"Umm ‘Atyýýadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Goý, ýaş gyzlar we perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlar, şeýle hem (aýbaşylary gelýän) aýallar (öýlerinden) çykyp, haýyr işlere we mu’minleriň edýän doga-dileglerine gatnaşsynlar, ýöne haýyzly aýallar namaz okalýan ýerden uzagyrakda dursynlar!” diýdi.
Ummu ‘Atyýýadan “Haýyzly aýallara-da diýýärsiňmi?” diýip soradylar. Ol “Hawa, eýsem, olar Arafada we pylan-pylan ýerlerde durmaýarlarmy näme?” diýdi.
"