21

14-nji bap

21

14-nji bap

21

14-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kimde şu üç häsiýet bar bolsa, ol adam imanyň lezzetini duýup biler: (Birinjisi) Allahy we Onuň Resulyny hemme zatdan artyk söýýän adam. (Ikinjisi) bir bendäni diňe Allahyň razylygy üçin gowy gören adam. (Üçünjisi) Allah bir adamy kapyrlykdan halas edenden soňra, ýene-de kapyrlyga gaýdyp barmaklygy oda atylmak ýaly ýaman gören adam”.

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنْ قَتَادَةَ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «ثَلاَثٌ مَنْ كُنَّ فِيهِ وَجَدَ حَلاَوَةَ الإِيمَانِ: مَنْ كَانَ اللَّهُ وَرَسُولُهُ أَحَبَّ إِلَيْهِ مِمَّا سِوَاهُمَا، وَمَنْ أَحَبَّ عَبْدًا لاَ يُحِبُّهُ إِلَّا لِلَّهِ عَزَّ وَجَلَّ، وَمَنْ يَكْرَهُ أَنْ يَعُودَ فِي الكُفْرِ، بَعْدَ إِذْ أَنْقَذَهُ اللَّهُ، مِنْهُ كَمَا يَكْرَهُ أَنْ يُلْقَى فِي النَّارِ «.