Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Jennetiler Jennete, dowzahylar bolsa dowzaha girenlerinden soň, Allah Tagala “Kalbynda hardal dänesi ýaly imany (haýyr bar) bolan adamy dowzahdan çykaryň!” diýer. Olar dowzahdan gap-gara köýük bolup giden hallarynda çykarylyp, Haýa ýa-da Haýat derýasyna taşlanar. Olar edil sil akymynyň gapdallaryndaky bitýän (reýhan) tohumlarynyň (çalt depginde) ösüp çykyşy ýaly ösüp çykarlar. Eýsem, sen olaryň (ýeriň aşagyndan) sary (baldaklary) bükülen hallarynda çykyşlaryny görmediňmi?” diýdi.