymynda (tähejjud namazyna) turýança, ýekeje rekagat namaz hem okamazdy”.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem sapara çykan wagty şu iki namazyň arasyny ýagny, agşam namazy bilen ýassy namazyny jem ederdi”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem günortandan öň ýola düşen wagty öýle namazyny ikindi namazyna çenli gijikdirip, soňra ol ikisini jem ederdi. Egerde, günortandan soňa galsa, onda ilki öýle namazyny okardy, soňra ýola düşerdi”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem günortandan öň ýola düşen wagty öýle namazyny ikindi namazyna çenli gijikdirip, soňra (ulagyndan) düşüp, ol ikisini jem ederdi. Egerde, günortandan soňa galsa, onda ilki öýle namazyny okardy, soňra ýola düşerdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassa wagty, namazy öýünde okady. Ol namazyny oturyp okady, yzyndaky adamlar bolsa dik durup okadylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Oturyň!” diýip yşarat etdi. Namazyny okap bolandan soň: “Ymam, diňe oňa uýmak üçin bellenýändir. Eger (ymam) rukuga gitse, siz hem gidiň, başyny galdyrsa, siz hem galdyryň!” diýdi.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem atdan ýykylyp, (sag tarapyny) sypjyrtdy. Biz Ony soramak üçin ýanyna girdik. Şol wagt hem namazyň wagty boldy. Ol oturyp namaz okady, bizem oturyp okadyk. (Namazyny okap bolandan soň) şeýle diýdi: “Elbetde, ymam oňa uýmak üçin bellenýändir. Ymam: “Allahu Akbär” diýse, sizem “Allahu Akbär” diýiň. Rukuga gitse, sizem rukug gidiň, başyny galdyrsa, sizem galdyryň. Ymam: “Sämi’allahu limän hämidäh” diýse, siz: “Robbänä wä läkäl-hämd” diýiň”.
‘Ymran ibn Husoýndan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden oturyp namaz okaýan adam hakynda soradym. Ol şeýle diýdi: “Dik durup namaz okasa, bu onuň üçin has gowusydyr. Oturyp okan adama, dik durup okan adamyň ýarty sogaby beriler. Ýatyp okan adama bolsa, oturyp okan adamyň ýarty sogaby beriler”.