Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Aýal maşgala mahramy (ýakyn garyndaşy) bolmazdan üç günlük ýola çykmaz.”
. Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Zenan maşgala mahramy (ýakyn garyndaşy) bolmazdan üç günlük ýola çykmaz.”
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allaha we Ahyret gününe iman eden bir aýalyň, ýanynda mähremi (nika düşmeýän ýakyny) bolmazdan bir gije-gündizlik ýola sapara çykmaklygy halal däldir”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Medinede öýle namazyny dört rekagat okadym, Zul-Hüleýfada bolsa iki rekagat okadym.”
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ilkibaşda namaz parz edilende, iki rekagatdan parz edildi. Soňra saparda okalýan namazlar (şol iki rekagatlygyna) goýuldy. Emma (hemişelik) ýaşaýan ýerinde, (ýagny öýde) okalýan namazlar bolsa köpeldildi”.
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň saparda howlugan wagty, agşam namazyny ýassy namazy bilen birleşdirip (bir wagtda) okamak üçin yza süýşürendigini gördüm”.
Sälim şeýle diýdi: “(Kakam) Abdulla ibn Omar hem (Allah olardan razy bolsun! saparda) howlugan wagty şeýle ederdi”.
"
"Ibn Şihäbden rowaýat edilmegine görä, Sälim (Ibn Abdulla ibn Omar) şeýle diýdi: “(Kakam) Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) agşam namazy bilen ýassy namazyny Muzdelifede birleşdirip (jemg edip, bir wagtda) okardy”.
Sälim şeýle diýdi: “Bir gün (Abdulla ibn Omaryň) aýaly Safiýa bint Ebu ‘Ubaýdyň ölli habary gelende, Ibn Omar agşam namazyny gijikdiripdi. Men oňa: “Namaz!” diýip (namazy ýatlatdym), ýöne ol: “Ýöre!” diýdi. Men (ýene): “Namaz!” diýdim, ol (ýene-de): “Ýöre!” diýdi. Iki ýa-da üç mil ýol ýöränsoň, düşüp, (jemg edip) okady. Soňra bolsa: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (ýolda) howlukmaç bolan wagty şeýleräk namaz okanyny gördüm” diýdi.
Abdulla şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ýolda) howlukmaç bolan wagty agşam namazyny gijikdirip, üç rekagat okap, soňra (egnine) salam berenini gördüm. Az salymdan soň bolsa, ýassy namazyna kamat aýdylardy we ony iki rekagat edip okardy we soňra (egnine) salam bererdi. Ýassy namazyndan soň bolsa, gijäniň ýarymynda turýança, hiç bir namaz okamazdy”.
"
‘Amir ibn Rabi‘adan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň düýesiniň üstünde oturyp, düýesi haýsy tarapa öwrülse, şol tarapa seredip namaz okanyny görüpdim”.
Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem atyň, düýäň üstünde oturyp, kybladan başga tarapa ýüzlenip hem nepil namaz okardy”.
Nafi’dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun), düýesiniň üstünde oturyp namaz okardy, hatda onuň üstünde witr namazyny hem okardy we ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem şeýdip okardy diýip habar berdi”.