Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Fatyma bint Ebu Hubeýşiň dowamly gany gitme (keseli) bardy. Ol bu hakda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Ýok, bu eýýäm aýbaşy gany däl-de, damar ganydyr. Haçan-da, hakyky aýbaşy döwrüň gelip başlan wagtynda namazyňy okama. (Aýbaşy döwrüň wagty) gutarandan soň bolsa, ýuwun-da, namazyňy oka!” diýdi.