Zeýd ibn Halid Aj-Juhaniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden lukata, (ýagny tapylan zadyň hökümi) hakda sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “(Ilki bilen tapylan zadyň daşyndaky daňlan) ýüpüni ýa-da (daşyndaky) gabyny bil-de, ony tapandygyň barada bir ýyllap yglan et. Şondan soň, (eger eýesi gelmese), ony ulanyp bilersiň. Eger-de eýesi geläýse, ony yzyna gaýtaryp ber” diýdi. Ol adam ýene-de “Azaşan düýäni (näme etmeli?)” diýip sorady. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle bir gahary geldi welin, gaharyndan ýaňa ýaňaklary gyzaryp gitdi (ýa-da ýüzi gyzaryp gitdi diýdi) we Ol şeýle diýdi: “Seniň onuň bilen näme işiň bar?! Onuň suw saklaýan örküji, (aýagynda) toýnaklary bar ahyryn. Onuň özi suwa geler, (özi otlap) agaçlardan iýer. Şonuň üçin tä ony eýesi tapýança, oňa degme!” diýdi. Soňra ol adam ýene-de “Azaşan goýuny (näme etmeli?)” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) oňa “Ol seniňki ýa doganyňky ýa-da möjegiňkidir” diýdi.
"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün adamlar) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden halamaýan käbir zatlary hakynda sorag berip başladylar. Şeýle soraglaryň köp berlendigi sebäpli, Onuň gahary geldi. Soňra adamlara ýüzlenip:
–Islän zadyňyz hakynda soraň? diýdi.
Bir adam ondan:
–Meniň kakam kim? diýdi.
–Seniň kakaň – Huzafa. Ýene bir adam ýerinden turup:
–Ýa Resulullah! Meniň kakam kim? diýdi.
–Seniň kakaň Şeýbeden azat edilen Sälimdir, diýdi.
Haçan-da Omar (ibn Hattab) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýüzündäki gahary görende: “Ýa Resulullah! Biz Gudraty güýçli we Beýik Allaha toba edýäris” diýdi."
"Az-Zuhriden rowaýat edilmegine görä, Enes ibn Mälik maňa şeýle habar berdi diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (soraglara jogap bermek üçin) adamlaryň öňüne geçdi. Abdulla ibn Huzafa ýerinden turup:
– (Ýa Resulullah!) Meniň kakam kim? diýip sorady.
– Seniň kakaň – Huzafa, diýdi.
Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara) “Menden soraberiň” diýip (bu sözüni) köp gaýtalap başlady. Şonda Omar iki dyzyna çöküp şeýle diýdi: “Biz Allahy Robb (Perwerdigär), Yslamy din we Muhammedi bolsa pygamber hökmünde (kabul edip) razy bolduk!”. (Şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) gürlemän dymyp durdy”."
Enesden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bir adama) salam berende üç gezek salam bererdi we (adamlara) bir söz aýdan wagty ony üç gezek gaýtalap aýdardy”.
Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir zat gürrüň beren wagty, aýdýan sözleri düşnükli bolar ýaly, sözlerini üç sapar gaýtalardy. Bir kowumyň ýanyna baryp salam berende, olara üç sapar salam bererdi”.
"Abdulla ibn Amrdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen sapara çykanymyzda, Ol bizden yza galdy. Ikindi namazynyň wagty gelende biziň yzymyzdan ýetdi. Biz täret alyp durduk. Aýaklarymyza mesh edip başladyk. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) bar güýji bilen:
“Dowzahda ýanjak ökjeleriň waý gününe!” diýip, iki-üç gezek gaýtalap gygyrdy”."
Ebu Burda kakasy Ebu Musa El-Aş’arydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sogaplary iki esseden ýazylýan üç hili adam bardyr, olaryň (birinjisi): Ähli kitapdan (ýewreý we hristiýanlardan) bolup, öz pygamberine hem-de Muhammed (sallallahu aleýhi weselleme) iman eden adam. (Ikinjisi) Allahyň hakyny we hojaýynynyň hakyny berjaý eden gul. (Üçünjisi bolsa) gyrnagy bar bolup, ony gowy terbiýeläp we oňa gowy ylym berip, soňra hem ony azat edip, oňa öýlenen adam. Onuň üçin hem iki esse sogap bolar”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjitde wagyz-nesihat edenden soň) çykyp, Bilal bilen bilelikde, aýdan zatlaryny eşiden däldir öýdüp, (aýallaryň ýanyna bardy). Olara wagyz-nesihat edip, sadaka bermeklerini emr etdi. Aýallar gulaklaryndaky gulakhalkalaryny, ýüzüklerini (çykaryp orta) zyňyp başladylar. Bilal bolsa olaryň (zyňan zatlaryny) eşiginiň etegine ýygnap başlady”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men “Ýa Resulullah! Kyýamat gününde adamlaryň içinde siziň şepagatyňyzdan (peýdalanjak) iň bagtly adam kim bolar?” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ey, Ebu Hureýre, seniň hadys öwrenmäge şeýle yhlas edişiňi görenimde, bu soragy senden öň hiç kim soramaz öýdüp pikir edipdim. Kyýamat güni adamlaryň içinde Meniň şepagatymdan (peýdalanjak) iň bagtly adam çyn ýürekden ýa-da içinden yhlas bilen “Lä ilähä illallah!” diýen adamdyr diýip jogap berdi”.
"Abdulla ibn ‘Amr Ibnul-‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim” diýipdir:
“Allah ylmy bendeleriň (ýatlaryndan, beýnilerinden) aýyrmak bilen däl-de, alym adamlary (öldürip) ortadan aýyrmak bilen, ylmy alar. Netijede, ortada hiç bir alym goýmaz. Adamlar nadan (ylymsyz) adamlary özlerine ýolbaşçy ederler. Olardan käbir soraglar soralanda, ylymsyz jogap (petwa) bererler. Şeýlelikde, hem özlerini, hem-de başgalaryny azaşdyrarlar”."