Ymran ibn Husoýyn Al-Huzagydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlar bilen namaz okaman ýeke özi bir gyrada duran bir adamy gördi we oňa “Eý, pylany! Adamlar bilen bile namaz okamaga saňa näme päsgel berdi?” diýip, sorady. Ol “Ýa Resulallah! Men junub boldum, suwam ýok” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) oňa “(Şeýle ýagdaýlarda suwuň ýerine) arassa toprakdan peýdalanaý, şol saňa ýeterlik bolar!” diýdi.